Habib: Türkmenistana baryp, göresim gelýär

UFC-niň ozalky çempiony, russiýaly pälwan Habib Nurmagomedow kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň Türkmenistan baradaky ýatlamalary hakynda gürrüň berdi.

Ol metbugat wekilleri bilen geçirilen duşuşykda habarçylaryň biriniň Habibden kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň Türkmenistany ikinji watany hasaplaýandygy, şol ýerde harby gullukda bolandygy baradaky ýatlamalaryny ýatlap, kakasyny Türkmenistan bilen nämeleriň baglanyşdyrýandygy barada sowal berdi.

Habib hem bu sowal uly höwes bilen jogap berdi.

– Kakam hem sport bilen meşgullanypdyr. Ol Dagystanyň çempiony boldy. Soňra 18 ýaşynda ony Türkmenistanyň Serdar etrabyna (ozalky Gyzylarbat) harby gulluga iberýärler. Kakamy şol ýerde general Gromow rotanyň starşinasy edip belläpdir. Kakam her gün özüniň garamagyndaky 150 adam bilen türgenleşikler geçipdir.

Kakam Türkmenistandaky ýakymly ýatlamalary barada maňa köp gyzykly gürrüňler berdi. Türkmenistanyň yssy howasyny, şeýle yssy howada milli egin-eşikdäki ýaşulularyň gyzgyn çaý içýändigini aýdyp berdi. Galyberse-de, kakam gyzgyn çaý içmegi Türkmenistanda öwrenipdir.

Kakamyň başga-da Türkmenistan barada gyzykly ýatlamalary bar. Onuň gulluk eden harby bölümi entegem hereket edýär. Kakam şol ýerlere täzeden baryp görmegi arzuw edipdi.

Meniň özüm hem Türkmenistana baryp, göresim gelýär – diýip, Habib gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, Habib Nurmagomedowyň kakasy Abdulmanap Nurmagomedow 2020-nji ýylda aradan çykypdy.
5 лайков 198 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Daýanç
28 авг 2021, 13:39
Gelip gitdi uklap yorupsin sen
#динара.
Автор 28 авг 2021, 13:49
VarTolu,
naçesinde goylan maglumat seret
https://www.atavatan-turkmenistan.com/habib-turkmenistana-baryp-goresim-gelyar/