Şahyrlara sowallarym

Sowal:

Adam bina etdi haýsy kanaly?
Ol ýerden başlanýar okean ýoly.
Ýatan bir çägelik sag bilen soly,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Kimdir ilki bolup kosmosa uçan?
Ol haýsy milletden, nirede, haçan?
Häzir ýaşap ýörmi ýa mundan geçen?
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Girkan haýsy deňziň ozalky ady?
Suwy tagamlymy, ajymy dady?
Egnine göterýär kän parahody,
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Orta Ažyýada döwletleň sany
Näçe diýip hasap edýäň, bil hany,
( Dymma, şahyr, iýýän ýaly talhany),
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym?

Sowal:

Çarwa bilen çomryň parhy nämedir?
Habsy önüm öndürmäge jan eder?
Biri iýmit, biri egne don eder,
Su sowala jogabyň ne, şahyrym?

Ýusupahmet.

Hsýsy şahyr dogry jogap bererkä?
5 лайков 265 просмотров
24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yusupahmet93
Автор 04 фев 2023, 19:24
Habsy däl, ,, Haýsy" bolmaly.
Yusupahmet93
Автор 04 фев 2023, 19:32
Ýönekeý sowallar. Kyn ýeri ýok.
Gerceknazar
04 фев 2023, 19:36
Häzir internetden gözledip bilýän ?
#B.S
04 фев 2023, 19:38
Gerceknazar,
Özüň bilmeli ?
kesirkelle
04 фев 2023, 19:42
Hsýsy şahyr dogry jogap bererkä?
Men ä şahyr däl. Şoññ üçiribem dymaýyn. Hany şahyrlar name diyyaka
Gorkakbatyr
04 фев 2023, 20:20
Adam bina etdi sues kanaly,
Ol ýerden başlanýar Hind umman ýoly,
Arap çöllügidir oň iki goly,
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
(Elbetde şahyr bolmasagam)
kesirkelle
04 фев 2023, 20:26
Hany onda bizem synanaly,

Çarwa maldar, ćomry ekindar bolar,
Önüm bn ûlkamize goşant bolar,
Biri ak biri gök bol elin eder...
Añlaýşymça jogap ýazdym gowunsiz:)))
Öwreniji
04 фев 2023, 20:30
Pass
kesirkelle
04 фев 2023, 20:34
Gagarin agamy kosmasa uçan,
61ýylynda, rus bolup uçan
Yzýany kosmasa ebedi uçan,
Şahyr dälden elujy jogal beýledir:)))
Gorkakbatyr
04 фев 2023, 20:37
Girkan Kaspi deňziň ozalky ady.
Suwyda tagamsyz, duzumtyk ajy.
Göterýän egnine kän parahody
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
Aksary
04 фев 2023, 20:41
Bil,ilki Gagarin kosmasa uçan.
Ol bir ors zenanyñ bilinden gaçan.
Panyny terk eden,bakyýa göçen.
Eştmişimçe ,jogaplarym şeýledir!
kesirkelle
04 фев 2023, 20:42
Aksary??
Aksary
04 фев 2023, 20:42
kesirkelle
Gagarin agamy kosmasa uçan,
61ýylynda, rus bolup uçan
Yzýany kosmasa ebedi uçan,
Şahyr dälden elujy jogal beýledir:)))

61 dälde 69 bolaýmasyn,ýa men ýalñyşýanmy?
Gorkakbatyr
04 фев 2023, 20:50
Çarwa - seýil eder dünýäni gezer,
Çomry - diňe dogduk depesin biler,
Biri ýeriň, biriň düzüň piridir,
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
kesirkelle
04 фев 2023, 20:51
Bilmedim da. 1000 sany meşhurlar diyen prog bardy mende. Şondan ýatda galypdyr Gagarin akgada. Gugllan gozlese bilse bolar.
Aksary
04 фев 2023, 20:54
kesirkelle
Bilmedim da. 1000 sany meşhurlar diyen prog bardy mende. Şondan ýatda galypdyr Gagarin akgada. Gugllan gozlese bilse bolar.

69 bolmaly
kesirkelle
04 фев 2023, 20:59
Дата и место рождения: 9 марта 1934 г.,Клушино, Россия

Дата и место смерти: 27 марта 1968 г.,Новоселово, Россия

68de payr bolupdyr eken. 61 eken
В честь пятидесятой годовщины полета человека в космос, 7 апреля 2011 года своей резолюцией A/RES/65/271 Генеральная Ассамблея провозгласила 12 апреля Международным днем полета человека в космос. 12 апреля 1961 года состоялся первый полет человека в космос, который совершил Юрий Гагарин — советский гражданин
kesirkelle
04 фев 2023, 21:00
* pahyr--bolmaly
Pegas
04 фев 2023, 21:12
Kellä geýiň poeziýany)
kesirkelle
04 фев 2023, 21:15
Aýaga geýmese (ler)(k) şükür et!:)
Perman Izakow
04 фев 2023, 21:21
Häzir internetden gözledip bilýän ?

Şahyrlar şu sözi göz görtelle diýse bizä dymyyyp otyrjak.
Edepli Gödek
04 фев 2023, 21:26
Haý, Atabaýhalmyradyň goňşysyny depeýiniň depeýini iki gün bäri peoziýaň enesin-ä agladýaňyz bizem güldürýäňiz))
Näme diýjegimi bilemok)))))))
Edepli Gödek
04 фев 2023, 21:28
Şahyr däldigime müň mertebe şükür etdim)) bolmasa muny jogaplamaly bolardym))
Edepli Gödek
04 фев 2023, 21:32
Şu sowala jogabyň ne, şahyrym? diýip jemlenýär setirler a kabiri bolsa Başarşymça jogap bermek borjumdyr. diýipdir utgaşanok birhili (meň pikirimçe)
Aksary
04 фев 2023, 21:45
Çarwa sözüne başga tarapdan seretseñ,Abyl bn Kabylyñ döwürdeşleri diýmegem bolyan ýaly(my)?