Çynaryñ saýasynda (täsin hekaýa)

Çynaryň saýasynda (täsin hekaýa)

—Sen kim, —ol menden gaty geň galyp sorady.

Ýaňy ölen adama näme jogap berjek? Men Çynar diýdim men. Ol meň jogabyma geň galmady. Şahalarymyň birinde otyryp, ýere seretdi.

—Ýerde ýatan menmi? —sorady ol. Eli bilen bolsa oturguçda ýatan jesedi görkezdi.

—Howwa, —diýdim men. Sen ýaňja diridiň indi, bolsa öli, ýok, öli diýip edil ölem däl, ýöne başgaçarak diri.

Ol meň sözlerime pikirlenjek boldy, ýöne başa barmady, ruhlar pikirlenip bilenoklar, pikirlenmek üçin aň gerek, aň bolsa olarda eýýäm ýok. Ýerde ýatan jesediň daşyna adamlar ýygnanşyp başladylar. Jesediň eýesi bolsa, meň şahalamyň birinden aşak gamgyn seredip otyrdy. Ol hem indi edil meň ýapraklarymyň biri ýaly çalaja öwüsýän şemala yranýardy. A belki men ýalňyşýandyryn, belki ol şemaldan dälde alada gaýgydan yranýandyr? Men adam ruhlaryny kän gördüm, ýöne adam entek meň şahalarymyň aşagynda jan bermändi. Bar zat duýdansyz boldy, hemişeki ýaly meň saýamda nobatdaky ötegçi eglendi, otyrguçda otyrdy, demini dürsedi, birdenem ýüreginiň üstini elini goýyp gyşardy, soň gaýdyp dikelmedi. Ine indi ol meň şahalarymyň üstinde bolan zatlara doly düşünmän otyr.

—Sen öleniňe gynanma, —diýdim men. Men ony köşeşdiresim gelýärdi, ýöne Çynarlar ýaramaz köşeşdiriji.

—Men ölenime gynanamok, yzymda galanlara gynanýan.

—Dünýe sensiz hem aýlanyp dur, gynanma yzyňda galanlara, olar sen bolmasaň hem bir alajyny taparlar.

Ol hiç zat gürlemedi, diňe ýerde ýatan jesede täzeden seretdi. Ýaňy aýdyşym ýaly Adam ruhlaryny köp görüpdim men, ýöne bul ruh, olaryň hiç birine meňzänokdy. Meň görenlerimiň bary şadyýanady, bagytlydy, hamala zyndandan boşan tussaglar ýalydy. Bu ruh bolsa örän gamgyn.

—Meň bir aladam bar, —diýdi ol.

—Näme aladaň bar?

—Bilemok, eýýäm ýadymdan çykdy, ýöne men birniň aladasyny edýän, ol mensiz ýalňyz galar.

Oň ýatlamary bir ýerik ýitrim bolup barýardy, edil döwülen küýzeden süýdüň dökülşi ýaly. Maňa bu zatlaryň bary köpden bäri tanyş, ölümden soň birinji ýitýän zat, adam ýatlamalary. Jesedi eýýäm alyp gitdiler. Oň eýesi bolsa meň şahalarymda galdy.

—Meň bir çagam bolmaly, ýöne ady ýadyma düşenok, —diýdi ol. Gyzmy oglanmy, ulymy
kiçimi hiç zat ýadymda ýok.

—Az wagyt geçer, sen özüň kimdigiňem ýadyňdan çykararsyň. Seň ýatlamalaň Zemin üçin. Asmana diňe arassa ruhyň gider. Aňyňy eýýäm ýeriň aşagyndan gelenler alyp gitdiler. Şoň üçin sen pikirlenip bileňok we wagty duýaňok, —diýdim men.

Men öz ömrüme köp zat gördüm, sebäbi Çynarlaň ömrü uzak. Adam ölümünden soň iki güýjiň tarapdarlary gelip, hersi öz goşandyny alyp gidýärler. Aňyny ýeriň aşagyndan gelenler, ruhyny asmandan gelenler. Adam ýatlamalary bolsa şol ýeriň ýüzünde aýlanyp ýör, hiç kime gerek däl ýaly. Adam ýatlamalary öräp howuply zat. Ol dünýede ýatlamalara ýer ýok. Gaýgy hasratdan we öýke kineden doly ýatlamalar bilen Jennede düşen adam, öz janyna rahat tapanok. Heniz diri wagty eden ýalňyşlaryny düzedesi gelýär, kä halatlarda bolsa entek diri adamlaradan ar alasy gelýär, haklaşasy gelýär. Şoň üçin ýatlamalara Jennetde ýer ýok. Dogrysy olara Dowzahda-da ýer ýok. Diňe Zemin, ýatlamalaryň baky mekany.
Şahalamdaky otyran ruha, az salym mundan öň bolsa diri adama, kömek edesim geldi. Oň ýatlamalaryny özüme alasym geldi. Ol näme üçin beýle gaýgyly? Ine maňa gyzykly sorag. Eger ýatlamalaryny alsam men ony bilerin. Ýöne ol erbet işler eden bolsa näme? Erbet zatlar barada ýatlamalar maňa gerek däl. Göräýmäne erbet adama meňzänogam welin. Ýöne barybir men oň ýatlamalaryny aldym we öz ýapraklaryma siňdirdim. Indi men duýýan oň başdan geçiren bar zatlaryny duýýan. Enesiniň içinde, birinji gezek ýüregi urup başlan wagtyndan bäri, iň soňky gezek gözüni ýuman wagtyna çenli bar ýatlamalaryny aldym. Men indi bilýän ol näme üçin beýle gamgyn. Oň yzynda çagasy galdy. Kijijek 7 ýaşly gyzjagaz galdy. Ol şoň aladasyny edýär.

—Sen arkaýyn bol, —diýdim men ol ruha. Gyzjagazyňa özüm serederin. Sen zeminden razy bol, bolmasaň seni hiç kim alyp gitmez.

Ol eýýäm hiç zada düşünenokdy. Ol entegem gamgyn, gamgynlygyň sebäbini özi hem bilenok, bilmek üçin oňa ýatlamalar gerek, ýatlamalar bolsa eýýäm meň ýapraklarymda.

—Yrza bol Zeminden, —diýdim men oňa hoşlaşygyň ýerine. Diňe şeýtseň sen ýoluňy dowam edip bilersiň. Bolmasa sen oturarsyň meň şahalarymda Ahyr-zamana çenli, ýöne ol wagyta çenli meň şahalammam galmaz, menem. Bilýäňmi men seň gyzyň aladysyny özüm ederin. Seň ýatlamalaryňy bir oglana bererin. Ol oglan seň gyzyňy edil seň söýşiň ýaly söýer. Elbetde ol oglan düşünmez hiç zada. Sen barada-da hiç zat bilmez, ýöne söýer seň gyzyňy soňky demine çenli, näme üçin söýenini özem bilmez. Ynanaňokmy? Saýla şu ýerden geçýän oglanlaryň haýsysyny isleseň. Isleseň ikisini saýla, a isleseň üçisini. Isleseň şu seýilgähden geçen oglanlaň bary seň gyzyňy söýer ýaly edeýin. Meň üçin bu işler aňsat. Meň ýapragymy ýel äkider we bir oglana deger. Kime degse seň gyzyňy aşyk bolar.

Ol eýýäm meni diňlänokdy. Ol eýýäm bu ýerlerden daşda. Ony eýýäm Asmana çekip başladylar. Ol Zeminden razy bolan bolmaly. Ýene az salymdan oň özi meň ýatlamalaryma öwrüler. Ol ýuwaş ýuwaşdan ýuwkaldy, ine oň aňarsyndan asman görünýär, ine ýene az salym ol kölegeden çala tapawutly. iňede ol doly gözden ýitdi, diňe hoşlaşygyň şanyna asmandan uçyp barýan birje ýalňyz buluda öz ýylgyrýan keşbini birdi. Ol bulydy oň gyzjagazy gören bolsa gowy bolardy, ýöne menden başga ol bulydy gören ýok. Ol buldy hem az salymdan şemal pozdy.
Oň Ýatlamalary maňa galdy. Indi boýun alan işimi ýerne ýetirmeli. Eýsem nädip oglan saýlamaly? Men adam tanamoga, meň üçin olaryň bary deň. Şemal adamlary gowy tanaýa, eger şemala haýyşt etsem näme? Howa, hiç hili şübhesiz şemala haýyşt etmeli. Şemal turynça garaşmaly we ondan haýyşt etmeli. Ýöne şemal öz erkli garagol, islän wagty gelýär, islän wagty gidýär.

Wagyt geçdi, güýz pasly geldi, meň ýapraklam dökülip başlady, ýapraklar bilen bilelikde alyp galan ýatlamalarym. Şemala tomusdan bäri kän garaşdym, ýöne ol gelmedi. Beren sözümde durmaryn öýdüp kän gorkdym. Çynarlar aňsat söz berenoklar, eger men ýaly lyk edip beräýseler hem, hökman sözlerinde tapylýarlar. Ýapraklam azalanda ahyrsoňy şemal günbatardan geldi. Ol meni üns bilen diňledi. Adamlar bilen indi iş çalşma diýip maňa berk käýedi, bolsada meň haýyşdymy ýerne ýetirmäge razy boldy. Soň Şemal gitdi çar tarapa, eýläk ylgady, beýläk ylgady we iňsoňunda eli "batbörekli" gaýdyp geldi.

—Al şuni, —diýdi şemal. Häzir eýezi geler. Kijijek oglandyr. Ýöne şahalaňa müner, belkide käbirini döwer.

Men aldym ol "batbäregi" we şahalarymyň görünýän ýerinden asyp goýdym. Az salymdan Şemalyň aýdyşy ýaly bir oglanjyk bir ýerlerden ylgap geldi. Aşakdan kän seretdi öz batböregine, soň bolsa meň üstüme dyrmyşyp başlady. Men bir bada ol dyrmyşmaz öýdüp gorkdym. Eger ol gitmekçi bolan bolsa, batböregini özim gaýdyp bererdim, ýöne ol dyrmyşdy. Eýýäm öz batböregine ýetip barýardy. Men bolsa bar güýjim bilen, ol her gezek meň ýapraklaryma degende, ýatlamalaryň baryny oň ruhyna siňdirýärdim. Iň soňky damjasyna çenli ýatlamalaryň bary indi oglanjygyň ruhynda, men beren sözümde durdym, ýatlamalar indi meň ýükim däl.

Oglanjyk eli batbörekli ýere bökdi. Ol bilýänem däldir nämäň bolup geçenini, nirden bilsin? Ol entek köp wagytlap düşünmez. Ýöne ýüreginiň töründe boşluk dörär, we şol boşlygy diňe şol gyz dolduryp biler. Şol gyza duşynça oglan aýlanar ýörer, gör näçe başga gyzlary bet-bagyt eder. Ol meň şahalamdan öz oýnawajyny aldy, şonuň bilen bilelikde özüne dert aldy. Ýöne men wakaň yzyny bilemok. Ýöne bir zady anyk bilýän, ol oglan ol gyza hökman duşar, gözläp tapar we ony söýer, amanat ýatlamalar ol gyza elter. Ýöne gyz ol oglany söýermi söýmez, bu eýýäm maňa belli däl.

Soňy
3 лайков 99 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
23 июн 2022, 06:35
Gyzykly eken...