"Durmuş–göreş"
Durmuş–göreş" diýen wagtyň çagakam,
Gülmekdenem gaýdamokdym, eje jan!
Sypalap ukladan gara gözleriň,
Ýaşa dolar öýdemokdym, eje jan!
Paltam daşa degen çagy, içimi,
hümletmekden özge çäre tapmaýan.
Begendirjek bolup özüm özümi,
Wah, nämedir bir zatlary toslaýan.
"Duş gelse ýürekdeş biri, arzymy,
şoňa aýtjak" diýip, garaşyp ýörün.
Saçyma ak girip başlan bolsa-da,
Eje, men entegem göreşip ýörün.
"Indi biraz salkyn düşdi" diýilýän
bolsa-da ýüregim lowlaýa, ýanýa.
Kim geçeni geçdi bilýä, meň bolsa
ýüregim ählisin kagyza ýazýa.
Bardy-geldi eger biri durmuşyň
göreşdigin ýaňzydaýsa, dymmaryn.
Çünki gara başy iki ýan çaýkap,
Agyrdygyn bilýärin men dymmagyň!
Bozup aradaky serhetleň baryn,
Gel, oturyp söhbet, geňeş edeli!
Käbäm, indi-indi düşünjek bolýan,
Aýdyşyň deý, durmuş göreş ekeni.
Ogultäç ORAZTAGANOWA
Gülmekdenem gaýdamokdym, eje jan!
Sypalap ukladan gara gözleriň,
Ýaşa dolar öýdemokdym, eje jan!
Paltam daşa degen çagy, içimi,
hümletmekden özge çäre tapmaýan.
Begendirjek bolup özüm özümi,
Wah, nämedir bir zatlary toslaýan.
"Duş gelse ýürekdeş biri, arzymy,
şoňa aýtjak" diýip, garaşyp ýörün.
Saçyma ak girip başlan bolsa-da,
Eje, men entegem göreşip ýörün.
"Indi biraz salkyn düşdi" diýilýän
bolsa-da ýüregim lowlaýa, ýanýa.
Kim geçeni geçdi bilýä, meň bolsa
ýüregim ählisin kagyza ýazýa.
Bardy-geldi eger biri durmuşyň
göreşdigin ýaňzydaýsa, dymmaryn.
Çünki gara başy iki ýan çaýkap,
Agyrdygyn bilýärin men dymmagyň!
Bozup aradaky serhetleň baryn,
Gel, oturyp söhbet, geňeş edeli!
Käbäm, indi-indi düşünjek bolýan,
Aýdyşyň deý, durmuş göreş ekeni.
Ogultäç ORAZTAGANOWA
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.