"Jeset ogrysy" 1-nji bölüm
"JESET OGRYSY" 1-nji bölümi.
Şäherden uzakdaky obalaryň birinden üýtgeşik habar gelip gowuşdy.Obanyň gonamçylygyna täze goýulan üç sany jesediň mazaryny açyp alyp gidipdirler
Bölüm başlygymyz bu işi derňemegi maňa tabşyryp,häziriň özünde şol oba ugramalydygymy aýtdy
Oba ýetip baranymda,meni şol obaň gözegçi poliseýi ýada halkyň dili bilen aýtsak "uçaskawoýy" garşy alyp,gonamçylyga tarap alyp gitdi.Gözegçi ýigidiň ady Şanazar eken,25-26-ýaşlarynda.Şu ýyl ýokary okuwy tamamlap täzelikde işe başlapdyr
Şanazar bilen gonamçylyga barsak obanyň ýaşaýjylarynyň köpüsi şol ýerde eken.Üç güniň içinde goýulan Jesetleriň hemmesini açyp,alypdyrlar,mazarlaryň töwereginde agaçlar,gamyşlar,kerpiçler toprak bilen garyşyp ýatyrdy
Şanazar obanyň adamlaryna öýlerine gaýtmaklaryny,bu işiň kimiň (nämäniň) edenini ýörite çagyrylan derňewçiniň (ýagny meniň) anyklajakdygyny aýtdy.Obanyň adamlary özara pyşyrdaşyp tiz dargadylar.Ýanymda diňe obanyň arçyny Dädebaý aga hemem Şanazar galdy. Mazarlaryň töwereginde hiç hili üýtgeşik yz görünenokdy.Yz bolaýandada ony obanyň adamlary depeläp ýok edeni anykdy
Daş-töweregi gözden geçirmäge başladyk.Gonamçylygyň derwezesiniň öňünde,täzelikde ýagan ýagyşyň suwy ýygnanan çukurjygyň gapdalynda uly köwüşli adamyň aýak yzyny tapdyk
— Gyşyň şu sowuk günlerinde,ýary gije kim gonamçylyga gelip biler?-diýip,yzy synlap durşuna Şanazar söz başlady
— Bu yzyň edil ýary gije galdyrylanyny nirden bilýäň?-diýip,Şanazara seretdim
Şanazar aljyrady.Tiz gürlemese,özi günäkär ediläýjek ýaly,çalt gürläp başlady:
— Özüm,ýöne şeýle pikir etdim.Jesetler gije alynyp gidilensoň,bu yzam gije galdyrlan bolmaly
— Diýmek,şu yz Jesetleri alan adamyň yzy bolmagy mümkindä onda-diýip,arçyn hem söze goşuldy
— Entek belli bir netijä gelmekden ir.Bu yz anyk jesedi alanyň yzymy ýa başgamy bizde subutnama ýok.Ýöne häzirlikçe şundan başga tutaryk delilimizem ýok.Şonuň üçin bu yzy saklap goýsak zyýan etmez-diýdimde,ulagymdan,surat alýan enjamy alyp yzy surata alyp,ýene synlamaga başladym.Köwüşiň ölçegi (razmeri) 42,muny geýen adam hem orta boýly,agramy 65-70-kg töweregi erkek adam bolmaly
Surat alýan enjamy ulagyma goýup gelip,obanyň arçynyndan jesedi ogurlanan adamlar hakynda maglumat bermegini soradym
Arçynyň sözlerine görä Jesetleriň bir ýaş ýigit düýn öz motosklinden ýykylyp,kellesi gaty afalt ýola degip ýogalypdyr.Ýene biri ýaşy ýetmişden geçen garry kempir eken,ol iki gün mundan öň ýogalan eken.Üçinji Jeset bolsa ýaşy elliden geçen daýhan adam eken.Näme üçindir öz janyna kast edipdir
— Olaryň arasynda baglanyşyk barmydy,bir-birine garyndaş ýa guda-gaýyn dälmidiler?-diýdim,arçyna ýüzlenip.
— Ýok.Garyndaşa däldiler.Başga baglanşygy baram bolsa bilmedim-diýip,arçyn gümürtigräk jogap berdi.
—Gonamçylyga seredýän garawul,zat ýokmy? Bolsa gürleşip görmelidik
— Bar.Ýöne bu günä gabat gelmedim.Aý,şu zatlaryň bolanyndan habar tapan bolsa,gorkup gelmän ýören bolmagam mümkin
— Beýle bolsa,nirdenem bolsa tapmaly bolar ony-diýdimde,ýene bir delil tapmak maksady bilen gonamçylygyň gapdalyndan geçýän ýola tarap ýöräp başladym.Ýolda,ýakynda geçen goýun-geçi sürisinden galan yzlar bardy.Biraz ýöänsoň ýol ikä bölünip,biri oba tarap,beýlekisem aňyrsy görünmeýän tutluga tarap gidýärdi.
Eger Jesetleri kimdir ogurlan bolsa,gonamçylykdan çykyp oba tarap gitmejegi belli.Sebäbi üç jesedi alyp barýan adamy kimem bolsa biri görerdi.Eger ulagly gelip alyp giden bolsalar hem ýarygije gonamçylygyň töweregine gelen ulag kimdir biriniň ünsini çekerdi
Şonuň üçin olar tutluga tarap giden bolmaklary mümkin
— Şu tarapa ýöräliň-diýip,tutluga tarap ýöräp başlan wagtym,arçynyň telefonuna jaň geldi.Jaň edeniň kimdigini ýa näme habar aýdanyny bilmedim ýöne arçyn bir agyz "Bolýa,häzir barýan" diýip,telefony öçürip bize ýüzlendi
—Möhüm iş çykdy oglanlar,gyssagly çagyryp durlar.Barmasam boljak däl.Özüňiz yzarlamagy dowam ediberiň!-diýdide ulagyna münüp,oba tarap gitdi.
"Şu wagt şundan möhüm näme işi barka munuň?"diýip pikirlendim içimden
— Ýör Şanazar,tutlyga girip göreli.Ýene yz tapylmazmyka-diýip,tutlygyň içinden geçýän kiçijik ýol bilen ýöräp başladym.
Bu wagt gün öýleden agypdy.Asmanyň ýüzüni bolsa gara bulutlar tutypdy.Birdenem Şanazar
— Ine muňa serediň-diýip,seslendi.Seretsem Şanazar oturyp ýoluň üstündäki bir yzy üns bilen synlap otyrdy.Ýanyna barsam, onamçylygyň ýakynynda gören şol tanyş 42-ölçegli köwüşiň yzy... Ýöne bärde,ol yzyň ýanynda ýene birnäçe yzlar bardy.Aýakýalaňaç adamlaryň yzlary.. — Bu näme boldugyka indi?-diýdi,Şanazar haýran galyp-Şu sowukda kim aýakýalaňaç gezip bilýärkä?
— Bu yzlar ýönekeý yz däl.Üns berdiňmi aýakýalaňaç yzlar köwüşli yzyň,yzyndan ýöräpdirler.Olar bile hereket edipdirler.
—Dogry.-diýip Şanazar sözümi tassyklady-Görnüşinden aýakýalaňaç yzlaram bir adama degişli däl bolmaly.Olar iki ýada üç kişi bolmaly.Bilelikde mazarlary açyp,Jesetleri alyp,tutlyga girendirler,olaryň gonamçylykdaky yzlaryny hem adamlar basyp ýok edendirler
— Belki şeýle bolandyr,ýada entek anyklarys. Gün batyp,hemme ýeri garaňkylyk gurşap aldy.Ýolumuzy jübi fonary bilen ýagtylandyryp dowam etdik.
Şanazar özüni gyzyklandyrýan,soragy dile aldy
— Şu yzlary goýup giden adamlaryň diňe biri köwüş geýipdirde,galanlary näme üçin şu sowukda aýakýalaňaç ýöredilerkä?
Kelläme "erbet" pikir geldi.Ýöne nämede bolsa bu pikirimi Şanazara aýtmadym.
— Aý,çagalygyndan aýakýalaňaç gezmäge endik eden adamlardyrda-diýip jogap berdim.Dogrusy bu sözüme özümiňem gülkim tutdy
— Üçisem şeýlemikä?-diýip,Şanazar çyny bilen sorady
— Anygyny menem bilemok.Meň gören zatlarymyň hemmesini senem gördüňä.Ýöne sen arkaýyn bol Bu aýakýalaňaç yzlaryň kime degişlidigini anyklarys entek. Gowysy sen bu ýolyň nirä çykýanyny,ana hol görünýän çyranyň nämäň çyrasydygyny aýt-diýip uzakda görünýän öçügsije yşgy görkezdim.
— Olmy? Meret agaň öýüniň çyrasy.Meret aga şu tutlygyň garawuly,tutlara ideg edýär,ýazyna ýüpek gurçuk tutýar.Mal-garasy bar,şolary bakýar
— Şeýle bolsa onuň bilenem gürleşip göreli.Belki bir zatlar bilýändir
— Mümkin,näme bolsada ol şu tutlyk üçin jogapkär adam.Bärde nämeler bolýanyny bilýändir. Bu wagt eýýäm garaňky gowy düşüpdi.Asman goýy bulut bilen gaplanansoň ýekeje ýyldyzam görünenokdy.Daş-töwerekdäki ulyly-kiçili tut agaçlary bolsa garaňkyda hasam gorkuly,edil her biriniň aňyrsynda kimdir biri gizlenip duran ýalydy
Biz bolsa çalaja yzgarlanan toprakly ýoldaky yzlary yzarlap gidip barýadyk.Belki hakykatdanam bu yzlar Jeset ogrylarynyň yzlarydyr...Belki häzir garaňkyda gorkunç görünýän şu tutlar jesedi alyp barýanlary görendir...Belki diller bolanda,ýakynda bir näçe adamyň ak kepene dolanan Jesetleri alyp geçenlerini aýdardylar. Yzlar ýene ýoluny dowam edip,köwüşli öňde,aýakýalaňaçlaram onuň yzynda.
— Şu gün şu yzlaryň soňunyň nirä barýanyny bileli.Ertir nesip bolsa,şol Meret aga bilen gürleşip göreris.Ýöne öýi uzagrakda eken...bu nätekiz ýoldan ulagyň geçjegi geçmejegem belli däl-diýip,Şanazara ýüzlendim
— Tutlygy aýlanyp geçýän ýol bara.Gonamçylykdan çykyp,biziň öwrülen ýolumyzdan öwrülmän göni ýol bilen gitseň,tutlygy aýlanyp,sag tarapa ýöreseň Meret agaň öýüne barýaň.Töwereginde başga öýem ýok.Uzakdanam görünip durýar
— Bolýa,ertir göreris ony.Sen ynha muňa seret-diýip,fonarymy yzlaryň ýoldan çep tarapa sowulýan ýerine tutdym.Şu ýerden yzlar ýoldan sowulyp,tutlaryň arasyna siňip gidýärdi.Ýolyň galan böleginde bolsa eşegiňmi,atyňmy toýnagynyň yzlary bardy.
Bize tanyş yzlar çepe öwrüleni üçin,bizem ýoldan çepe sowulyp tutlaryň arasyna girdik
Şol wagtam näme üçindir fonar işlemän galdy.Telefonlarymyzam öçüpdir.Tüm garaňkylykda galdyk
—Çyrada öçdi,telefonam.Indi näderis?-diýip,Şanazar howsalaly seslendi.
— Seret hemme yzlaram şu ýerde ýitipdir.Indi şuny ýakaýmasak boljak däl-diýdimde,jübimden zažilgakymy alyp ýakdym
Fonaryň yşygy ýaly bolmasada,zažigalkaň odunyň yşgy töweregi azajyk ýagtylandyrdy
— Näme üçin olar bu tarapa sowuldylarka?-diýip,Şanazar söze başlady-Üns berdiňizmi,edil şu agajyň aşagynda durypdyrlarda,soňam edil asmana uçan ýaly hiç hili yz ýok
— Olar nämedir bir zatdan gorkyp,şu ýere gizlenendirler-diýdimem welin birden tut agajynyň galyň gabygyndaky ganyň yzyna gözüm düşdi.Ýuwaşjadan elimi degirip görsem,entek gurabam ýetişmändir.Şanazaram meň hereketlerimi görüp durdy we agaçdaky yzyň nämedigine eýýam düşünipdi.
Şol wagt näme üçindir,motaskilinden ýykylyp,ölen ýigit ýadyma düşdi.
"Diýmek,bu yzlaryň...agaçdaky ganyň. Jesetogrylary bilen baglanyşygy bolaýmaly.Şanazaram meň pikirim edişim ýaly pikir edýän bolmaly.Sebäbi zažilkaň öçügsije ýagtysyna onuň gorkydanmy,aljyramakdanmy üýtgän ýüzi görünip durdy.Men ony rahatlandyrmak üçin
— Şanazar,näme bolsada öžüňe— ýitirme!-diýdim.Şanazar sandyrawuk sesi bilen:
—Olar häzirem şu töwerekde bolmaly-diýdi.
— Gynansakda şeýle ýaly.Gan entek guramandyr.Yzlaram täze...Meň pikirimçe olar häzir bize seredip durlar
Şanazar töweregine gorkuly nazaryny aýladyda
— Gowysy şu ýerden gideliň.Ertir gündizlikde gelip gözlegi dowam edäýeliň...Kim bilýär belki bu yzlar bizi duzaga düşürmek üçin ýörite goýulandyr-diýdi
— Dogry aýdýaň gideli.Ertir irden gelip yzlaryň soňuny anyklarys-diýip,näçe asuda gürlemäge çalyşdym.Ýöne kimdir biri (nämedir bir zat) bizi synlaýanyny duýýardym.Uzakdakymy ýa ýakynymyzdaky tutlaryň aňyrsynda bir zatlar bizi görünmän bizi synlap dur. Ýöne näme zat?. Şol wagtam bizden on ädim aňyrdaky tutlaryň arasynda,"şytyrdap" nämedir bir zadyň ylgany eşidildi
Zažilkaň öçügsije oduny şol tarapa tutdym.Emma onuň yşgy ses gelen ýeri ýagtylandyrmakdan ejiz boldy.Başga tarapdan ýene şol üýtgeşik "şytyrdy" eşidildi
Howpsyzlyk üçin kemerimden sapançamy alyp,atmaga taýýar edip goýdym.
Şanazar hem kä sagymyzda,käte çepimizden eşidilýän seslere gulak salyp durdy......
dowamy bar
Awtory:Şirhan2612

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.