Bagyşla Poeziýa?!...
Çagalykdan sen aňyma ornapsyň,
Ezizowyň meşhur hüwdüsi bilen,
Hat okanym bäri, dertdeş syrdaşym,
Saňa yşkym aýsyz gijeler biler.
Ilkinji şygrymy ejeme ýazdym,
Okap berdim, ýüzi bagtdan nurlandy,
Eý poeziýa, eý gojaman poeziýa,
Seniň aslyň keramatdan gurlanmy.
Taryhyňda näçe horluk çekseňem,
Bu gün saňa "düşünýänler" köp indi,
Özümi bilelim, goşga meňzeşdiň,
Haçan beýle stilleriň köpeldi.
"Saňa meňzeş zady" okan mahalym,
Onda ýalňyş "many" gören ekenim.
Otuz ýyllap saňa aşyk bolsamam,
Men saňa düşünmän ýören ekenim,
Nirä gitsem, dönüp saňa gelsemde,
Seniň bilen aglasamda, gülsemde,
Ilk söýgime seni okap bersemde,
Men seň düşünjesiz ogluň ekenim.
Ýa-da Kerim, Gaňňalyda, Geregne,
Şu setirler bilen garaşdymyka,
Saňa pida bolan Annasoltanam,
Şu setirler üçin göreşdimikä?!
Döwür üýtgäp, täzeçillik gelsede,
Sen beýik bolmaly, Asmany-Arşda,
Onuň Alyhezretleri, Poeziýa,
Biz "döwrebap" nesillerňi bagyşla...
Maksat Esenow.
Ezizowyň meşhur hüwdüsi bilen,
Hat okanym bäri, dertdeş syrdaşym,
Saňa yşkym aýsyz gijeler biler.
Ilkinji şygrymy ejeme ýazdym,
Okap berdim, ýüzi bagtdan nurlandy,
Eý poeziýa, eý gojaman poeziýa,
Seniň aslyň keramatdan gurlanmy.
Taryhyňda näçe horluk çekseňem,
Bu gün saňa "düşünýänler" köp indi,
Özümi bilelim, goşga meňzeşdiň,
Haçan beýle stilleriň köpeldi.
"Saňa meňzeş zady" okan mahalym,
Onda ýalňyş "many" gören ekenim.
Otuz ýyllap saňa aşyk bolsamam,
Men saňa düşünmän ýören ekenim,
Nirä gitsem, dönüp saňa gelsemde,
Seniň bilen aglasamda, gülsemde,
Ilk söýgime seni okap bersemde,
Men seň düşünjesiz ogluň ekenim.
Ýa-da Kerim, Gaňňalyda, Geregne,
Şu setirler bilen garaşdymyka,
Saňa pida bolan Annasoltanam,
Şu setirler üçin göreşdimikä?!
Döwür üýtgäp, täzeçillik gelsede,
Sen beýik bolmaly, Asmany-Arşda,
Onuň Alyhezretleri, Poeziýa,
Biz "döwrebap" nesillerňi bagyşla...
Maksat Esenow.
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.