Guý ýagyş

Guý ýagyş, ýürekler ylhamdan dolsun,
Hoş bolsun özünden, goý, mawy asman.
Oýlap görüň, neneňsi bor söwer ýar,
Gitse eger aşygyna sataşman.

Aýdylşyna görä, has ozaldanam,
Aşykmyşyn, bir-birine asman, Ýer.
Şeýdip ýagýan ýagyşlara döneýin,
Gör-ä, onuň gülleri-de mydam ter.

Penjiräň öňünden aýrylyp bilmän
durun, ýagyş entek diňip bilenok.
Bagyşlan bolsa-da özün topraga,
Meger, didaryndan doýup bilenok.

Saçlarymyň towun ezip, jompuldap,
Ýagan çagyň men öňlerem joşardym.
Ganatlarym ýaýyp-ýaýyp howada,
Gaýalardan gaýalara aşardym.

Ýagsana, ýagsana, ýagsana, ýagyş,
Asmanyň söýgüsin ýere ýetirip.
Men şeýle duýgyny başdan geçirýän,
Öz söýgümi tapan çagym ýitirip.

...Gözüm gidýär söýgüsine Zeminiň,
Gözüm gidýär — yşka düşmüş gök asman.
Ýagyber sen, ýagyş, düşündim saňa,
Neneň bolar, gitsem ýara sataşman?!

Ogultäç Oraztaganowa.
3 лайков 112 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Senyorita.
Автор 09 июн 2022, 09:19
Bu gün klasdaş gyzymyň toýudy welin, kiçikä kesmek iýäýipdir öýdýän :)
Waleryanka
09 июн 2022, 09:34
senyorita.,
A biz tarapda kesmek iýseň toýuňda gar ýagar diýilýärdi.Men-ä şo wagtlaram erbet ekenim.Tomusda çykaýaryn diýýärdim.
Senyorita.
Автор 09 июн 2022, 10:00
Waleryanka,
Tomusda gar ýagdyraýmaň birden :))