ÝAŞ ŞAHYRLARYŇ DÖREDIJILIGINDEN - 2

Geljegine umyt bildirilýän ýaş galamgärleriň ýene biri MYLAÝYM AGAÝEWA 2001-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesinde doguldy. Häzirki wagtda Mary etrabynyň “Täze güýç” geňeşliginde ýaşaýar. 2008-nji ýylda etrabyň 5-nji orta mekdebiniň 1-nji synpyna okuwa barýar. 2019-njy ýylda orta mekdebi tamamlap, Aşgabatdaky Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň orta okuw mekdebine girdi. 2021-nji ýylyň martynda bu okuw jaýyny gutaryp, häzirki wagtda Aşgabat şäherinde saýlan hünäri boýunça zähmet çekýär.
Mylaýym Agaýewa çeper döredijilik bilen mekdep okuwçysy döwründen gyzyklanyp başlady. Ol — halypa-şägirtlik döredijilik mekdebiniň işjeň agzasy.


*  *  *

Gussalarym sygmaz boldy gursagma,
Ind-ä halys serime-de syganok.
Ömür ejizlikde galyp men ýeke,
Ýürek halys aglamasyn goýanok.

Bu gün çynym bilen aglasym gelýär,
Çeken minnetimi undaýyn diýe.
Maňa gerek däl-ä bigünä ýerden
Özgäniň minnetli awusyn iýme.

Pursady ýitirmän, ejizligimden
Hars urup, sebäpsiz ganym nalaýar.
Ýeke teňňe gazanýanam zady ýok,
Ah, men ýene içim ýanyp aglaýan.

Bu meniň hekaýam, awtory özüm,
Ahyrynda sözüm özüm soňlajak.
Maňa başgaň ideýasy gerek däl,
Özüm okap, özüm gülüp, aglajak.

*  *  *

Men henizem ýaşap ýörün durmuşda,
Bakyşyna garamasyz özgeleň.
Men häzirem dymyp ýörün sessizje,
Seret, ýene ýaşaryp dur didelem.

Ötemok dünýeden dikaýak üstde,
Ýadamadym, gidişerin ömürlik.
Kimler diýen bolsa men hakda ýalan,
Goý, men ýene sessiz galjak ömürlik.

Düýbi çüýrük dünýädäki ähli zat,
Salgym ýaly geçip gidýär bu durmuş.
Gursagym gürsüldäp urýar hyjuwly,
Durmuş weli sessiz galýar, geň görmüş.

*  *  *

Ejizleýän, ýene sygamok dünýä,
Aglap-aglap döksem diýýän içimi.
Ýürekdeş ynsanlar tapylýar käte,
Käte-de küýseýän eziz ejemi.

Özge ýerde mätäç bolýan çyn mähre,
Mährinden aýrylmak ejizlik eken.
Isle, isleme, meň nalaç wezipäm,
Kösensemem kaýyl, çümse-de tiken.

Käbäm, äkit meni özge ýerlerden,
Goýma meni özüm bilen bialaç.
Çünki ýetdi sensizligiň ajysy,
Eşit sesim, eje, men saňa mätäç.

*  *  *

Eje, sensiz kyn bu dünýe,
Ýaşamaga höwesim ýok.
Ýer şar juda dar görünýär,
Sen bolmasaň giňligi ýok.

Ýürek gysýar ýöne-ýöne,
Dertlerime düşünýän ýok.
Ynan, käbäm, agyr maňa,
Senden başga biljegem ýok.

Görsem, asyl bu durmuşym
Sen bar wagtyň aňsat eken.
Ýaşap ýörsem, ýalançy-da,
Eje, sensiz ejiz eken.

*  *  *

Ýene ýürek ejizleýär sessizje,
Gursak bedenimden çykaýjak bolýar.
Kämilleşen bu dünýämiň ejizlik
Köne geçmiş bilen öwezin dolýar.

Ahyr bir gün unudaryn, elbetde,
Islemeýän halatymda sözleýän.
Ýöne ýene şol temanyň görnüşi
Duýdansyz ýüregmi inçejik dilýär.

Asylam-a ýetik ýürek ýarasy,
Ýeke şol galypdy salmadyk ýara.
Tüýs ýerine düşdi öýdýän, serediň,
Setirlerim, siňip barýar şol ýa:ra.

*  *  *

Bilýäňizmi, men bagtly, adamlar,
Ýüzüm gülýär, şygrym aýdyp dur aýan.
Munuň sebäpkärin aýdaýyn size,
Ol mähriban ejem — ajaýyp aýal.

Maňa bu gezegem goldawyn berdi,
Ýene geçdi etmişimi, günämi.
Ejem, seni şeýle ýürekden söýýän,
Ýene sen-ä, käbäm, bagtly edýän meni.

Dünýäm seniň bilen gülýär aslynda,
Ýene seniň bilen gülüp ýaşaýyn.
Ýa ýykylyp, ýa ýalňyşyp aglasam,
Kyn ýollary seni ýatlap aşaryn.

Mähriban, owadan, gözel baýlygym,
Ýürekdäki söýgim, iň şowly bijäm.
Men senden özgäni söýmedim entek,
Söýäýsemem birden, bagyşla, ejem...

*  *  *

Sen meniň hiç wagt ýatdan çykmajak,
Ilki söýgim, ilki bagtym bolupdyň.
Emma bu ömrüme goýan ýaraňy,
Sen nädip döz gelip, meni unutdyň?!

Aýt hany, dymma-da, gürle-dä birje,
Neçüýn meni beýle terk edip gitdiň.
Men seni ýitirmek üçin söýmändim,
Emma sen ýene-de agladyp gitdiň.

Düşünip bilemok, sebäbi nirde,
Haýsy ýerde seni ýeke goýdumkam.
Ýalňyşmasam, seni goýmandym ýalňyz,
Näme üçin seni beýle söýdümkäm?

Iň gynanýan ýerim: süýji ýatlama,
Şoň bile hiňlenip aýdylan aýdym.
Hem şol pursatda sen alypdyň posa,
Asyl şol gün eken iň soňky aýdym.
6 лайков 198 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kerbaba
21 июн 2022, 11:43
Яш болсада сетирлери гамгын дуйгылардан долы экен.Белкам, башына душен дурмуш себапли галама япышандыр.. Хер хал устунлик,галамын йити болсун Мылайым!
Harmony
21 июн 2022, 12:00
Menem şeýle pikir etdim. Pessimistik ýazýan eken.
Ötegçi
21 июн 2022, 12:26
1nji 2nji goşgulary gowja çykypdyr. Okap bilman bokenimem bar. Ýaşyna gora gowy! Natanyş awtor. Ýetirip duruñ!
Öwreniji
21 июн 2022, 18:36
örän gowy