Begenç

Adamlar dogulýar we olar bilen
dogulýar şatlyk-gülkisi ,begenji,
Söýgüsi,
Gaýgysy,
Öýke-kinesi
Bularyň ählisi tapylmaz genji.

Emma begenç mydam aýratyn gezer
Begenç - giň derýadan saýlanan akym
Käte alyslarda gezýän sergezdan,
Hem kalbyňa gelýän, duýdansyz höküm

Begenç - ýylgyrşyň mydam sebäpkäri.
Begenç - gam-alada garşy durýan güýç.
Ol kalbyň ylhamy.
Tukatlyk soňy.
Onuň bilen gözýaşlar , aksa-da hiç.


Ylham GURBANALYÝEW (2020)
2 лайков 79 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.