ÝATLAMA

Gözýetimde Gün gizlenen çagynda,
Ýyldyzlar doganda hatar-hatarly,
Yzymda ullakan tozan turuzyp,
Köçäňizden köp gatnardym motorly.

Ýöne bir gatnamak bolsa ne ýagşy,
Seni görjek bolup, bolardym harap.
Käte gabat geläýseňem,
il-günden
çekinip, oňardyň gytajyk garap.

Öýňüze garawul bordum käteler
(Ýöne agaň hemişelik sakçydy).
Hernäçe bukdaklap gezenem bolsam,
Wah, şo gije agaň meni gapjady...

Ählije kynçylyk unudylardy,
Düýnki gaçyş durmazdy hem ýatlanyp.
Garaňky gatlyşsa, ýene siz taýa
Ýelk ýasardym motoryma atlanyp.

2014ý.

Sapa HOMMADOW
6 лайков 139 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Margarita
16 июн 2022, 15:24
Jemleme ýylgyrtdy. :)