"ZENAN AWÇYSY" Atly Goşgy Bar?!

Bu saýda ýaňy ýakynda öz taýýarlan makalalarymy paýlaşmak üçin agza boldum. Mundan öň başga ýerlerde hem paýlaşýardym. Goşgy okamaklygy halaýan adamlaryň biri menem. Esasanam Gerçeknazaryň ýazan goşgularyny uly höwäs bilen okaýaryn. Onuň bir wagtlar saýty hem bardy, tmbloglar.fun atly. Islenen.ru saýtda hem goşgularyny okaýardym welin ZENAN AWÇYSY atly goşgusyna duş geldim.
Goşgynyň mazmuny şeýle:
Sen gelseň saýtymyz bolýar gyzykly.
Hoş geldiňiz !
Şeýdip günde gelip dur.
Sen geldiň saýtymyz hasam gyzykdy,
Gowydan-gowy bloglary ýazyp dur .

Käte-käte geläýsene boş wagtyň .
Hökmanam däl, derwaýys däl iş wagtyň.
Ýöne bu ýerlerden gözleme bagtyň ,
Wirtual bu , şonam ýada salyp dur.

Realda-da arzuwlaýan ak bagty .
Işiň rowaç bolsun , ýollaryň ýagty.
Ýürekden ýylgyr sen ýylgyrýan wagtyň
Gaýgylanma, elmydama gülüp dur.

Meniň düşünmedik ýerim, menden hem öň bu saýtda ZENAN AWÇYSY atly agza bardymy? Ýa Gerçeknazar meni öňdenem tanaýardymy? Goşgy fewral aýynda ýazylypdyr. Men düýn agza boldym. Eger maňa ýazylmadyk goşgy bolsa haýsy "ZENAN AWÇYSY"-na ýazylan goşgy bu? Ýa men bu saýtdaky ilkinji ZENAN AWÇYSY dälmi?
1 лайков 231 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
31 мар 2023, 20:55
Ol goşgyny men hemme agzalara ýazdym.
Gerceknazar
31 мар 2023, 20:57
[...] şu iki belginiň arasyndaky üç nokadyň ýerine username diýip ýazsaň şu saýtyň hemme agzalary öz adyny okaýar. Meselem aşakdaky ýaly

[username]
#B.S
31 мар 2023, 20:59
Bu bir sayt funksiyasy {} belgileriň arasyna username ýazsaň her agza öz nikini okaýar.
Meselem: Seniň akmakdygňy aýdypdylarmy Гость
#B.S
31 мар 2023, 20:59
Gerceknazar
[...] şu iki belginiň arasyndaky üç nokadyň ýerine username diýip ýazsaň şu saýtyň hemme agzalary öz adyny okaýar. Meselem aşakdaky ýaly

[username]

Ýok { } belgiler
ZENAN AWÇYSY
Автор 31 мар 2023, 21:09
Hmm... Bilmeýärdim sagboluň...
Pegas
31 мар 2023, 21:21
"Zenan awçysy" näme diýmek bolýar? Zenanlary awlaýan, olary atyp, öldürýän adammy?
ZENAN AWÇYSY
Автор 31 мар 2023, 21:33
Ýok, AWÇYSY diýenim göçme manyda, ýagny gyzlary täsirläp, özüne aşyk edip "AWLAÝAN" diýmeklik
Ahmet
01 апр 2023, 17:47
Pegas
"Zenan awçysy" näme diýmek bolýar? Zenanlary awlaýan, olary atyp, öldürýän adammy?

hihi