Setirlerden bir täç ördüm eneme

SETIRLERDEN BIR TÄÇ ÖRDÜM ENEME

1.

Ak arçañ düýbünde sallançak gurduñ,
Hyýallar, gussalar köñlüñe üýşdi...
...Käte daña çenli oýlandym durdum,
Gün düşdi daglara, kalba dag düşdi.

Kimi daýza diýer, kimisi ýeññe,
"Körpeje uýam" diýr hatda kimisem.
Men bolsa iñ gowy aýdamda ene,
"Wah ene" diýýärin, birden büdresem.

Şeýle bir şekiliñ galdy añymda,
Bir gözüñ orakda, biri balañda.

2.

Bir gözüñ orakda, biri balañda,
Garaşýanyñ bir kiçijik gülüşdi.
Agyr ýyllar geçip gitdi alnyñdan,
Dertleriñ ulusy, ah, saña düşdi.

Her giden gözýaşyñ atdy horjunna,
Ýat illerde enesinden bir nyşan...
Gözýaşyñ siñdirip gyñaçujuna,
Menem ýola saldyñ, galdyñ perişan.

Dünýä kelebini aýladyñ durduñ,
Işlediñ, armadyñ, bir ojak gurduñ.

3.

Işlediñ, armadyñ, bir ojak gurduñ,
Häzir bolsa ýalñyzsyñyz o ýerde.
Garran janlar, ýesirleri umydyñ,
"Baýrama bir gelsediler arada..."

Ýat illerde sensiz geçdi baýramlam,
Niçe Gurban baýram, niçe Remezan.
Senden bir pursadam, bilýäñ, aýrylman,
Gelersiñ gözlerim ýumdugym zaman.

Bendäge mätäç däl, Rabbyñ borjunda,
Dertli enem, dünýäligiñ horjunda.

4.

Dertli enem, dünýäligiñ horjunda,
Darydan nanyñ hem gysgajyk igiñ.
Zeýrenip ýörmersiñ, şaýadyñ men-de,
Minnetin çekmersiñ, gidip kişiniñ.

Arkañda ýük, biliñde ýük, gyrmyllap,
Ýol alardyñ Aýdereden Ýaýlaga.
Salam berer, guşlar tanap, gül tanap,
Jorañ deý bakarsyñ ýyldyza, Aýa.

Çabytlar soldurup, erikler döken,
Günler däne-däne döküldi gökden.

5.

Günler däne-däne döküldi gökden,
Ekinleñ gülledi, tikenlerem bar...
Güzeran galtagyn itekläp her dem,
Ajyly, süýjüli günler aýlanýar.

Harman ýerleriniñ guşlary ördi,
Uçdy gitdi bir möwsümi ömüriñ.
Her möwsümiñ öz hezili, öz derdi,
Hem şatlykda, hem gussada ýüregiñ.

Biliñ berk guşalan, eliñde orak,
Başyñda sowurdy harmanyn pelek.

6.

Başyñda sowurdy harmanyn pelek,
Üýşüren çäjiñi sil aldy gitdi.
Il gözünden gizläp, bolup janserek,
Öpdügiñ gülleri ýel aldy gitdi.

Balalaryñ gitdi durdy, yz-yza,
Kalba batan buzlar gar bilen erär.
Ene bolmak bagly ogula-gyza,
Pür-pudaklar synar, ýerden gül dörär.

Bu bir dünýe, döner, ýolunar köken,
Ýyllar - garasarlar, ömürden ürken.

7.

Ýyllar - garasarlar, ömürden ürken,
Uçansoñlar añsat-añsat gonmazlar.
Badam agaçlary ir güllär eken,
Arman, urar ony, gije aýazlar.

Enelerem şeýle bäbeklerine,
Ýyllaryna deger, bir pursat bagt -
Goýup bolmaz muny wagty gelerne,
Bir ýylgyr, ýylgyrşyñ bar zatdan gymmat.

Meñ enemem şeýle ene, päk niýet,
Ýyllaryñ yzlary ýüzünde, elbet.

8.

Ýyllaryñ yzlary ýüzünde, elbet,
Her çyzyk bir gussa, her gasyn bir gam.
Derdi az çekmediñ, az galdy, sabyr et,
Bu günden ertirler ajapdyr, enem.

Bu gün düýnden ajap, erte bu günden,
Emma, wagtdyr bu, dönmez yzyna.
Pursatlañ gymmady artýar gün-günden,
Güýç bolup insediñ enäñ dyzyna.

Obada eneler, ne derde düşdi?!
Ene-ogul ýalñyzlygy bölüşdi.

9

Ene-ogul ýalñyzlygy bölüşdi,
Enä köpi düşdi, bu derdiñ ýene -
Kimi abraý üçin ülkeler aşdy,
Kimi abraý bilen duwlandy ýerem

Guşlar göçer-geçer üstünden güýzüñ,
Agyr dumany bar, daglañ goýazy.
Ene jan, ýat ilde gijeler uzyn...
Dogaña ýylynar, kalbym guzaýy.

Gidemde köñlüme bir "Sag bol" düşdi,
Her kim ýola düşdi, maña ýol düşdi.

10.

Her kim ýola düşdi, maña ýol düşdi,
Gör, niçe dert çeker ýat ile giden.
Ömür guýusyna niçe ýyl düşdi,
Çal başyñ sallandy mundan demme-dem.

Dagyñ güllerinden täç örer gyzlar,
Tiz solsa-da bu täç, gözeldir ýene...
Kalpda dertler ýandy, söndi ýyldyzlar,
Setirlerden bir täç ördüm eneme.

Bu dünýe bir oýun, sen bilip durduñ,
Ak arçañ düýbünde sallançak gurduñ.

JEMLEÝJI KELAM

Ak arçañ düýbünde sallançak gurduñ,
Bir gözüñ orakda, biri balañda.
Işlediñ, armadyñ, bir ojak gurduñ,
Dertli enem, dünýäligiñ horjunda.

Günler däne-däne döküldi gökden,
Başyñda sowurdy harmanyn pelek.
Ýyllar - garasarlar, ömürden ürken,
Ýyllaryñ yzlary ýüzünde, elbet.

Ene-ogul ýalñyzlygy bölüşdi,
Her kim ýola düşdi, maña ýol düşdi.

Hudaýy JAN.
1 лайков 144 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.