Ýyllar...

Ýyllar...

Ýyllaryñ geçerne howlugardym öñ,
Indi arzuwlaýan yza teserin.
Tesmeýär ol,diñe hakydamyzda,
Ýazyjy deý,goýup gidýär eserin.

Ýöne,ol eserleñ galam hakyna,
Alyp gitdi juwanlygyñ heserin.
Şoñ üçinem giç bolmaka agtaryp,
Geçip giden ýyllaryñ iñ ýeserin.

Bimany ýyllary ýüñ ýaly egrip,
Ele alyp kämilligiñ keserin.
Dokamaly bir halym bar,oñ üçin,
Kalbym-a erişdir,argajy sïerim.

Düşelgesi bolmaz ýaly düşeksiz,
Toprakdan topraga gitmeli ýeriñ.
Onuñ göllerini haýyrdan çitip,
Gyryp synny bilen tanapyn şeriñ.

Dokap bilsem islegimçe nagyşlap,
Ýeke-ýalñyz,"Ömür"atly eserim.
Geçip barýan ýyllañ yzyndan garap,
Isläp durman biraz yza teserin.

Gyzylgül Annagylyjowa
5 лайков 121 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
09 июн 2022, 12:34
Tüweleme! Elleriňize güller bitsin. Gowy meňzetme. Ömrüň hala meňzemegi. Yhlas siňdirip dokap barýan halymyz (ömrümiz) abraýly, imanly bolsun-da.
Hiayress
09 июн 2022, 13:16
Şahyrana goşgy, berekella!