Ulumsylyk

ULUMSYLYK

Serhowuzdan çykan juwan gyz kibi
Aý gizlendi töweregne garanyp.
Döwüň gowagyna dönen gözýetim
Şeýtanyň kalby deý ýatyr garalyp.

Aýperiň üzülen hünjüsi deýin
Ýyldyzlar birgeňsi pytraşyp ýatyr.
Pyragyň goşgusyn diňleýän ýaly
Baglar gamly başyn yralap otyr.

Geçmişe bakýasyň gaňrylyp yza,
Buýsanjyň ökünçden ýeňilrek gelýä.
Ýene güberilýäň beýgeljek bolup,
Başardanok. Göwre hasam kiçelýä.

Nirde gyşyk basdyň, nirde büdrediň –
Geçmişi gaýtaryp mizana salýaň.
Şübhelenýän dürslügine tereziň,
Bitaý tarapynam deňlejek bolýan.

Bäsleşik ýok tebigatyň güýjüne,
Senem il deňinde dyzyňa çökýäň.
Adamlaryň paýlaşmadyk derdini
Merdemsi daragtyň düýbüne dökýäň.

Sary çäge, ýaşyl maýsa, gök asman...
Begres geýen bu meýdandan ganma ýok.
Sen öýden çykypdyň gezelenç üçin,
Nämüçindir – dolanasyň gelenok…


Şiraly NURMYRADOW
5 лайков 149 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
20 июн 2022, 08:30
Serhowuzdan çykan juwan gyz kibi
Aý gizlendi töweregne garanyp.

Döwüň gowagyna dönen gözýetim
Şeýtanyň kalby deý ýatyr garalyp.

Aýperiň üzülen hünjüsi deýin
Ýyldyzlar birgeňsi pytraşyp ýatyr.

Pyragyň goşgusyn diňleýän ýaly
Baglar gamly başyn yralap otyr.

Metaforalara sered-ä!
Maksat
20 июн 2022, 09:52
Ýetireniňe sagbol brawo
Öwreniji
20 июн 2022, 11:35
?????❤❤❤❤