Jeset ogrysy 2nji bölüm
JESET OGRUSY 2-NJI BÖLÛM.
Zažilkaň öçügsije oduny şol tarapa tutdym.Emma onuň yşgy ses gelen ýeri ýagtylandyrmakdan ejiz boldy.Başga tarapdan ýene şol üýtgeşik "şytyrdy" eşidildi
Howpsyzlyk üçin kemerimden sapançamy alyp,atmaga taýýar edip goýdym.
Şanazar hem kä sagymyzda,käte çepimizden eşidilýän seslere gulak salyp durdy.
— "Arwah" diýilýän zatlarmyka bu ses çykarýanlar?-diýip,Şanazar ýuwaşja sorady
— Bilmedim,ýöne töweregimizde aýlanýan şu zatlar nämede bolsa,şolardan bize gowylyk ýokdugyna bilýän.Jesetlerem şular ogyrlandyrlar. Töweregimizdäki sesler barha ýakynlaşbardy.Hatda ädim uryşlaram anyk eşidilip durdy.Olar edil daş töweregimizi gurşap,bizi gawaba saljak bolýan ýalydy.
— Kim sen? Näme üçin gizlenýäň?-diýip gygyrdym.Hiç hili jogap bolmady.Soňra ýuwaşja ses bilen pyşyrdap Şanazara ýüzlenip:
—Olar bizi anyk görüp durlar.Biz olary görüp bilemizok.Şonuň üçin ody öçürip,gelen ýolymyz bilen yzymyza ylgarys.Eger adam bolsalara,nirä gidenimizi görmezler.
— "Eger adam bolsalar..."-diýip,gözüni bir nokada dikip durşyna Şanazar sözümi gaýtalady.
— Näme bolsada sen özüňi ýitirip,gorkma! Yzyňa seretmede gelen ýolumyz bilen ylga! Düşündiňmi?!
Şanazar baş atyp "Bolýa" diýdi.
— Hany onda gitdik!-diýdimde,ýola çykyp ylgap başladyk. Ýöne biziň pikir edişimiz ýaly bolmady.Ýola çykyp ylgap başlanymyzdan,ýolyň iki tarapyndan,tutlaryň arasy bilen biz bilen deňeçerräk ylgaýan adamlaryňmy ýa haýwanlaryňmy ýerdäki ot-çöpleri "şytyrdadyp" basyp ylgaýan sesi hem galmady.Hatda yzymyzdanam kimdir biriniň ylgaýan sesi eşidilýärdi...
Diýmek,olar adam däl!...
Tutlygyň içinden gaty köp ýöränimize indi düşündim.Sebäbi näçe ylgasagam edil bir ýerde duran ýalydyk,ýolyň iki gapdalyndaky tutlar gutaraýyn diýenokdy.
Menem o diýen ylgap bilemok welin Şanazar mendenem haýal ylgaýan eken.Ol yzymdan gelýärdi.Birdenem kelläme gelen pikiri amala aşyrmak üçin saklandym,Şanazar deňimden geçensoň yzyma öwrüldimde,garaňkylyga tarap,sapançamdan iki gezek ok atdym.
Ok yzymyzdan ylgaýana degdimi ýada ony gorkyzdymy bilmedim ýöne onuň aýak sesi galdy...
Ýöne birazdan ýene şol ylgaýan adamyň aýak sesi eşdilip başlady.Oňa ok atmagyň peýdasyzdygyna düşünemsoň ýene ylgap başladym.
Şanazar menden gaty öňe düşüp giden bolmaly.Sebäbi onuň sesi eşdilmesi galypdy.Ýolyň gapdalyndaky "şytyrdylar" hem eşidilenokdy.Mümkin olar Şanazary yzyndan gidendirler...
Meniň yzymdan bolsa entegem şol bir tizlikde,edil estafedada ylgaýan sportsmen ýaly aýak sesleri gelip durdy... Şol barşyma nämedir bir zada büdüräp ýykyldym,kelläm bir gaty zada degip,başyp aýlanyp başlady.Uzakda kimdir biriniň aýylganç gygyran sesi tutlygyň içine ýaňlanyp gitdi...
Yzymdan gelýän aýak sesler galyp,onuň ornyna atyňmy ýa başga haýwanyňmy "dükirdisi" eşidildi...Huşymdan gitmänkäm iň soňky gören zadym,meň üstüme egilen daýaw adamyň göwresidi...
Näçeräk ýatanymy bilemok.Gözümi açsam,diwarlary samanly palçyk bilen suwalan,horoşaja otagda ýatan ekenim.
Başym aýlanyp,kelläm agyryp durdy.Ýüregim edil beýnime çykan ýaly,ýüregimiň gürsildäp uryp durşy beýnime ýaňlanyp durdy.
Üstime ýapylan ýorgany aýyrdymda ýerimden turjak boldym.Ýok bolmady.Başym aýlanyp entrekläp ýene krowada ýykyldym.
Gün,günortadan agan bolmaly,sebäbi otagyň içi ýagtydy.Meň ýatan krowadym kiçijik penjiräniň ýanynda durdy.Otagyň burçynda bolsa demir peç ýanyp durdy.Otagda iki gapy bardy.Olaryň biri daşaryk,howla çykarýan,beýlekisem içgi otagyň gapysy bolmaly.
Penjiräniň perdesini syryp,daşaryk seretdim.Uzaklara ýaýrap ýatan tutlyk...Bu Meret aganyň öýi bolmaly.
Birdenem gije bolup geçen wakalar ýadyma düşdi...Şanazar nirdekä?!...Öýine bardymyka sag-aman?!...
Şol wagt goňşy otagyň gapysy açylyp,kellesi gara telpekli,egni köneräk penjekli,köpden bäri alynmadyk sakgalynyň agy köp,bugdaý reňkli,elli ýaşlaryndaky adam çykdy.Bu Meret aga bolmaly.Ýerimden turmakçy bolýanymy görüp:
— Otur,otur inim.Ýeriňden turjak bolyp azara galma!-diýip,ýanyma gelip elleşip salamlaşdy.
— Şikesiň çuň däl eken.Tiz gowylaşarsyň.Gelnejeň tebipçilikden habarly bolansoň,özi melhem edip sarady kelläňi-diýip,söze başlady-Meň adyma Meret.Ynha şu ýerlerde mal-gara bakyp gün görýän.
—Meň adym Şirhan,ýörite gullukda derňewçi bolup işleýän,bärede gulluk zerurlygy bilen gelipdim.Ynha indem düşen ýagdaýymy görüp dursyň Meret aga-diýdim.
— Jogapkärli işde işleýän ekeniň.Serasaplyrak bolmaly inim.Entek bu kelle gerek bolar saňa-diýip,Meret aga ýylgyrdy.
— Meret aga,men bärik nädip düşdim?-diýip,özüme gelelim bäri gyzyklandyrýan soragy berdim.
— Ilki naharlanaly inim,özüňe gel.Onsaň hemmesini gürriň berjek.Seret ýüzüň ak esgä dönüpdir-diýip,Meret aga meni goňşy otagdaky ýazylan saçagyň başyna geçirdi.
Başymyň aýlanýany açlygymdan eken.Gowy nahar edinenimden soň başym aýlanmasy galdy.Nahardan soň çaý başynda Meret aga öz durmuşy barada gürriň bermäge başlady.Görgüliň birje ogly bar eken,olam gulluga gidip gelipdirde "okajak" diýip çykyp gidipdir.Häzir okuwyny gutaryp şäherde ýaşaýan eken.Ýylda bir-iki gezek myhmançylyga gelen ýaly bolup gelip gidýän eken.
Meret agaň sözlerini eşidip,oňa ýüregim awady.Emma bu wagt meni başga sorag gynaýardy.Meret aga muny aňan ýaly ýene gürriňe başlady:
—Düýn goýunlary bakyp agşamara öýe gelsem,gelnejeň "Täze alan sygrymyz gaçyp gitdi" diýip öňümden çykdy.
Güni bilen gygyryp duransoň otlamazmyka diýip tutlyga çykaraýypdyrda sygyry.Olam otlamakdan geçen tutlyga içine gaçyp gidipdir.Şol sygry alanyma iki gün bolupdy özi.Täze ýatagy bilen öwrenişen däldirdä gaçypdyr.Atyma münip tutlygyň içindäki ýol bilen ýöreberdim.Şol wagtam garşymdan maňa tarap bir "gara" gelýän ýaly boldy."Sygyrym bolaýmasyn" diýip oňa tarap ýöräp başladym.Ýöne hiç zada gabat gelmedim.Göziňem ugry gaçdyda indi- diýip,Meret aga käsesindäki çaýdan içdi.
Diýmek biziň yzarlan yzlarymyzyň ýoldan sowulmagynyň sebäbi Meret aga bolmaly.Olar Meret agany görüp tutlygyň içinde gizlenendirler.Ýöne näme üçin olar Meret agadan gorkdylarka?!...
Yzlaryň sowulýan ýerindäki toýnaklaryň yzam Meret aganyň atynyň yzlary bolmaly.
— Gijede tüm garaňky.Fonaram alaýmandyryn-diýip,Meret aga gürrüňini dowam etdi-Bir sagat ýaly tutlygyň içinde aýlanyp ahyryn tapdym sygrymy.Şahyna ýüp salyp,öýe alyp gelýärkämem tutlygyň içinden iki gezek atylan okyň sesini eşitdim.Ýene awçylar gelendir diýip pikir etdimde,sygyry derrew malýataga daňyp,yzyma okyň sesi eşidilen tarapa at saldym.Tutlygyň ortaragyna ýetenimde ýolda kimdir biri ylgap barýardy.Edil bir zatdan gaçýan ýaly...
— Ýada kimdir birini kowalaýan ýalymy?
—Hawa,soň görsem onuň öňüňden sen gaçyp barýan ekeniň,ol seni kowalaýan eken.Garaňkyda kän gowy görünmedi welin ýöne ol edil garry ýaly bükilip ylgaýardy,saçlaram uzyndy.Meň yzyndan gelýänimi aňdymy nämemi ýoldan sowuldy.Ilki onuň yzyndan ýetmekçi boldym.Ýöne öňde ýykylyp ýatan adamy görüp,onuň yzyndan gitmedim.Atdan düşüp görsem,ýykylyp kelläňi tudyň töňňesine uran ekeniň.Ata ýükläp öýe alyp gaýtdym,onsaň seni-diýip,Meret aga sözüni tamamlady.
— Alyp gaýdanyňa sag bol Meret aga.Şol wagt meni kimlerdir kowalady dogrusy.Obaňyzda bolan wakalardana habaryň bardyr.Men şony derňemek üçin gelipdim.Yzlar meni tutlygyň içine getirdi.
Gije garaňkyda,kimdir biri bizi kowalady...Dogurdanam şol wagt ýanymda Şanazaram bardy,uçakawoýyňyz.Ony görmediňmi tutlykda?-diýdim.
Meret aga bolsa näme üçindir ýüzüme haýran galmak bilen seretdi.
— Şanazar seň ýanyňdamydy?-diýip,sandyraýan sesi bilen sorady.
— Hawa,meň ýanymdady.Soň tutlygyň içinde kowalaşyp ýörkäk ýitirdim ony.Näme boldy,eýgilikmi özi?
— Şanazary şu gün irden gonamçylykdan tapypdyrlar...Näme üçindir öz janyna kast edipdir.Gonamçylykdaky uly tut agajyndan özüni asypdyr...
Meret agaň bu sözlerini eşidip,depämden gaýnan suw guýulan ýaly boldy.Erbet gynandym...
—Bu gün sen ýatyrkaň patasyna görünip geldim.Günortan 12-de soňky ýolyna ugratdyk neressäni-diýip,Meret aga müýnli ýaly ýere seretdi.
Meret agaň soňky gürriňleri gulagyma ilmedi.
Şanazar näme üçin beýtdikä?!...Näme mejbur etdikä özüni asmaga?!...Diýmek ol şol gidip barşyna öýünede barman,göni gonamçylyga baryp özüni asan bolmaly...Ýöne näme üçin?!...Näme üçin?!...
Meret agaň gördüm diýýän saçly adamy kimkä?!...Bizi kowalanlar kimler ýada nämeler?!...Ýiten Jesetler...olar nirde?!...Kellämde diňe şu soraglar.Nämede bolsa bu zatlaryň anygyna ýetmek gerek.
2-nji bölümiñ soñy.. dowamy bar

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.