Bir mugallymyň ýatlamasy.

Meniň ulanýan bir usulym bardy. Onuň peýdalydygyna men şeýle ynanýardym. Žurnaldan daşary, her okadýan synpym üçin aýratyn kagyz ýöredýärdim. Onda okadýan synplarymyň sanawy bardy. Sapak geçýärkäm, okuwçylaryň ünsüni özümde saklamak üçin, arasynda çem gelen bir okuwçyny turzup, sorag berýärdim. Soragy bilse, hälki kagyza şol okuwçynyň adynyň deňesine bir goşmak, bilmese-de, aýyrmak goýýardym. Birnäçe gün geçenden soň bolsa, goşmaklary, aýyrmaklary jemläp, baha çykarýardym. Ol bahanam žurnala geçirýärdim.

Ýerinden turzan okuwçym soragy bilmese, «Başga kim bilýär?» diýip soraýardym. Okuwçylary hasam gyzyklandyrmak üçin: «Bilene iki goşmak goýjak» diýip, özümçe artdyran hem bolýadym. Elini galdyryp aýdan ikinji kişem soragy bilmese, oňa-da aýyrmak goýýardym. Ýöne elini galdyrýan azdy.

Bir gün birini turuzdym, soragy bilmedi. Menem goşmagy artdyryp, tutuş synpdan soradym. Ýene hiç kim elini galdyrmady. Ökde hasap edýän bir okuwçym bardy. Ondan: «Sen näme eliňi galdyraňok, dogry jogap berip, iki goşmak alasyň gelenokmy?» diýip soradym. Olam göwni bir ýaly: «Ýok, gerek däl» diýdi.

– Näme üçin?

– Sebäbi, birden aýdanym ýalňyş bolsa, aýyrmak alýan.

Okuwçynyň beren jogaby meni oýlandyrdy. Içimden öz usulym ýalňyş bolaýmasyn diýip pikir etdim. Iň ökde okuwçy jogap bermäge çekinýän bolsa, beýleki okuwçylardan nämä garaşjak?! Okuwçylarymyň bu baradaky pikirini bilesim geldi. Şonuň üçinem ýaňky okuwçydan soradym:

– Bolýa onda, seň özüň mugallym bolan bolsaň näderdiň?

Okuwçy biraz böwrüni diňläp durdy. Çaky, ol beýle sorag bererime garaşmadyk bolarly. Soňam:

– Men mugallym bolan bolsam, bilene goşmak goýardym, ýöne bilmeýäne aýyrmak goýmazdym. Goý, bilmedigiňki boş durubersin.

– Sizem şu pikirdemi? – diýip, tutuş synpdan soradym. Olaram dilleşen ýaly «howwa-da, howwa» boluşdylar.

– Onda, şu günden soň, kim bilse goşmak goýjak, bilmedige-de aýyrmak ýok – diýdim.

Çagalar muňa hezil etdiler. «Ýeees!» diýip gygyrýany haýsy, çapak çalýany haýsy! Garaz, diýseň begendiler.

Şol günden soň, haçan sorag bersem, okuwçylaryň barysy diýen ýaly elini galdyrýar. Sapaklaryma jan giren ýaly boldy.


ceshme: Ylymly
Taýýarlan, terjime eden Mekan Annaberdiýew
8 лайков 231 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aylale
25 авг 2022, 11:57
+++++
Belki
25 авг 2022, 13:11
Öwrenäýmeli zat.Ýetireniñe minnetdar.
Menem terbiýeçilige degişli bir usul aýdaýyn.Şäherde praktika geçip ýören döwürlerimiz bir ökde hasap edilýän terbiýeçi bardy.Şol her hepdäniñ ahyrynda hepdäniñ dowamyndaky iñ işjeñ,ökde çagalaryñ adyny synp tagtasyna ýazardy.Şol çagalaryñ atlary indiki hepdäniñ ahyryna çenli tagtada durardy.
Nurmuhammet
Автор 25 авг 2022, 14:13
Belki
sizin yetirenňizem ajaýyp eken sagbol
Kerbaba
25 авг 2022, 21:04
хасап хесип угурдан окадян адамлар! Сизин эсасы билмели задыныз.. Чага меселе чозуленде айдылян созлерин манысына душунйарми.. екмы. шоны билмели. Меселем..4 сынпда берилйан меселелерде... эссе.. диен созе чагаларын копуси душуненок.Мыратда 4 алма бар, Максатда онункыдан ики эссе коп.. Эссе созунин манысыны душундирмек учин горкезме эсбап уланмалы. Ол эсбабам меселем, коке болуп билер. Мырадын элине 2 коке тутдырмалы. Максада наче эссе коп я аз бермелидигни кокани санап элине берсен чагалар оран чалт душунйарлер. Эсасы зат горкезме эсбабы гозлерине горкезмели. 1,5 эссе нахили блляр?,2,3 эссе нахили боляр? Бир зады..айратынам чагаларын халаян задыны гозлерине горкезип мысал гетирсен ин туройжаларам ялнышман айдып отырлар.
Nurmuhammet
Автор 25 авг 2022, 21:32
kwadrat kelle
dogry sagbol.
Kerbaba
25 авг 2022, 23:08
Belki
Öwrenäýmeli zat.Ýetireniñe minnetdar.
Menem terbiýeçilige degişli bir usul aýdaýyn.Şäherde praktika geçip ýören döwürlerimiz bir ökde hasap edilýän terbiýeçi bardy.Şol her hepdäniñ ahyrynda hepdäniñ dowamyndaky iñ işjeñ,ökde çagalaryñ adyny synp tagtasyna ýazardy.Şol çagalaryñ atlary indiki hepdäniñ ahyryna çenli tagtada durardy.

Махым Нургелдиева.. Дуйн китапчы Сизин гошгыларынызы гоян экени. Суратынызам гоюпдыр... Тувелеме.. ажайып кешбиниз бар экен..
Belki
26 авг 2022, 05:17
Kwadrat kelle,sag boluñ agam!