Onda şeýle...

Bize manysy duýgudan güýçli, duýgusy manydan güýçli goşgular gerek.
Gurbannazar Ezizow

Gowy ýazyp öwrenseň – gowy ýazarsyň, ýöne goşgy barha kyn düşer.
Kerim Gurbannepesow

Paýhasly beýikler hasam beýgelsin.
Abylkasym Firdöwsi

Talantsyzlar öz gününi görer,
talantlary aýaň!
Ýewtuşenko

Ýüreksize ýürek berip bolmaz.
J.Baýron

Bu dünýäde diňe öz abraýyny ünji
edinmeýän awtor bagtlydyr.
Irwing, amerikan ýazyjysy.

Kisesinde müşki-anbary bolan «Müşki-anbarym bar» diýip jar çekmez. Onuň barlygyny burky habar biýr.
Sagdy

Eger-de sen gözlemeseň, başgalar
taparlar.
Robert Oppengeýme

Duýgusyz adamlaryň öňünde oýnanyňdan, boş oturgyçlaryň
öňünde çykyş edeniň has gowy.
Aleks Ginnes, iňlis aktýory

Sungatyň maksady tebigaty bolşy ýaly suratlandyrmak
däl-de, ony açyp görkezmekdir. Onore de Balzak

Haçan-da bolsa, sen dogry iş etseň, muny hiç kim ýatlamaýar.
Ýalňyşsaň welin, hiç kim ony unutmaýar. Wiktor Gýugo

Kim gowy görülýän bolsa, şol adamdan öwrenilýär.
I.Gýote

Neneňsi kitap okaýanlygy bilen adamy mydama tanap bolýar.
S.Smaýls

Adam her gün bir aýdymjyk diňlemeli, gowy çekilen suraty synlamaly,
mümkin bolsa, haýsydyr bir parasatly sözlemi okamaly. I.Gýote

Se­niň öňüň­de dur­ýan il­kin­ji bor­juň öz-özü­ňi bagt­ly et­mek bor­juň­dyr. Eger se­niň özüň bagt­ly bol­saň, on­da sen beý­le­ki­le­ri hem bagt­ly edip bi­ler­siň. L.Feýerbah

Owadanlyk bilen gözelligi
tapawutlandyryp bilmek gerek.
Nikolaý Berdýaýew

Gözellik her ýaşda bir keşbe girýär.
Aristotel

— Surat çekmek şeýle kynmy?
— Surat çekmek şeýle aňsat
ýa-da asla mümkin däl.
Salwador Dali

Adamyň ady — onuň üçin, haýsy dilde bolsa-da, iň ýakymly hem süýji söz.
Deýl Karnegi

Zehiniň esasy alamaty — adamyň
özüniň näme isleýänini anyk bilmegi.
Petr Kapisa

Düşündirmek — bu, köplenç, özüňi ak
lamak.
Bertold Breh.

Akylly söz gamgyn göwni bejerer.
Menandr

Sözüň gözsüzlere göz bolsun.
Ýusup Balasagunly

Söz beýik güýç — ol ynandyrýar,
üns berdirýär, mejbur edýär.
Baltasar Grasian

Hakyky dilewarlyk — ähli zady
aýtmak we ýekeje-de artyk söz
sözlemezlik.
Loraşfuka

Meniň bütin ömrüm üçin poeziýa —
mukaddes duz.
Resul Gamzatow
3 лайков 127 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ROWSEN
08 июн 2022, 22:23
Ellerine saglyk
Hiayress
08 июн 2022, 22:29
"Se­niň öňüň­de dur­ýan il­kin­ji bor­juň öz-özü­ňi bagt­ly et­mek bor­juň­dyr. Eger se­niň özüň bagt­ly bol­saň, on­da sen beý­le­ki­le­ri hem bagt­ly edip bi­ler­siň."
L.Feýerbah


Özüni bagtly edip bilmedik ynsan özgeleri bagtly edip bilmez.

Bagtlylardan bagtlylygy öwrenmeli.

Baýlyk - bu maddy barlyk dälde, köňül baýlygydyr.

Bagtly adamlaryň hemmesi birmeňzeş bagtly.
Ötegçi
08 июн 2022, 22:43
Talantsyzlar öz gününi görer, 
talantlary aýaň!
Ýewtuşenko
kynda ýöne... talantlylañ özem özüni aýap ýörenoklar