"Dowla düşüberýär käte ýüregim..."

Syrly dünýäň syrlaryny açmana
Gözläp müň sowala jogabyň birin,
Ýan bermezek duýgularma baş bermän,
Men-ä özüm bilen göreşip ýörün.

Ýüregme sygmaýan setirlerimden
Halas et, eý yşkym, aýan et derdim!
Belki, çaklaýşyňdan ejizdirin men —
Kalpdaky söýgini beýan ederden.

Ýakymlyja owaz gelýär nireden?!
Duýgularmy goýanok öz erkine.
Dowla düşüberýär käte ýüregim,
Gör, bu şygyr başardanok her kime!

2018ý.

@Esma
10 лайков 245 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Margarita
16 июн 2022, 15:18
Gowy ýazýaňyz goşgylarňyzy, ýöne az paýlaşýaňyz, Esma?!
Esma
Автор 16 июн 2022, 15:27
Margarita
Gowy ýazýaňyz goşgylarňyzy, ýöne az paýlaşýaňyz, Esma?!

Nesip bolsa, paýlaşaryn joram. Oba durmuşy, şeýle-şeýle işler köpüräk. Ýazasym gelýän, paýlaşasym gelýänlerim kän welin...
Köp sag boluň ünsüňize. :)
Telwas
16 июн 2022, 15:49
Esma uýam berekella!
Goşgularyň dowamaty-dowam bolsun! Ýene ýakymly sesiňiz bilen, goşgylaryňyzy okap ses ýazgysyny ugratsaňyz, şat bolardym. :)
Şagyzy Şazada
16 июн 2022, 16:09
Berekella!Esma jora goşgularyňda mundan beýläkde üstünlik dileýän brawo bahaber sps saňada şu stikerler gelişer 1nji
Esma
Автор 16 июн 2022, 16:30
Nirvana
Esma uýam berekella!
Goşgularyň dowamaty-dowam bolsun! Ýene ýakymly sesiňiz bilen, goşgylaryňyzy okap ses ýazgysyny ugratsaňyz, şat bolardym. :)

Taňryýalkasyn joram! Köp sag bol. Hökman :) Goşgularymy ýazgy etsem ugradaryn nesip bolsa.
Esma
Автор 16 июн 2022, 16:31
Şagyzy Şazada,
Minnetdar uýam!
Pegas
16 июн 2022, 16:37
bahaber maladys.
Esma
Автор 16 июн 2022, 16:39
Goşgyny redaktirläne köp sag bolsun!
Esma
Автор 16 июн 2022, 16:42
Pegas
bahaber maladys.

:)) Üýtgeşik goşgam däl-le...
Pegas
16 июн 2022, 16:50
Esma
Pegas
bahaber maladys.

:)) Üýtgeşik goşgam däl-le...

Men üýtgeşik diýmedim))
Esma
Автор 16 июн 2022, 16:53
Pegas
Esma
Pegas
bahaber maladys.

:)) Üýtgeşik goşgam däl-le...

Men üýtgeşik diýmedim))

Wi, şeýlemi ýa? Bolýa onda. :))
My life
16 июн 2022, 17:02
Gysgada bolsa gowja goshgy, dowamly bolsyn.
Massimus
16 июн 2022, 17:34
1nji spsminnetdar gowy ýazylan
Esma
Автор 16 июн 2022, 17:56
My life,
Massimus,
Köp sag boluň!
CHYRAG
16 июн 2022, 18:21
Uytgeshik gosgy)
the_end
16 июн 2022, 21:32
мена хич зат дийжек дал,гошгы хакында
Gumly gelin
16 июн 2022, 22:41
Ýürege sygýan zatlar ýüregiñde galýar uýamjan.A ýürege sygmaýan zatlar gošgy bolýar-da köp-köp ýüreklere teselli berýär.Ylhamyña bereket uýam!
Esma
Автор 16 июн 2022, 23:21
Gumly gelin,
Minnetdar gelneje. Taňryýalkasyn!
Aýsere
16 июн 2022, 23:38
the_end
мена хич зат дийжек дал,гошгы хакында

Näme üçin puo?