Bir mugallymyň ýatlamasy
Meniň ulanýan bir usulym bardy. Onuň peýdalydygyna men şeýle ynanýardym. Žurnaldan daşary, her okadýan synpym üçin aýratyn kagyz ýöredýärdim. Onda okadýan synplarymyň sanawy bardy. Sapak geçýärkäm, okuwçylaryň ünsüni özümde saklamak üçin, arasynda çem gelen bir okuwçyny turzup, sorag berýärdim. Soragy bilse, hälki kagyza şol okuwçynyň adynyň deňesine bir goşmak, bilmese-de, aýyrmak goýýardym. Birnäçe gün geçenden soň bolsa, goşmaklary, aýyrmaklary jemläp, baha çykarýardym. Ol bahanam žurnala geçirýärdim.
Ýerinden turzan okuwçym soragy bilmese, «Başga kim bilýär?» diýip soraýardym. Okuwçylary hasam gyzyklandyrmak üçin: «Bilene iki goşmak goýjak» diýip, özümçe artdyran hem bolýadym. Elini galdyryp aýdan ikinji kişem soragy bilmese, oňa-da aýyrmak goýýardym. Ýöne elini galdyrýan azdy.
Bir gün birini turuzdym, soragy bilmedi. Menem goşmagy artdyryp, tutuş synpdan soradym. Ýene hiç kim elini galdyrmady. Ökde hasap edýän bir okuwçym bardy. Ondan: «Sen näme eliňi galdyraňok, dogry jogap berip, iki goşmak alasyň gelenokmy?» diýip soradym. Olam göwni bir ýaly: «Ýok, gerek däl» diýdi.
– Näme üçin?
– Sebäbi, birden aýdanym ýalňyş bolsa, aýyrmak alýan.
Okuwçynyň beren jogaby meni oýlandyrdy. Içimden öz usulym ýalňyş bolaýmasyn diýip pikir etdim. Iň ökde okuwçy jogap bermäge çekinýän bolsa, beýleki okuwçylardan nämä garaşjak?! Okuwçylarymyň bu baradaky pikirini bilesim geldi. Şonuň üçinem ýaňky okuwçydan soradym:
– Bolýa onda, seň özüň mugallym bolan bolsaň näderdiň?
Okuwçy biraz böwrüni diňläp durdy. Çaky, ol beýle sorag bererime garaşmadyk bolarly. Soňam:
– Men mugallym bolan bolsam, bilene goşmak goýardym, ýöne bilmeýäne aýyrmak goýmazdym. Goý, bilmedigiňki boş durubersin.
– Sizem şu pikirdemi? – diýip, tutuş synpdan soradym. Olaram dilleşen ýaly «howwa-da, howwa» boluşdylar.
– Onda, şu günden soň, kim bilse goşmak goýjak, bilmedige-de aýyrmak ýok – diýdim.
Çagalar muňa hezil etdiler. «Ýeees!» diýip gygyrýany haýsy, çapak çalýany haýsy! Garaz, diýseň begendiler.
Şol günden soň, haçan sorag bersem, okuwçylaryň barysy diýen ýaly elini galdyrýar. Sapaklaryma jan giren ýaly boldy.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.