Kim näme dilejek?

Ýaşuly, ýaş kiçi,
Birtopar kişi –
Adamdan doludy
Otagyň içi.
Boşady bäş sanak
Palawly çanak.
Çanaklaň deregne
Aýlandy çäýnek.
Gök çaýyň başynda
Gyzyşdy gürrüň:
“Plan ýerden, awdan
Gelýärdim bir gün.
Goýberdim tazyny
Uçurdym guşy…”
Garaz, agyrdyldy
Müň gepiň başy.
Gürrüňiň az-owlak
Gaçyşyp duzy,
Anekdota ýazdy
Gürrüňiň yzy.
Onýança ýerinden
turdy-da Oraz Diýdi:
“Bolsady hem ekeliň biraz.
Ynha, bar aýdaly, meselem, häzir,
Tamyň depesinden gelip bir owaz,
“Bir uly dilegňi bitirjek!” diýse,
Näme dilärdiňiz, adamlar, eýse?
Meselem, sen näme dilärdiň, Geldi?”
-Menmi? Gök WOLGALY lotereý bildi.
-Hany diý, sen näme dilärdiň, Kemal?
-Uzyn boý, ak ýüzli bir sahypjemal.
-Ýeri, sen nämejik dilärdiň, Pena?
-Bir oguljyk bolsa, oňardym menä.
-Ýeri seň dilegiň nämedir, çakmak?
-Meňkimi? Jahana aýlanyp çykmak.
-Saňa näme gerek aý ýadaw ýigit?
-Ölýänçäm iýjegim bolaýsa mugut...
-Ýeri sen dilegsiz oňjakmy Çary?
-Bir oňat goňşynyň zary men zary.
-A-how seň dilegiň nämedir, Bäşim?
-Elliden ýigrimä geläýse ýaşym...
Garasaý ekildi bolsada bary,
Biri ömür baky ýaşlyk diledi.
Biri palowdan soň çişlik diledi
Bir ýigit (student bolara çemli)
Ertir fizikadan bäşlik diledi.
Käsi agtyk, käsi çowluk diledi,
Käsi çowlukdan soň ýuwlyk diledi.
Käsi dosty üçin saglyk dilese,
Käsi özi üçin saglyk diledi. Biri (meger oglun öýlendirjekdir)
Gyňaçlyk on sany ýaglyk diledi.
Aý garaz hemme zat dilenip çykdy
Gök WOLGAdan başlap GYŇAJA çenli.
Ýöne weli akyl dilän bolmady...
Akyldan kösenýän ýok bora çemli.


Kerim Gurbannepesow
7 лайков 137 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
09 июн 2022, 14:29
Ölüm dilärdim, hiç ölip bilmän geçdim)
Ayjahan
09 июн 2022, 15:24
- Dani,
Ölüp bilmän geçseňem birhili gorkunja iň soňunda ahyrýetde hemme ölse dünýäde sen galarsyň
Ayjahan
09 июн 2022, 15:25
Goşgyň başy gowy eken. Mamamlar, toýlar ýadyma düşdi)) Men bagt dilärdim)
- Dani
09 июн 2022, 15:51
AySa
- Dani,
Ölüp bilmän geçseňem birhili gorkunja iň soňunda ahyrýetde hemme ölse dünýäde sen galarsyň

men nm diýýän sen nm diýýäň...... atuw
My life
09 июн 2022, 16:21
Kerim agañ goshgulary gaty gowy.
Ayjahan
09 июн 2022, 16:32
- Dani,
namee
Babahanowa_g
09 июн 2022, 19:11
Kerim aganyn gosgularynyn barysy dusnukli we gyzykly
+++++