Ejeli ýyllaryň gadyryny biliň
"Gel diýse" zer berjek uzak menzilleň,
Dogumlylyk bilen kalbyny diliň,
Hiç zat bahasyna ýetmez şol günleň,
Ejeli ýyllaryň gadyryny biliň!
Dertlere derman kän, emma barysy,
Ýerin tutup bilmez mähriban eliň.
"Ýitmesin" diýseňiz ömür manysy,
Ejeli ýyllaryň gadyryny biliň!
Bar wagtynda sylaň, bar wagty ogşaň,
Soň öpseň-de geçmez toprakdan demiň.
Tämiz didesinde galmasyn nogsan,
Ejeli ýyllaryň gadyryny biliň!
Dogumlylyk bilen kalbyny diliň,
Hiç zat bahasyna ýetmez şol günleň,
Ejeli ýyllaryň gadyryny biliň!
Dertlere derman kän, emma barysy,
Ýerin tutup bilmez mähriban eliň.
"Ýitmesin" diýseňiz ömür manysy,
Ejeli ýyllaryň gadyryny biliň!
Bar wagtynda sylaň, bar wagty ogşaň,
Soň öpseň-de geçmez toprakdan demiň.
Tämiz didesinde galmasyn nogsan,
Ejeli ýyllaryň gadyryny biliň!
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.