"Seniň juda ezizligiň nämeden?!"

Seniň ezizligiňi näme deňäp bilerin? Şu barlykada saňa deňäre söz tapmadym mähriban! Şeýle güýçli söýgi bilen söýýärin seni.Janymy seň üçin gözlerimi gyrpman gurban etjegem.Togabym, sogabym, sowallara jogabym sen. Aryşda Alla, ýerde saňa sygynjagym. Seň bilen diri men. Ýaşaryn demsiz. Sensiz ýaşap bilmejegim hak. Ar-namysym baýdagyňa deňänim.Haklajak borun duzuňy. Bagryňa bas, mähriňe, söýgiňe zar gyzyňy.
Atama, Eneme – Hormatym,
Ýaryma – Söýgim,
Ojagyma – Yhlasym,
Balalarma – Mähirim,
Dostuma – Wepam,
Haýam – Äht-kasamym bilen ölçegin, WATAN! Saňa söýgimi...


Seniň barlygyňda bagtly men mydam
Asyl saňa taý gözlemen jahanda.
Şöhratly taryhyň ýaňyny duýýan,
Geçen ýyllaň kerwen guran gatynda.

Ýüregimden dömüp çykan setirlem,
Seň beýik söýgiňden gözbaş alandyr.
Yssy mähir bilen gurşalan dünýäm,
Sada duýgularymy yşka salandyr.

Ýok, men asla-da oňmaryn sensiz,
Janym-tenim, ähli zadym seniňdir.
Men kemala geldim seniň goýnuňda,
Atam, babam wysal tapan ýeriňden.

Ýüze sylyp togap eden topragym,
Kalbymda bir owaz bolup ýatansyň.
Sebäbi sen meniň dinim-imanym,
Bakylygma dowam bolan WATANSYŇ!

@Esma.
7 лайков 308 просмотров
22комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
17 июн 2022, 15:27
Mowzugyň ady "Seniň ezizligiňi nämä deňärin?!" bolmalymy?!

Goşgy has pafosnyý bolupdyr. Ýeke sorag: Watan siz üçin näme?!
Esma
Автор 17 июн 2022, 15:30
Hiayress,
"Watan" meň üçin hemme zat.
Telwas
17 июн 2022, 15:35
Berekella!
Şagyzy Şazada
17 июн 2022, 15:39
Esma gowy goşgy ýazypsyň saňa mundan beýlägem durmuşyňda üstünlük dileýän goşgularyň gazetiň hemme sahypasynda görünsin posa sps brawo 1nji bahaber
Pegas
17 июн 2022, 15:42
Pes eken.
Esma
Автор 17 июн 2022, 15:45
Pegas,
Pikirleriň hökman mugallym.
Hiayress
17 июн 2022, 15:45
Esma,
Ýagny menem seň üçin Watanda?! :D
Esma
Автор 17 июн 2022, 15:49
Hiayress,
Saňa ýokardaky ýazanlarymdan artyk düşündirip bilemok.
Ýaňsylamaňyzam goýuň.
Pegas
17 июн 2022, 15:54
Esma
Pegas,
Pikirleriň hökman mugallym.

Gowy zat aýtmak üçin öň aýdylmadyk zat aýtjak bolmaly.
Esma
Автор 17 июн 2022, 15:57
Pegas,
Ene, Watan hakynda aýdylmadyk söz galdymyka?
Meň ýöne ýazasym geldi, bar başarnygym şu.
Esma
Автор 17 июн 2022, 15:59
Hiayress,
Hany, özüň bir zat aýdyp ber-dä? Watan hakynda. Ýekeje sözlem öz sözüň bilen.
Pegas
17 июн 2022, 16:12
Esma
Pegas,
Ene, Watan hakynda aýdylmadyk söz galdymyka?
Meň ýöne ýazasym geldi, bar başarnygym şu.

Ok.
Harmony
17 июн 2022, 16:31
"Ejizligiň" diýip okapdyryn. Kinodaky ýaly meňem gözüme harplar tans edip başlapdyr öýdýän.
Zadyň gadyrny käte ýitirlende bilinşi ýaly, Watana degişli näme ýazjagymy bilmedim, içinde ýaşap ýöremizsoň.
Margarita
17 июн 2022, 17:07
Iki goşgam gowy çykypdyr. Ýokarky goşgynyň täsirinden ýaňa tolgunman okap bilmedim. Çünki onda Watana bolan buýsançly duýgulardan ýugrulan ähli gowuluklar beýan edilen.

Aryşda Alla, ýerde saňa sygynjagym. Seň bilen diri men.
Ýaşaryn demsiz.
Sensiz ýaşap bilmejegim hak
Ar-namysym baýdagyňa deňänim.
Haklajak borun duzuňy.
Bagryňa bas, mähriňe, söýgiňe zar gyzyňy.
Atama, Eneme – Hormatym,
Ýaryma – Söýgim,
Ojagyma – Yhlasym,
Balalarma – Mähirim,
Dostuma – Wepam,
Haýam – Äht-kasamym bilen ölçegin, WATAN!
Saňa söýgimi!...
ŞU SÖZLERDEN BEÝIK ÝENE NÄHILI SÖZLER BAR?!
Esma
Автор 17 июн 2022, 17:31
Margarita,
Köp minnetdar joram, ýürekdeşligiňe. :)
Hiayress
17 июн 2022, 17:38
"Watan hakynda ýokardyky aýdan zatlarymdan artyk zat aýdyp bilemok" diýipsiň, ýokardaky aýdanlaryňa göz aýlap bilerismi?!

"Seniň barlygyňda bagtly men mydam
Asyl saňa taý gözlemen jahanda.
Şöhratly taryhyň ýaňyny duýýan,
Geçen ýyllaň kerwen guran gatynda."


Ýokarky 1-2-nji setirler tarypnama üçin kiçiräk deňeşdirme. Maňa gyzyklysy 3-nji setir "Şöhratly taryhyň ýaňyny duýýan". Şu setirde Türkmenistan ýurdunyň taryha göz öňüne tutulmadyk, Türkmenistan döwletiniň taryhy göz öňüne tutulan bolsa 1991-nji ýyldan bärini öz içine alýar. Ol ýerde-de "Şöhratly taryh" diýip agyz dolduryp aýdar ýaly zat ýok. Taryh diýip 20-30 ýyl, umumy taryhda taryhada girenok, düýnki gün. Türkmen milletiniň taryhyny göz öňüne tutan bolsaňam, haýsy döwüri göz öňüne tutanyňy aýdaýsaň?! Sebäp azda-kände türkmen milletiniň taryhyny bilýän, ýöne şöhratly taryhy barada welin hiç zat bilemok. :(

Yzyna göz gezdirjek boldym weli, standar öwgi sözleri eken. Watanyň keşpini diňe "Atam, babam wysal tapan ýerinden" başga ýerde suratlandyrmadyk eken.

Elbetde (Seň beýik söýgiňden gözbaş alandyr.) beýik söýgüsindenem söz açypsyň welin, söýgüniň özi subýektiw zatka, jümlä obýektiw analiz berip bolanok.

Meň pikirimçe: goşgy standart jümleler bilen ýazylmasa, birem näme hakda ýazylýanyny bilinse gowy.
Massimus
17 июн 2022, 17:40
Esma,
Watan hakynda ajaýyp goşgy, men-ä haladym, söz ýok, bravo! brawo
Esma
Автор 17 июн 2022, 18:00
Hiayress,
Köp sag bol, düşündireniňe, ünsüňe.
Esma
Автор 17 июн 2022, 18:00
Massimus,
Minnetdar!
Gumly gelin
17 июн 2022, 23:59
Esma,gadyrdanym,dogrudan-da Watan barada aýdylmadyk zat ýazaýmak juda kyn.Şonda-da hemişe Watan barada bir zatlar ýazasyñ gelýär.Ýazman oñup bolanok...
Aksary
18 июн 2022, 01:05
Awtory kimkä?
Esma
Автор 18 июн 2022, 05:51
Aksary,
Awtory özüm.