Gorky we begenç

Duýgyňy kagyz ýüzüne geçirmek. Söz bilen, reňk bilen, tapbysy ýok. Ýa notalara siňdirip, saz döretmek...
Eger hiç zat duýmaýan bolsaň, şonda näme?! Gynanç ýok, şatlyk ýok, alada hem ýok, gahar, öýke-kine... hiçisi. Bolan wagtlary bolsa, ýersiz ýere läliklik diýlip düşünilýär. Meni ýok hasap etsinler, emma (!) duýgularymy asla...
Mende hiç wagt hem dost bolmandy.
Baga gidýän wagtymyz ähli çagalar oýnaýardy. Men bolsa, hat-da it-guşuň hem barmaýjak gizlinje ýerjagazyny tapardym. Hiç kimiň görmeýän ýerindäki bagyň aňyrsyna geçip, petik haýata, diwara, bir nokada, käte uzaklara seredip oturardym. Petik hem bolsa uzaga seredip bolýar...
Mekdebe gatnap başlanymdan soň, tutuş dünýä maňa garşy dildüwşik gurnaýar diýip düşünýärdim we muňa pugta ynanýardym. Ulaldygymça munuň GaraSöýmezlik we paranoiklikdigine düşündim. Asyl belaň körügi özümde eken – men barmaýan ekenim adamlaryň ýanyna. Olar goşmaýar diýip bilýärdim...
2-3 ýyllykda eşdipdim: okuwçylaryň biri klasda gulply galypdyr (gündiz elbetde we uzak galmady). Çagajyk öler ýaly gorkupdyr (orta mekdep ýaşly, kiçi däl).
Şonda çagalar bagynda başymdan geçen bir waka ýadyma düşdi we özümiň doly sagat biridigime şübhelendim:
Adaty günleriň biridi, çagalary daşary oýnamaga çykarypdylar. Gapa barsam, gulply eken. Meni ýatlaryndan çykarypdyrlar. Hudaýa şükür! Nakonesto!
Günorta çenli oýnalýar. Dogry, olar gelerem weli... ýaňky mekdep okuwçysynyň hem ýaşy uly, men bolsa, 4-5 ýaşlaryndaky çaga. Çagalykda zatdan gorkan çaga däl men. Ýeke galsam bolsa, begenerdim. Oýunjaklaryň ýüzüne-de seretmän, derrew mugallymlaryň kitap tekjesine. Hotýa, oýunjaklaryň barsy bize oýnadylanokdy. Oturgyç goýup, ähli kitaplary alyşdyrdym. Tekje beter beýik hem däl eken indi seredip otursaň. Dogrusy, okap hem bilemokdym doly, diýmek, 4 ýaşymda ekenim. Şu wagta çenli eden arzuw-maksadyma ahyry ýetdim. Heziller etdim. Şol duýgy hiç ýatdan çykmaz. Bolmasa beýdip ýatlap oturmazdym. Hemme günleri ýatlardan ýaş kiçi.
Bular ýönekeý bir çaga mysallary. Ýöne ol duýgular ulularda hem şeýle. Bolýa, men-ä bir aňy bu ýerde bolmadyk birimişim...
Şol ýaşda gorkuly (užastik) filmleri gije görüp, ondan soň hem hiç hili howpurgamazdan daş çykmaga hem ýeke özüm gidýärdim. Idegsiz çaga-da däldim welin, misginsokarlyk edip gaçýandyryn-da, pişik basyşyny edip, bilmedim. Bu ýagdaýda uly adamlar hem çekinmän duranok...
...Ýöne näme üçin bir duýgyny başga duýgy bilen çalşyp bilemzok?! Islendik duýgy hem. Ýagny, özümize peýda bolaýjak bir duýgy bilen. Meselem, gorky. Gorkyny biz begenmek duýgusy bilen çalşyp görsek. “Gorkup durkaň begenç ýadyňa düşýärmi-äýt?” diýersiňiz. Gorkynyň we begenjiň dürli görnüşleri bar, emma bu eýýäm täze tema...
4 лайков 149 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
31 мар 2023, 20:13
Köşeş)))
Harmony
Автор 31 мар 2023, 20:20
Pegas,
Üstünden ýyllar aşan ýazgylar, gündeligi döründim)