Gabanma

GABANMA
Nirä baksam, gysganýarsyň gözlerim,
Çynyň bilen meni beýle gabanma!
Diňe saňa bagş eýledim näzlermi,
Çynyň bilen meni beýle gabanma!

Sözümde ýalan ýok, söýýänme ynan,
Söýgi berkemeýär bolmasa ynam.
Joşgunly kalbymy talaňa salan,
Çynyň bilen meni beýle gabanma!

Dünýe ýaly giň kalbymyň şasy sen,
Bu gudratly ylhamymyň joşy sen,
Şatlygym sen, gözlerimiň ýaşy sen,
Çynyň bilen meni beýle gabanma!

Sen diýip gursakda gürsüldär çepim,
Beýiklerden synla dünýäniň çetin,
Eger men gabansam, bolmaýar çakyň,
Çynyň bilen meni beýle gabanma!
0 лайков 86 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.