Telbe

TELBE

Dälihananyň bagynda bir ýetginjege gabat geldim: bu görmegeý ýigit ähli zada haýran galyjy nazar bilen seredýärdi.
Men onuň gapdalynda çökdüm-de:
- Nädip bu ýerlere düşdüň? - diýip soradym.
Ol geň galyp maňa bakdy-da:
- Aslynda beýle sowal berilmese ýagşy, şonda-da saňa jogap bereýin: Kakam meniň özi ýaly bolmagymy isleýärdi, agamam şeýle pikirdedi. Ejem meni edil öz kakasy ýaly etjek boldy. Uýam bolsa yzyny üzmän deňizçi ýanýoldaşyny öwüp, meniň ondan görelde almalydygymy aňyma guýýardy. Agam bolsa edil özi ýaly güýçli pälwan bolmalydygymy tekrarlaýardy.
Mugallymlarymam edil dilleşen ýaly, saz mugallymymdyr mantykçymyz hem meniň hut özleri ýaly bolmagymy isleýärdiler. Şol sebäplem bu ýere geldim. Göwnüme bolmasa, bu ýerde parasat köp. Iň bolmanda, bu ýerde özüm bolub-a bilýän.
Birdenem maňa tarap döndi-de:
- Seni bu jelegaýlara näme getirdi, belki, nesihatdyr ýagşy maslahatlardan doýup gelensiň? - diýip sorady.
Men garaşymadyk soraga aljyrap:
- Ýok-la, ýöne aýlanmana geldim - diýip jogap berdim.
- Hä, onda senem diwar aňyrsyndaky dälihananyň ýaşaýjylarynyň biri diýsene! - diýip dymdy.
8 лайков 230 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
23 авг 2022, 16:34
Durmuş sag adamdan däli ýasaýa diýipdi bir däli tanşym.
noname
23 авг 2022, 18:21
Telbe bn name baglanşygy barka muñ?
Bir bar bir ýok
23 авг 2022, 22:21
Awtory kimkä?
Hiayress
Автор 24 авг 2022, 08:14
Bir bar bir ýok,
Jebran Halil Jebran (liwanly ýazyjy)
Belki
24 авг 2022, 08:48
Danger,Telbe däli diýmek.Şonuñ ýaly baglanyşygy bar :))
Aýsere
24 авг 2022, 13:22
Belki
Danger,Telbe däli diýmek.Şonuñ ýaly baglanyşygy bar :))

Doglan günli mowzugyña girip bilmedim. Uzak ýaşa, görjegiñ elmydama gowulyk bolsun!
Belki
24 авг 2022, 14:10
M 11 Sag bol
Mergen
24 авг 2022, 19:47
danger,
Telbe diýip nämä düşündiň sen?