ÝENE MEN HAKDA

Goňşy öýde zulm edilse naçara,
Öz şahsy agymy aglamadym men.
Açylsa-da öňde tagty-eýwanlar,
Zümerret zynjyra baglanmadym men.
Pişigiň “mýaw”-ynda nalasyn duýdum.
Itleň “ýylgyrşyna” aldanmadym men.
Zyňsalar-da oduň-külüň içine,
Päk göwherdim, asla daglanmadym men.
Sesim basmak islese-de gargalar,
Hoş owazdym, ömür soňlanmadym men.
Taýýarlyk gerekdi şedewr üçin,
Her arzan radioda ýaňlanmadym men.
Uly toýda aýdym aýtmak parzymdy,
Gören meýlisimde galgamadym men.
Ýeňseden,
Gursakdan pyçak sokana
Alkyş aýtdym, hergiz gargamadym men.
Dünýä söýgim juda çuňňur bolsa-da,
Mydam oňa golum salgamadym men.
Wagtym ýokdy bir pursat dek durara,
Ýetişmedim agym aglamaga hem.
... Düşünmez deý dünýäň heleý oýnuna
Günüm üçin günim oglanmydym men?!


Suraý BABANYÝAZOWA
8 лайков 484 просмотров
29комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
19 июн 2022, 18:22
Suraý Babanyýazowa
Ine bu goşgyňyz goşgy bolupdyr, döredijiligiňizde üstünlik...
Massimus
19 июн 2022, 18:24
Pegas
haçan ýazylan goşguka, bileňizokmy?
Pegas
Автор 19 июн 2022, 18:25
IÇDÖKME

Salam, kaka!
Ýatyrsyňmy?..
Mör-möjekler heläk edýän däldir-ä?
Ah, olar saňa bir degmäýbilsedi.
Meni bärde çybyn-çirkeýler çakýar,
Gara içýanlar sokýar, ak möýler çakýar.
Sen gideňsoň toý tutdular gargalar,
Gurbagalar kyldy şatlyk-şagalaň,
Boldular ala-galmagal...

Ýa-da, kaka, bilýädiňmi
Aýyň garadygyny.
Şowa kör bolamsoň,
Äýnek dakynamsoň bildim
Aý ýüzünde görünýänleň
Aňyrsynda başga zatlaň bardygny.
Duşmanlar begenýär görüp
Maňlaýdaky çyzygymy,
Menem şolarça begenýän
Senden galan soňky ýadygärlik bü.

Sag bol, kaka, sen birahat bolaýma,
Men möýleriň zäherinden gorkamok,
Ýylanlaryň gaharyndan gorkamok.
Indi Aýyň garadygynam gördüm.
Dostsumaklaň çep kisede gizleýän
Gamajygynam gördüm.
Jaýlaň şyrdagynyň aşagyndaky
Gulajygynam gördüm.

Menem bir gün ýadan äýnegim goýup,
Maňlaýma çyzlanlaň baryny görüp,
Müň ýoly külterlän ädigim goýup,
Müň ýola gaýtalan aýdymym goýup,
Ýanyňa bararyn hiç kim görmänkä,
Görüşýänçäk, kaka!


✏️ Suraý BABANYÝAZOWA
Pegas
Автор 19 июн 2022, 18:27
Massimus
Pegas
haçan ýazylan goşguka, bileňizokmy?

Bilemok.
Gumly gelin
19 июн 2022, 18:31
Beýle ýürekli ynsana "Naçar"diýip bolmaz...
Ýöne welin erkek bolup heleý dek başbogy bulaýan erkeklere nãme diýse bolarka diýen soragyñ jogaby-da şu gošguda bar eken...
Gumly gelin
19 июн 2022, 18:32
Ýetireniñ üçin sag bol Sapa!
Bahara
19 июн 2022, 18:39
Suray erbet yazanok, birice yazyar, gowsam bar erbedem, kitapcyn adminin yerliksiz öwgüleri, bos goldawy gözden düsürdi surayy.
Pegas
Автор 19 июн 2022, 18:40
Bahargül
Suray erbet yazanok, birice yazyar, gowsam bar erbedem, kitapcyn adminin yerliksiz öwgüleri, bos goldawy gözden düsürdi surayy.

Kimiň gözünden düşürdi?
Bahara
19 июн 2022, 18:41
Bar bolany sol. Artykmajam däl pesem. Bolup bilse orta gürpde galjak sahyr bolar. Ylahylyk intak önünde satassa satasar, intak ylahylyga yeten setiri obsalyut yok.
Massimus
19 июн 2022, 18:42
Gumly gelin,
Beýle ýürekli ynsana "Naçar"diýip bolmaz...
Ýöne welin erkek bolup heleý dek başbogy bulaýan erkeklere nãme diýse bolarka diýen soragyñ jogaby-da şu gošguda bar eken...


Gelneje Sizi hormatlamak bilen (Sizi tanamok, ýöne zenan bolanyňyz üçin)
meň bir sam.syk "goşgyny" tankytlanlygym üçin heleý derejesine düşüreniňize düşünmedim. Howwa şol Suraý diýilýäni (Suraý bagyşla) meň düşünjämden ýokary goşgy ýazýandygyna düşündim, ýöne Siziň we Size meňzeşleriň oňa ýallaklap, beýle pese düşeniňize düşünmedim.
Bahara
19 июн 2022, 18:43
Pegas,
Poeziyany halayanlan
Bahara
19 июн 2022, 18:50
Pegas,
Poeziyany halayanlan. kitapcy. Com formyn admini sitenem surayam suwjuk süwümsiz, wagtlayyn yalan öwgüleri bn poeziyany halayanlan gözünden düsürdi
Bahara
19 июн 2022, 18:50
Tankytlany, dogrsyn aytjagy banlady
Pegas
Автор 19 июн 2022, 18:52
Bahargül
Pegas,
Poeziyany halayanlan

Her aýyň soňky şenbesinde Mary welaýatynda edebiýat birleşmesi geçirilýär (ýaşululaň aýtmagyna görä, takmynan 100 ýyla golaý wagt bäri). Tejribesi ýetik birleşme. 7-den 70 ýaşla çenli eline galam tutan barýar islegi bilen. Pes derejeden, ortagürp derejeden başlap, edebiýatda kän çorba sowadan halypa ýazyjy-şahyrlar gatnaşýar. Menem indi şoňa 11 ýyl bäri gatnaşýan. Suraý Babanyýazowa bolsa ondanam irden bäri gatnaşýar. Indi men pikir edýän: şol ýere gatnaşýan tejribeli ýazyjy-şahyrlar poeziýany halanoklarmyka? 90%-i Suraýa, Suraýyň döredijiligine, täzeçilligine ýokary baha bildirýäler. Indi muňa-da kitapçy.com günäkärmi? :)
Bahara
19 июн 2022, 18:55
Sahyr bolsa gosgysynyn gowsam bor, gowsagam. A ol beytmedi. Öwgülernin yalandygyn tarap tutyanyn bildirdi. Okyjlan gözünden düsdi ikisem. surayam öwüp yazylsa sagbol aytdy, gosgyn gowsak tarapy aydylsa "suda bererin" diyip cisip yazdy kommentmerde. Onnon surayam tanatdy özüni..... Ai bolyala. Poeziyany kellä geydiler... Dogrysyn aytsan hallamayanskilerden Sahyr bolmaz. K
Gumly gelin
19 июн 2022, 18:57
Massimus,bagyşla.Siz bu bolşuñyzy tankyt hasaplaýan bolsañyz men bir zatlar ýazyp juda ýalñyşypdyryn.Tankyt ýañsy bilen ýerini çalşypdyr ýa meñ başym çaşypdyr.Siziñki dogrudyr.Meñ başym çaşypdyr.Ullakan ötünç soraýan.BAGYŞLAÑ!!!
Bahara
19 июн 2022, 18:59
Pegas,
Surayyn önki gosgulary gowydy. 2007. yyllarda yazyp nesilde beryänleri gowydy. Obasynyn sanyna yazan sonky gosgylary gowydy. Gowsagam bardy icinde gowusy köpdi. Kitapca gelip öwgä beyhus boljp yazanlary manysyn gacyrdy on. Bar bomany.
Massimus
19 июн 2022, 19:02
Gumly gelin,
Massimus,bagyşla.Siz bu bolşuñyzy tankyt hasaplaýan bolsañyz men bir zatlar ýazyp juda ýalñyşypdyryn.Tankyt ýañsy bilen ýerini çalşypdyr ýa meñ başym çaşypdyr.Siziñki dogrudyr.Meñ başym çaşypdyr.Ullakan ötünç soraýan.BAGYŞLAÑ!!!


Aslynda men şol ýaňsyly goşgyny Suraýyň stilinde ýazyp göreýin diýdim, halamadyňyz öýdýän, ýa bu stilde diňe Suraý ýazsa halaýaňyzmy?
Bahara
19 июн 2022, 19:02
Pegas,
Sen düsünmedin, suray yalan öwgüden beyik bolmalydy, görünup duran kemciligi aytman öwen bolyan bolsalar sahyra zelel ol. Ony sen menden gowy bilmeli ahbeti.
Ötegçi
19 июн 2022, 19:04
Massimus,
Iki sany teswir uçin maña heley-baran diýeñde gelşiklide bir mowzuk uçin diýlende gelşiksizmi?!.
Hiayress
19 июн 2022, 19:05
Bahargül,
Allah, Allah, köşeş gyz, ýazsa özi üçin ýazýar, pozsa üçin pozýar, gaçyrsa öz abraýyny gaçyrýar. Saňa nä?! Arzyly bir zadyň eliňden alan ýaly ýarylaýdyňlaý. Poeziýa düşünýän adam bolan bolanlygyňda bir goşgysyny alyp seljerip, many we tehniki ýalňyşlyklaryny ýüze çykararyp görkezerdiň. Bärde ilkä şahsyna ýetip, soňam biriniň döredijiligini umumy alyp, garalap oturman.
Bahara
19 июн 2022, 19:11
Hiayress,
Senem poeziya, düsünsen yarana duz bas,ylan yaly gelip meñ kommentime sokuldyñla. Poeziya, düsünsen sen ederdin mana "ederdin" diyip akyl satyp oturan seljermäni. Neee sen yarana duz basaydymy kommentlem. gadyrdan!
Hiayress
19 июн 2022, 19:16
Bahargül,
Ýarty sözüňe düşünsemem, ýarsyna düşünmedim. Türkmençe ýazmany öwren ilki.
Bahara
19 июн 2022, 19:16
Hiayress, Kitapcyn okyjsydym, suwjuklygy halamayanym ün terk etmeli boldum, bir yazan dogry tankydym ücin banlandym. Admininin süwümsizligi ün. Börde-de dogrsyn aytmak bolanokmy??? Sen ne beyle otlanyp geldin menin pikrime.
Gumly gelin
19 июн 2022, 19:20
Massimus,hmmm şeý diýseñizle.Menem edil siz ýaly Suraýa öýkünip ýazasym gelýä.Ýazyp görýänem käte.Ýöne ol siziñki ýaly ýañsylaýjy(ýañsylap ýazanñyzy açyk-aýdyn aýdybam otyrsynyz aslynda) äheñ bermeýär...



Ol...

Namysdan baýdak dikip,
Kamysdan lybas dikindi.
Boýnuna altyna derek,
Iliñ derdini dakyndy.
Onsoñ gursakdaky närse,
Her gün elendi.
Her ädimde dilindi.
Ýandy-bişdi,
Bir gün tapdan düşdi.
Ilden haraý isledi,
Emma,göwni suw içmedi.
Il-ä ildi,güýji sildi.
Ol bolsa ýalñyzdy.
Il derdine derman gözläp,
Ol tas ilden çykypdy.
Hälem wagtynda bildi.
Tirsegne galdy,
Daýandy,
"Ilime abatlyk eçil,
Eý,Rebbim"-diýe ýalbaryp,
Bialaç ile goşulyp,
Akymyn ugruna ýüzüberdi.

Gyzylgül Annagylyjowa

Massimus,Hawa gadyrdan menem şuny Suraýa öýkünip ýazdym.
Ýañsy diýilýãn zadyñ medeniýetli kişä gelişmeýändigni aýdanymdan soñam siz maña şu soragy berip bilýãn bilsañyz men indi diñe DYMMAGY saýlaýan jenap @Massimus...
Hiayress
19 июн 2022, 19:22
Bahargül,
Ýazýan teswirleň şu bolsa, kitapçy birinji we iňsoňky banlanan ýeriň bolmaz. Höwri köp bolar.
Bahara
19 июн 2022, 19:24
Bärdede on nikneymin barow senin haa. Alla kuwwat bersin, senkem ansat däl. Prosay.
Öwreniji
19 июн 2022, 19:39
Gumly gelin
Massimus,hmmm şeý diýseñizle.Menem edil siz ýaly Suraýa öýkünip ýazasym gelýä.Ýazyp görýänem käte.Ýöne ol siziñki ýaly ýañsylaýjy(ýañsylap ýazanñyzy açyk-aýdyn aýdybam otyrsynyz aslynda) äheñ bermeýär...



Ol...

Namysdan baýdak dikip,
Kamysdan lybas dikindi.
Boýnuna altyna derek,
Iliñ derdini dakyndy.
Onsoñ gursakdaky närse,
Her gün elendi.
Her ädimde dilindi.
Ýandy-bişdi,
Bir gün tapdan düşdi.
Ilden haraý isledi,
Emma,göwni suw içmedi.
Il-ä ildi,güýji sildi.
Ol bolsa ýalñyzdy.
Il derdine derman gözläp,
Ol tas ilden çykypdy.
Hälem wagtynda bildi.
Tirsegne galdy,
Daýandy,
"Ilime abatlyk eçil,
Eý,Rebbim"-diýe ýalbaryp,
Bialaç ile goşulyp,
Akymyn ugruna ýüzüberdi.

Gyzylgül Annagylyjowa

Massimus,Hawa gadyrdan menem şuny Suraýa öýkünip ýazdym.
Ýañsy diýilýãn zadyñ medeniýetli kişä gelişmeýändigni aýdanymdan soñam siz maña şu soragy berip bilýãn bilsañyz men indi diñe DYMMAGY saýlaýan jenap @Massimus...

Eger öýkünen bolsaňyzam, bu görnüşde öňem bar. Suraýa öýkünmek bolanok, diýip bolmaz, halaýan goý halasyn, okamaz ýaly goşgysy ýok, ýöne täzeçil boljak bolup, düşünip bolmaýan goşgy gerek däl, Mümkin poýeziýa gowy düşünip, aňrybaşyna ýetenler düşünýändir. Ýönekeý okyjy düşünmese, näme gerek.
Soho
19 июн 2022, 20:41
Suray gorgulin gulagyny shynladyp bildiniz:ay bu gun