Rubagylar/Omar Haýýam
RUBAGYLAR
Jahan syryn yzlan bu ters oýunda
Byrag müner, arşa galar küýünde.
Özüniň kimdigin aňşyran çagy,
Boýnun burup, galar ahmyr öýünde.
* * *
Arman, düşdük bikär, bir biweç ýola,
Pelek saldy bizi oýnatgy hala.
Göz açypýumynçak geçdi ömrümiz,
Terk etdik dünýäni, ýetmän wysala.
* * *
Gowgaly bu älem gadym diýardyr,
Gündizi röwşendir, gije gubardyr.
Synlandyr ol kesbin ýüzläp Jemşidiň,
Ýene ýüzläp Bährem ýadynda bardyr.
* * *
Peşmege dönderse takdyryň bu gün,
Togarlanybergin, etmegin göwün.
Seni şeýle hala salan bilýändir,
Kän gowy bilýändir durmuşyň towun.
* * *
Dünýäniň özeni, joşy — özümiz,
Paýhas atly mähek daşy — özümiz.
Meňzetsek ýüzüge älemiň ýüzün,
Şol ýüzügiň göwher gaşy — özümiz.
* * *
Danalar bilsek diýp dünýäniň syryn,
Yzlady ýodasyn asmanyň, ýeriň.
Soňam ýolýodany ýitirip olar,
Awy boldy tümlük diýlen ýeseriň.
* * *
Bihabar men. Bilmen baryň ýa ýoguň,
Zerurmydyr saňa günäm, sogabym?
Günäm ýetik. Şondada men tamakin
Rehmetiňden seniň, eý, Biribarym!
* * *
Damar, süňk, et, gandan bolupsyň berjaý.
Gezibergin, bardyr ýaratgan Hudaý.
Rüstem Zal bolsada, burma boýnuňy,
Gep çekme, dostuňam bolsa Hatam Taý.
* * *
Dostluk — döwlet, tämizligiň gözbaşy,
Çyn dostuň aýagna goýýaryn başy.
Gam tygyn atsada, dost atsyn, geçir,
Her ki zadyň dostdan geleni ýagşy.
* * *
Säher çagy bir guş gördüm düýşümde,
Keýkowsuň kellesi onuň gaşynda.
«Toba, toba! — diýdi guş bakyp oňa —
Gör, niçik gowga bar adam başynda».
* * *
Halym pes. Kalbymda Ezraýyl otyr,
Ölenler ozdurdy — parahat ýatyr.
Toba gelýän. Ýene gazanýan günä,
Düzelmezmikäm diýp, edýän howatyr.
* * *
Ägä bol, panynyň agysy bardyr,
Okýaýy, hanjary — barysy bardyr.
Seň agzyňa halwa salsa takdyryň,
Zynhar, ýuwdaýmagyn, awusy bardyr.
* * *
Derwüş geçen ýoldan ýörmeseň, bolmaz,
Ýüzüň ýaşa ýuwup durmasaň, bolmaz.
Baş çykarjak bolsaň ýeser söwdadan,
Serden geçip, kän ah urmasaň, bolmaz.
* * *
Sypma ýok dünýäniň hilealyndan,
Ömrüm boýy nadyl boldum halymdan.
Näçe öwrensemde ynsan takdyryn,
Asgyn geldim dünýe diýlen zalymdan.
Omar HAÝÝAM
Terjime eden: Annaly BERDIÝEW
Jahan syryn yzlan bu ters oýunda
Byrag müner, arşa galar küýünde.
Özüniň kimdigin aňşyran çagy,
Boýnun burup, galar ahmyr öýünde.
* * *
Arman, düşdük bikär, bir biweç ýola,
Pelek saldy bizi oýnatgy hala.
Göz açypýumynçak geçdi ömrümiz,
Terk etdik dünýäni, ýetmän wysala.
* * *
Gowgaly bu älem gadym diýardyr,
Gündizi röwşendir, gije gubardyr.
Synlandyr ol kesbin ýüzläp Jemşidiň,
Ýene ýüzläp Bährem ýadynda bardyr.
* * *
Peşmege dönderse takdyryň bu gün,
Togarlanybergin, etmegin göwün.
Seni şeýle hala salan bilýändir,
Kän gowy bilýändir durmuşyň towun.
* * *
Dünýäniň özeni, joşy — özümiz,
Paýhas atly mähek daşy — özümiz.
Meňzetsek ýüzüge älemiň ýüzün,
Şol ýüzügiň göwher gaşy — özümiz.
* * *
Danalar bilsek diýp dünýäniň syryn,
Yzlady ýodasyn asmanyň, ýeriň.
Soňam ýolýodany ýitirip olar,
Awy boldy tümlük diýlen ýeseriň.
* * *
Bihabar men. Bilmen baryň ýa ýoguň,
Zerurmydyr saňa günäm, sogabym?
Günäm ýetik. Şondada men tamakin
Rehmetiňden seniň, eý, Biribarym!
* * *
Damar, süňk, et, gandan bolupsyň berjaý.
Gezibergin, bardyr ýaratgan Hudaý.
Rüstem Zal bolsada, burma boýnuňy,
Gep çekme, dostuňam bolsa Hatam Taý.
* * *
Dostluk — döwlet, tämizligiň gözbaşy,
Çyn dostuň aýagna goýýaryn başy.
Gam tygyn atsada, dost atsyn, geçir,
Her ki zadyň dostdan geleni ýagşy.
* * *
Säher çagy bir guş gördüm düýşümde,
Keýkowsuň kellesi onuň gaşynda.
«Toba, toba! — diýdi guş bakyp oňa —
Gör, niçik gowga bar adam başynda».
* * *
Halym pes. Kalbymda Ezraýyl otyr,
Ölenler ozdurdy — parahat ýatyr.
Toba gelýän. Ýene gazanýan günä,
Düzelmezmikäm diýp, edýän howatyr.
* * *
Ägä bol, panynyň agysy bardyr,
Okýaýy, hanjary — barysy bardyr.
Seň agzyňa halwa salsa takdyryň,
Zynhar, ýuwdaýmagyn, awusy bardyr.
* * *
Derwüş geçen ýoldan ýörmeseň, bolmaz,
Ýüzüň ýaşa ýuwup durmasaň, bolmaz.
Baş çykarjak bolsaň ýeser söwdadan,
Serden geçip, kän ah urmasaň, bolmaz.
* * *
Sypma ýok dünýäniň hilealyndan,
Ömrüm boýy nadyl boldum halymdan.
Näçe öwrensemde ynsan takdyryn,
Asgyn geldim dünýe diýlen zalymdan.
Omar HAÝÝAM
Terjime eden: Annaly BERDIÝEW
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.