Ýalanam diýip bilmersiň, çynam...

Her elin-de 10 barmagy bolan adamlar,hiç wagt ölmez.

Ýeňsesinde gözi bar adamyň,hiç wagt saçy düşmez.

Sygyrlar mäläp,geçiler molap dursa,öýüň gapdalynda,wulkan atylar.

Syrma kel adamyň saçyndan bir taryny tütetseň,kesel ýanyňa gelmez.

Internede girmeýän gyzyň imosyndan habar gelse,bagtly bolarsyň.

Jokrama yssyda ýagan garyň suwy,aşgazana peýda.

Gujak ýaly garpyzy,tutuşlugyna ýuwutsaň,biwepalyk görmersiň.

Diri aýynyň içinde,3 gün ýatyp çyksaň,soguljanyňy aýyrar.

Birbada 40 ýylana çakdyrsaň,derlemäňe peýda.

Ölüniň ýanynda 100 gün gömülüp çyksaň,gözagyrydan dynarsyň.

Bir günde 25 sagat gezim etseň,şähdiň açylar.

Malyň eti halal,eýesiniňki haram.

Bir näçe ýyldan bäri erik bolmaýan nowça iýseň,ömrüň uzak bolar.

Plýus bu-keseleýin hem dikleýin goýulan, goşa minus.

Dostluk.ru 13.06.2020,
Best boý agza.
3 лайков 196 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
28 авг 2022, 18:09
Kellam dondy ochurip yakaymasam :-)
My life
28 авг 2022, 21:45
Her elin-de 10 barmagy bolan adamlar,hiç wagt ölmez.
Shula gaty yalan, umuman hemmesi.)))
Haydar
Автор 29 авг 2022, 18:14
Sapa grdaş, mowzuk derdiňi gozgadymy halamansyň welin)))
Enesh_Turkmengyzy
16 сен 2022, 07:22
Birbada 40 yylana cakdyrsan derlemane peydaly

Şu ýylgyrtdy biraz:)