Otly gidip barýar...
Otly gidip barýar sesli,tüsseläp,
Ýol ugrunda, Tejen, Kaka, Mary bar...
Ömür gidip barýar käte hassalap,
Ýol ugrunda zäheri bar, baly bar.
Otly gidip barýar barha yranyp,
Ýol ugrunda şäher, oba,çöli bar...
Ömür gidip barýar gama bürenip,
Ýol ugrunda ýandagy bar,güli bar.
Otly gidip barýar parhyna-da däl,
Adamyn düşürýär,adamyn alýar.
Onuñ üçin çölmi, obamy,şäher,
Parhy ýok bar kyny ýuwudyp gelýär.
Ynsan senem indi zeýrenme besdir,
Ähli kynyñ hötdesinden geljek bol.
Oýly, pesli,çölli ömür ýoluñda,
Başarsañ ynjama, otly boljak bol....
Kerim Hally
Ýol ugrunda, Tejen, Kaka, Mary bar...
Ömür gidip barýar käte hassalap,
Ýol ugrunda zäheri bar, baly bar.
Otly gidip barýar barha yranyp,
Ýol ugrunda şäher, oba,çöli bar...
Ömür gidip barýar gama bürenip,
Ýol ugrunda ýandagy bar,güli bar.
Otly gidip barýar parhyna-da däl,
Adamyn düşürýär,adamyn alýar.
Onuñ üçin çölmi, obamy,şäher,
Parhy ýok bar kyny ýuwudyp gelýär.
Ynsan senem indi zeýrenme besdir,
Ähli kynyñ hötdesinden geljek bol.
Oýly, pesli,çölli ömür ýoluñda,
Başarsañ ynjama, otly boljak bol....
Kerim Hally
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.