Içim gysýa, intelligent dertlem bar. Sözün tapsam aýdyp dynjak ymykly.?

ÇYKALGA

Gije älem giňeýär,
Gämiler gygyrýar asmana garap,
Nikotin bulutlar gaýýar ýokarda.
...Maňa täze kitap ugrat,
Öňkilerňi gutardym.

Içim gysýar, meni täzeden ýarat!
Çydar ýaly däl bi halys
her agşamara.
Bir otagly jaý ber ilki,
Büzmeýinden, amatlyrak.
30 ýyllyk kredit töläp ýaşara -

Daş ber äpet, Köpetdaga daşara,
Güýmenerin tä alynçaň janymy.
Keseller öldürýär käbirlerimizi,
Ýalňyzlyk azaldýar galanjamyzy.

Içim gysýa, intelligent dertlem bar.
Nädip aýtsam?
kän bir... däl-dä gyzykly.
Çemin tapsam çykyp gitjek gijeden,
Sözün tapsam aýdyp dynjak ymykly.

© Begençgeldi ORAZOW
5 лайков 281 просмотров
35комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:24
Söýmek – belki bir gün okar diýip Şahyr bolmakdyr...
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:26
,,Sen meni unutsyn" diýipsiň. Bu hiç mümkin däl hormatlym, çünki men seni unutmak üçinem ýatlaýaryn...
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:27
Adamlary akyl, düşünje golaýlaşdyrýar. Özüňizden 10 ýaş, 40 ýaş uly, ýa-da 1000 ýyl owal ýaşap geçen pikirdeşleriňiz bilen-de siz deň derejelisiňiz.
(Seýitmyrat Geldiýew)
Nurmuhammet
29 сен 2023, 00:27
Yene yalnyzlyk hakda
Hemedany
29 сен 2023, 00:28
Goluňyz owadan eken :)
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:28
Meniň döşümdäki ýürek däl, serwim,
Ýok, ol şygryýetiň şänigi eken.
Bakylygyň meniň gursagma eken
Gämigi eken.
Nobatguly REJEBOW
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:29
MAMIHLAPINATAPEI - ýagan şiwesinden terjime edilende : ,,Bir zady başlamak isleýän, ýöne ilkinji ädimi ätmek islemeýän, iki adamyň sözsüz manyly nazary" diýmekligi aňladýar.
#B.S
29 сен 2023, 00:30
Seň derdiň zehinlimi? ?
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:30
[b][/b]
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:31
“Güller solmaz”—diýip ynandyr meni,
“Dostlaň ölmez”—diýip, ynandyr meni.

Atajan Tagan
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:32
“Adam bar zady aýdyp bilmez, onsuzam sözler bar zady aýtmaga ýetmez”.
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:35
Hemedany,
Çyndanam)
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:35
Khanture,
Käbir sözler göçme manyda gelýär:)
Hemedany
29 сен 2023, 00:39
Hawa
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:40
Geldiň, bahar, durmuşa jan getirdiň,
Giň asmandan dökýäň tylla-merjeni.
On altymdan on ýedime ýetirdiň.
Hiç unudyp bilmen asyl men seni.

Hawa, seni gördüm on alty gezek.
Emma on ýedimiň bahar-ýazyny,
Aýdym ýaly gursagymda göterip,
Dutar alyp çalaryn oň sazyny.

On ýedi ýaşymda gül açan bahar,
Maňa giň durmuşyň şa ýolun açdyň,
Deňiz bolup joşýan gül ýaşlygyma
Baky gülgüzarly nuruňy saçdyň.

Sagbol eziz bahar, sagbol geregim,
Ýyldan ýyla saňa alkyş sözlärin,
Urmasyn goýýança meniň ýüregim,
Giň durmuşa gadam basan baharym,
On ýedimiň baharyny gözlärin.

1967 ýyl.
On ýedimiň baharyndan
Ogulsenem Taňňyýewa
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:42
Hemedany,
Yspassiba)
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:45
Goýsana göwnüm. Gören zadyňdan ykbalyňa meňzeşlik gözleýärsiň. Ine görersiň, şeýle bir günler geler…

Nurşat NARLYÝEWA
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:48
Gaban!
Belki, sebäp bardyr olgabanýan bolsañ,
Gabanmasañ näderdim.
Saña munça yhlas edip,
Halanmasam näderdim.
Gabanmaýan,
Gysganmaýan meñki däldir,
Nä derdim?!

Şonuñ üçin gaban meni,
Ýak meni,
Ot bilen däl, söýgiñ bilen.
Sakla meni gysymyñda,
Señ elleriñ gyssa bolýar.
Aslynda men idemeseñ,
Soramasañ hassa bolyan.

Gaban meni,
Gabanjañlar heder etsin!
Gaban meni!
Menden başga gözleriñe ilmesin.
Gaban meni!
Gysgan meni!
Tä adyñy ýazýançalar
Kitabyna Ginnesiñ!
Sen meni şeýle bir gaban,
Şeýle söý:
Guraly ajaýyp ýadygärligi
Ýaş-ýeleñleñ iñ köp barýan ýerinde,
Durar ýaly asyrlap.
Goý, ol päk söýginiñ nyşany bolsun,
Öñünde juwanlar biri-birine
Hoş söz aýtsyn,
Wada bersin,
Guşlar uçsun pasyrdap.

Sebäp bilen gaban,
Keýpine gaban!
Nähili isleseñ bolsun şo hili.
Ýekelikde gaban,
Köplükde gaban,
Sorasalar aýdaý: "Şonuñ ýesiri.
Troýanyñ şazadasy Paris deý
Bagtly bolmak üçin islendik zada
Islendik söweşe taýynyñ biri!.
Ah, saýylyñ biri".

Gaban!
Gündizlere "gardaşyñ" diýip,
Gaban!
Gijelere "syrdaşyñ" diyip.
Ukymy bir şaýa satýanym üçin.
Galamy gujaklap ýatýanym üçin.
Söýemde serhetden agýanym üçin,
Yşkyñ köçesinde ygýanym üçin.
Gurt arkalysyrap gezjek halyma,
Geýýändigim üçin geýmin gedaýyñ.
Unudýanym üçin mahal-mahallar
Hossar gözläp, hossardygny Hudaýyñ.

Gaban!
"Sözlerini oýnadýar" diýip,
"Ylhama başyny aýladýar" diýip,
Gaban, "Goşgy ýazýar" diyip,
Gaban, "Aýdym aýdýar" diyip,
"Käteler bolsa özüne
Tansçydyr öýdýär" diýip.
Diý: "Juda kän gülýär, eger gülmese,
Kalbynyñ ýarasy bitmejek ýaly.
Ýazyp, bozup, gezip, tozup, şatlanyp,
Ýaşaýar dünýäden gitmejek ýaly".

Gaban!
Sen hakdaky şygyrlarymy
Dünýä diñlesin!
Hatda senden bi:din meniñ yanyma
Ölümem arkaýyn gelip bilmesin.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
#B.S
29 сен 2023, 00:51
Garlawaç,
Birhili tanyş görünýäňle ziom?!
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:52

Ine, deňiz, barmak basara ýer ýok,
Kenar iç-içine sygman güwleýär.
Asmanyň döşünde uçýan çarlaklar
Bir zat gürleýär.

Kenaryň öz derdi özüne ýetik,
Tolkunlary kowup-kowup ýadapdyr.
Üst-başyn öl-myžžyk eden gamyşlar,
Başyn salyp dur.

Topugny kenara ogşadan bir gyz,
Her gün deňze gelip, ýüregni dökýär.
Şol pursat deňziňem süňňi gowşaýar,
Tapyşýar Gök-Ýer.

...Ine, säher.
Deňiz yşka düşüpdir,
Bu gün gyz gelmändir...
geljekdir ertir!
Garaşyp, ýüregi üzülen deňiz
Suw bolup ýatyr.

Goçmyrat Orazberdiýew
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:54
Bir dem aladaňy pitikläp goýber,
Üfläp goýber sere üýşen pikiriň.

Goçmyrat Orazberdiýew


(käşge şeýdip bolaýsa:))
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 00:56
Taýak iýen oglana teselli beripdirler:− Hapa bolma, ogul, taýak jennetden çykan ýagşy närsedir (bu ýerde Adam ata ýer sürýän öküzini haýdatmak üçin jennetden iberilen taýak hakda gürrüň gidýär – N. S.).Taýak awusy süňňüne ýeten biçäre oglan:− Ýagşy bolsa, jennetden çykmazdy – diýip aglapdyr
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 01:03

Men özümi aýamadym hiç ýerde,
Özümi bagş etdim özgeler üçin,
Dogry, käte azar berýär ýüregim,
Olam başga zatdan bolmagy mümkin.

©Gurbannazar EZIZOW
OrazMuhammet Aşyrow
29 сен 2023, 07:38
Ýürekden çykyp, ýürekden geçip zametka düşýän setirjikler...
Garlawaç
Автор 29 сен 2023, 09:15
Khanture,
Mümkin))
Liliýa❤
29 сен 2023, 23:01
Govy goshgy eken sag bolun Garlawac
Venus
30 сен 2023, 23:45
Sen birinji we iň soňky däl. Adaty zat.
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 21:28
Venus23,
Düşünmedim?
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 21:32
aý borlaý diýibem ýadadym.
Garlawaç
Автор 01 окт 2023, 21:32
aý borlaý diýibem ýadadym.