Enäniñ ogluna haty
Elinde bir tagta kagyzy bardyr,
Onuňam bir ýüzü drobdan doly.
Ýazarsyň: “Köpden köp dogaýy salam”
Gözel eje bolsa dymýandyr häli,
“Salamdan soň diýjek sözüm: “eý oglum”
Soň bakarsyň Gözel ejäň ýüzüne,
A ol bolsa geplemezden öňürti,
Ellerini ýetir eýýam gözüne.
--Ýaz oglum,-- diýende sandyrar sesi.
--Ýaz : “Balam, sag bolsaň
Gurgundyr eneň,
Aýagyň üşemän durýarmy, körpäm,
Gulakjynyň barmy, iýmitiň neneň?
Menem birgada-da aşbazlyk edýän
Tüwümizem şükir, gelipdir buka.
Üşän bolsaň çokaý bilen dolagyň,
Iberäýsek elin gowyşmazmykan?
Balm sen süzmäni gowy görýänsiň,
Gurt seripjik goýdym ibererin tiz...
Ýoldaşlaryň bilen oňşuklyja bol,
Gygyrşyp, sögüşip ýörmegil hergiz”
Geçersiň kagyzyň beýle ýüzüne,
Ol bolsa dolydyr ady dropdan
Gözel eje bolsa söz açar indi
Täze bir temadan-täze bir bapdan.
“Aman gelseň menem seni öýersem,
Onsoň arman galmaz garry eneňde.
Kakaň pahyryň şo-ol gyrmyzy donyn
Berjek oglym kim buşlasa geleňde”
Şeýdip hat ýazdyrar günde-günaşa
Emma ýarym ýyldyr-hat ýok ogyldan,
Teý bolmansoň ýene bir hat ýazdydy:
“Jan oglym, dünýäde bar bolsaň –
Dillen”
Ahhhhhh! Diri bolmaly dillenmek üçin,
Emma körpe ogul dünýäde ýokdy.
Ene bu hakyky ajy habary
Ynanjak bolsada-teý bolanokdy.
Ol diýerdi “ýok, ýok. Diridir balam,
Ilki ene duýýar-ölse balasy”
....Gel, indi edebiýat teoriýasy!
Ýetiş, eý şahyryň giperbolasy!
Frontda duşmanyň okyndan ölen
Körpe ogly indi direltmelimi?..
Ah! Sen enter-pelegmizi öwürdüň,
On sekiz ýaşdaky ogluň ölümi.
B.Hudaýnazarow
Onuňam bir ýüzü drobdan doly.
Ýazarsyň: “Köpden köp dogaýy salam”
Gözel eje bolsa dymýandyr häli,
“Salamdan soň diýjek sözüm: “eý oglum”
Soň bakarsyň Gözel ejäň ýüzüne,
A ol bolsa geplemezden öňürti,
Ellerini ýetir eýýam gözüne.
--Ýaz oglum,-- diýende sandyrar sesi.
--Ýaz : “Balam, sag bolsaň
Gurgundyr eneň,
Aýagyň üşemän durýarmy, körpäm,
Gulakjynyň barmy, iýmitiň neneň?
Menem birgada-da aşbazlyk edýän
Tüwümizem şükir, gelipdir buka.
Üşän bolsaň çokaý bilen dolagyň,
Iberäýsek elin gowyşmazmykan?
Balm sen süzmäni gowy görýänsiň,
Gurt seripjik goýdym ibererin tiz...
Ýoldaşlaryň bilen oňşuklyja bol,
Gygyrşyp, sögüşip ýörmegil hergiz”
Geçersiň kagyzyň beýle ýüzüne,
Ol bolsa dolydyr ady dropdan
Gözel eje bolsa söz açar indi
Täze bir temadan-täze bir bapdan.
“Aman gelseň menem seni öýersem,
Onsoň arman galmaz garry eneňde.
Kakaň pahyryň şo-ol gyrmyzy donyn
Berjek oglym kim buşlasa geleňde”
Şeýdip hat ýazdyrar günde-günaşa
Emma ýarym ýyldyr-hat ýok ogyldan,
Teý bolmansoň ýene bir hat ýazdydy:
“Jan oglym, dünýäde bar bolsaň –
Dillen”
Ahhhhhh! Diri bolmaly dillenmek üçin,
Emma körpe ogul dünýäde ýokdy.
Ene bu hakyky ajy habary
Ynanjak bolsada-teý bolanokdy.
Ol diýerdi “ýok, ýok. Diridir balam,
Ilki ene duýýar-ölse balasy”
....Gel, indi edebiýat teoriýasy!
Ýetiş, eý şahyryň giperbolasy!
Frontda duşmanyň okyndan ölen
Körpe ogly indi direltmelimi?..
Ah! Sen enter-pelegmizi öwürdüň,
On sekiz ýaşdaky ogluň ölümi.
B.Hudaýnazarow
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.