Jeset ogrysy 3nji bölüm

JESET OGRYSY 3-nji bölüm.

Oba barýançam müner ýaly Meret aga atlarynyň birini berdi

— Aty arçynyň öýünde goýaý,ertir oba barsam alyp gaýdaryn-diýip,Meret aga mele uýanyny elime tutdyrdy
— Meret aga,näme bolsada gije tutlyga girmäň! Her zat bolmagy mümkin.Ynha meň telefon nomerimi belläp al.Birden bir üýtgeşme bolsa maňa jaň eder ýaly-diýip,Meret aga telefon nomerimi berdim.Onuň nomerini hem özüm belläp aldymda,hoşlaşyp,tutlygyň içindäki ýol bilen aty sürip gaýtdym
Ýolyň ýarysyna ýetiberenimde,ýolyň üstinde,agşamky yzlar görünip başlady.Ýolda şol köwüşiň yzam,aýakýalaňaçlaryň yzam,Şanazar ikimiziňem yzlarymyz bardy.Şanazaryň yzyny yzarlap barýarkam,agşamky jübi fonarymy tapdym.Ony Şanazar jübisine salypdy.Fonaryň düwmesini basyp görsem,ol işläp duran eken
Fonary jübime salyp ýolumy dowam etdim.Emma ýolyň galan böleginde Şanazaryň yzyna gabat gelmedim.
Ahyryn gonamçylyga ýetip geldim.Gonamçylygyň girelgesiniň ýanynda,düýnki goýup giden ulagym durdy.Ulagyň ýanyna baryp atdan düşdim.
Şol wagtam obadan maňa tarap 15-16-ýaşlaryndaky oglanjygyň ylgap gelýänini gördim
Bu oglanjyk Dädebaý arçynyň ogly eken."Ulagy duran bolsa,özem geler" diýip,oglyny şu töwereklerde goýan eken.
Oglanjyga aty berdimde,ulagyň öňünden aty sürip,meni kakasynyň ýanyna ertmegini haýyş etdim
Arçyn oba geňeşliginiň jaýynda eken.Oňa agşamky bolan zatlaryň hemmesini gürriň berdim

Soňyndanam
—Şanazaryň ölendigini kim habar berdi size?-diýip soradym.Arçyn meň ýüzime haýran galyp seretdide
—Hiç kim habar bermedi.Birinji bolyp özüm gördim-diýdi
— Nädip gördüňiz,ir bilen gonamçylyga näme üçin bardyňyz?
— Garawuly göreýin diýip barypdym.Iki-üç gün bäri görünenoga.Gonamçylygyň töweregini arassala diýjekdim.Düýn jesetleriň ýitenini eşidip "ýokardan" adam bary geldi.Ýadyňdadyra düýn ýanyňyzda durkam maňa jaň etdilerä,şol wagt barlaga gelen toparyň ýanyna gitdim.Soň olary gonamçylygada ertdim.Ýöne eýýam siz giden ekeniňiz."Gonamçylykmy bu ýa gamyşhana? Tokaý gamyşlygyň içinde tutyş gonamçylygy boşadyp gitselerem hiç görjek dälä muny!" diýip,agzyna gelenini diýdiler-diýip,arçyn sözüni dowam etdi-Düýnä gelmedi ol garawul.Irden gelmedimikä diýip barsam Şanazaram şeýdip dur.Ýetendirdä görgüliňki.
— Ýöne howlukmaly däl ekeniňizdä.Jaýlamankaňyz jesedini ekspertiza etmeli ahyryn.
— Wah,men aýtdym jan inim.Ýöne dogan garyndaşlary dindar bolansoň,"Ölümizi hiç kime berjegem däl,kesdirjegem däl" diýip derrew jaýlamak bilen boldylarda...
—Bolýada...Garawuly tapdyňyzmy onsaň?
— Ýok tapyp bilmedim.Ölisi-dirisi ýok onuňam
— Telefony zady ýokmy onuň? Jaň edip görmediňizmi?
—Garawulamy?-diýip,arçyn ýüzime haýran galyp seretdi-Lal ahyryn ol.Eşidenogam,gürläbem bilenok.Öýem ýok onuň,şol gonamçylygyň ýanyndaky öýjagazda bolýa.Dogan-garyndaşy barmy ýokmy bilmedim.Obanyň adamlary Hudaýýolyna aýdan zatlaryny şoňa berýär.Mydama gonamçylygyň başynda garawul ýaly bolup ýörensoň "garawul" diýäýäsdä.
— Düşnikli...Dädebaý aga,kyn görmän ogluňyzy ýanym bilen ugratsaňyz,Şanazaryň jaýlanan ýerini görip gaýtjakdym.
— Bolýa,bolýa.Bar oglum,Şirhan agaň bilen gonamçylyga baryp gaýt.Gerek zady bolsada öýden alyp gidiň!
—Bu atam sizde durybersin.Meret agaň aty,"Özüm alyp gaýdaryn" diýdi-diýip,oglanjygyň münip duran atyny görkezdim.Arçyn iş jaýyna girip gidensoň,ogluna ýüzlendim.
— Inim,gonamçylyga barmankak öýüňizden dyrmyk alaly. Dyrmyk bardyra öýüňizde?
— Hawa,bar.Ýörüň onda-diýip,arçynyň ogly öýüne tarap ugrady.
Arçynyň öýüne baryp,dyrmygy net aldykda,gonamçylyga tarap ugradyk.
Ýolda arçynyň ogly bilen gürleşip gitdik.Ady Şöhrat eken.Mekdebi tamamlansoň harbylaryň okuwynda okasynyň gelýändigini aýtdy. Gonamçylyga ýetip geldik.Mazarlaryň arasy bilen ýöräp,entek topragy guramadyk mazaryň deňinde saklandyk.Şöhrat:
— Ine Şanazar agaň mazary şu-diýdi.
Bildigimden doga okap,Şanazara degsin etdimde,Şöhrada:
—Inim,sen gitde öýüňizden alan dyrmygymyzy alyp gaýt ulagdan-diýdim.
Şöhrat ýanymdan gidensoň,daş töwerege seretdim.Hiç kim ýok.Mazaryň aýaguç tarapyna geçdimde,elim bilen mazaryň topragyny biraz gazyp,kiçijek çukur ýasadym.Jübimdäki fonary çukuryň içine taşladymda,ýene öňkisi ýaly gömüp goýdym.
Birazdan soň eli dyrmykly Şöhrat geldi.Dyrmygy aldymda mazaryň daş-töweregini gowy dyrmykladym.Indi kim mazaryň golaýyna gelse onuň yzy dyrmyklanan ýere gowy düşjekdi.
Soňra Şöhrat bilen öýlerine gaýtdyk.
Barsak,arçynyň özem işden gelen eken.Arçyn meni gadyrly garşylap törde,saçak başynda oturtdy.Çaý nahardan soň men öz başlygyma jaň edip,işlerimiň barşy barada hasabat berdim,hemem ýanyma kömege adam ugratmagyny haýyş etdim.

Garaňky gowy gatlyşansoň Dädebaý aga bilen gonamçylyga gidip Şanazaryň mazaryny garawullamakçy bolup oturdyk.Şol wagtam telefonyma "Size jaň etdiler" diýlen sms geldi.Görsem ýarym sagat dagy öňüräk Meret aga maňa jaň edip düşüp bilmändir.Yzýanyndanam Meret aganyň öz nomerinden sms geldi.Sms-de şeýlerek sözler bardy: "Şirhan,öýümizde tok öçdi.Gelnejeňem oglunyňka gidipdi.Öýüň töwereginde kimdir gezip ýören ýaly.Wagtyň bolsa bize gelip gitsene!".
Sms-iň ugradylanynada 20-minut dagy bolupdyr.Aragatnaşygyň pesligindenmi ýa meň telefonymdanmy bilmedim, jaňa gelmändir,sms-em giç geldi.Meret aga jaň etsemem,jogap bermedi.
Ýanyma Dädebaý aganam alyp,Meret agalara tarap tiz ýola düşdik.
Barsak Meret aga gapynyň öňünde gana bulaşyp ýykylyp ýatyrdy.Öňürägindede aw tüpeňi durdy.
Meret aga edil aw tüpeňi bilen özüni atan ýaly bolup ýatyrdy.Howsala düşen Dädebaý aga:
— Eý,Allajan özüni atypdyrmy bu?!-diýip,oturyp,Meret agaň kükregine gulagyny goýdy.Birazdanam öňküsindenem tukatlanyp ýerinden turdyda,ýuwaşja ses bilen:
— Gutarypdyr...-diýdi
Meň kellämi agyr pikirler gurşap aldy.Näme üçin özüni atjak bolsa Meret aga maňa jaň etdikä?!...Ýok!!! Bu başga biriniň işi...Meret agany öldüren kim bolsa,Şanazary öldürenem şol bolmaly.Ol öldüren adamlaryny edil öz janyna kast eden ýaly edip goýup gidýän bolmaly...Jesetleri ýoklanam şol bolmaly...Ýöne şol kim?!...Kim şol?!.
Meret agaň jesedini gozgaman edil şol wagtyň özünde iş ýerime jaň edip,bolan ýagdaýy habar berdim.
Gije obanyň adamlary bilen Meret aganyň öýlerinde boldyk. Ertesi güni ekspertiza barlagyny geçmek üçin ýörite bellenilen adamlar,hemde meň ýanyma kömege Nazar atly täzeräk işe başlan işgärimiz geldi.Ekspertler öz barlaglaryna başladylar.Emma Meret agadanam,tüpeňdenem başga adamyň el yzlaryny tapman,"Öz janyna kast edipdir" diýip netije çykardylar.

Ekspertleri ugradyp,Nazar ikimiz gonamçylyga Şanazaryň mazaryny görmäge gaýtdyk.Mazaryň töweregindäki dyrmyklanan ýerde hiç hili yz ýokdy.
Ýuwaşlyk bilen mazaryň üstinde çukur gazyp,fonarymy gömen ýerime bardymda,elim bilen gazyp fonarymy gözläp başladym.Fonar meň gömen ýerimde ýokdy..Diýmek mazar açylypdyr.
Dädebaý aga jaň edip obanyň ymamyny alyp gelmegini,Şanazaryň mazaryny açmaly boljakdygymyzy aýtdym.
Dädebaý aga özüniňem,obanyň ymamynyňam Meret aganyň jynazasyndadygyny,bu işi jynazadan soň etmeli boljakdygymyzy aýtdy. Nazar bilen yzymyza Meret agalara gaýdyp,Meret agany soňky ýolyna ugratmaga gatnaşdyk.
Gölegçiler gelensoň,ymamy alyp gonamçylyga tarap ugradyk.Dädebaý aga "Baryberiň yzyňyzdan ýeterin" diýip pata ýerde galdy.
Şanazaryň mazarynyň başyna geldik.Ymam çök düşüp doga okamaga başlady.
Ymam doga okap bolan badyna gonamçylygyň girelgesinde Dädebaý agada göründi.Onuň ýanynda eli pilli ýene biri bardy.Ýanymyza gelensoň,Dädebaý aganyň ýanyndaky adamy gowy synladym.Köneje eşikli,gara ýüzli,daýawrak adam.
Bu şol Dädebaý aganyň aýdýan lal "garawuly" eken.
— Ýaňy patada gördümde alyp gaýdyberdim.Şu wagta çenli nirde bolanynam bilemok munyň.Gürleşibem bolanoga munyň bilen-diýip,Dädebaý aga garawula seredip el hereketleri bilen oňa mazary açmalydygyny düşündirdi.Garawul işe başlady.Bir sagat ýaly gazansoň,mazaryň topragyny doly aýyryp boldy.Indi diňe merhumyň üstüne goýulýan agaçlar bardy.

Dädebaý aga özi bir tarapa geçip,garawul beýleki tarapdan agaçlary aýyryp başladylar.
Ynanar ýaly däl...Mazaryň içinde jeset ýok...Diňe aýakýalaňaç adamyň yzy bar...Diýmek munam alypdyrlar...Ýa-da... Meret aganyň mazarynyň edil golaýjygyndan iki adam sygar ýaly çukur gazdyk.Agşamara Nazar ikimiz şol çukura girip üstümizi gamyş bilen basyrtdyk.Meň pikirimçe olar şu gün agşam Meret aganyň jesedini almagada geläýmelidiler... Gije ýarymdan agdy....Aýak sesleri eşidilip başlady.Nazara "Çykaly" diýip yşarat etdimde. Gamyşlary aýyryp,ýokaryk çykdyk...
Gözlerime ynanamok Meret agaň mazaryny Şanazar açyp durdy.Egnindäki kepeninden elleri,kellesi we ýalaňaç aýagy çykyp durdy...Onýançada Meret aganyň özem mazaryndan çykyp kepenini ýyrtyp ellerini aýaklaryny çykaryp başlady.Olaryň ýeňsesinde bolsa şol garawul durdy.Diýmek hemme jesetleri herekete getirip,alyp gidýän şol bolmaly.

Aljyrap,gorkyp ýoldaşym Nazara seretdim.Bu zatlary görüp durmaga onuň ýüregi çydamandyrmy nämemi,agzyndan ak köpük saçyp huşsyz ýatyrdy... Onýançada Şanazar bilen Meret agaň herekete gelen jesedi maňa tarap gaýtdy.Bärde dursam gowylyk ýokdugyny bildimde bar güýjim bilen ylgap gaçyp başladym.
Gonamçylykdan çykanymam şoldy welin yzymdan gelýänleriň aýak sesleri galdy.
Ulagymyň ýanyna baryp yzyma seretmägede gorkup jübimden ulagyň açarynyi çykardymda,gapyny açmakçy boldym.Emma gorkydanmy,aljyramakdanmy bilmedim gapyny açyp bilmän güýmendim... Ahyry maşyny aljyrap açdym we göni obada tarap gitmek bilen boldum. Ugranymam şoldy welin masynyñ geçjek yerinde "öñinde" lal garagul dur. Onuñ üstine sürsemem hiç gaçanok, ýene golaýlap barşymy nämeçündir bilmedin maşynyñ roluny gapdala sowup ýoldan çykyp gitdim, hernä maşyn agmady. Kelläm bolsa iki üç sapar maşynyñ roluna we aýnasyna degendigini bilýän galan zat ýadyma düşenok özimden gidipdirin...
Ertesi özime gelsem häzirim mazarystanyñ gyrasynda maşynyñ içinde otyn, burnumdan agzymda gowy gan akan bolmaly ûst başymam maşynyñ içem gandan dolydy. Özime gele gelmän yene meni gorky gaplap aldy, bolan zatlara dûýşdir oýtyän, ynanyp bilemok. Düýş bolsa bu yagdaya nahilli dúşdimkän?? Gapdallaryma seretdim golayymda adam gara yns jyns yok..

3-nji bölümiñ soñy
7 лайков 350 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
31 авг 2022, 01:55
Ызынам гойяй!?
Şamuhammet
31 авг 2022, 08:04
Öň okapdym, @Şirhanyň iň gyzykly hekaýalarynyň biri şu!
ffgggggffddd
31 авг 2022, 20:20
Hany yzy yokmy gayrat edip goysana
Yusup
31 авг 2022, 22:01
Shirhan ertire giryadi. Hekayalary gaty gyzykly edil ujos kino goren yaly bolyadym. Onun mazarlykdaky yazgylar hekayasy gyzykly ayaly arine biwepalyk edip olyani
Rehimsiz
31 авг 2022, 22:57
Temany okanda okadyk welin indi bir zat takyr-tukurdy bolsa gorkup durun
XYIVENIA
Автор 01 сен 2022, 01:00
Rehimsiz
Temany okanda okadyk welin indi bir zat takyr-tukurdy bolsa gorkup durun


Hakyky ozumem okan wagtym inim tikenekläpdi
Ayjahan
08 сен 2022, 22:00
Anil Kapur,
Fantastika hekaýalar ýaly bulam gaty gowy eken