MENIŇ ŞYGARYM
Bilýän kynçylyklaň bolanny ýöne,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
Soň bu günler gaýdyp gelermi näme,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
Bilýäň, boldy bizde ne ajap söýgi,
Käte şatlyk boldy, käte-de gaýgy,
Çümseňem görünmez ummanlaň düýbi,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
Kä kyn düşdi ýykylyp soň aglamak,
Şer işleriň ýollaryny baglamak,
Ne derkar, gamlanyp özüň aldamak,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
Kim çekip bilipdir jahan ahyny,
Sen diňleme baýguşlaryň gohuny,
Ähli zatlar geçýän eken ahyry,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
Bir ömür-gapyňda bir nahal ekmek,
Garaňka göz ýumup, ak ertä bakmak,
Nämä gerek ýersiz ýere gam çekmek,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
Kim sen? Bakylygyň mizany biler,
Köne tanşyň bir gün salama geler,
Özüňi gynama, bolany bolar,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
* * * *
INDI SEN BAR
Indi meň dünýämde heň bar,
Sen bar,
Iň soňky goşgyny ýazanam bolsam,
Hiç.
Gözlerimde özüm görýän,
Ömrüm görýän,
Iň soňky demimi alanam bolsam,
Hiç.
Dar gijeler,
Gar gijeler,
Ýarygijeler
Iň soňky agymy aglanam bolsam,
Hiç.
Ak gündizler,
Şat gündizler,
Soňky betbagtlygy ýaşanam bolsam,
Hiç.
Iň esasam,
Meň dünýämde
Heň bar,
Sen bar,
Ýok hiç hili
Hiç.
Suraý BABANYÝAZOWA
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.