Duşuşyk...

Duşuşmak arzuwna bisabyrdyk biz,
Göreçler göreje bakmanka heniz
Emma ne döw çaldy.
Bilmedik asla...
Aýralyk söýgümiz görüpdi eziz

Aýralykdan öňki ajaýyp günler
Ýatylmanka ýatlap çykylar daňa
Suratdan, kalbyňdan alnan keşbiňi
Ýüzläp sapar düýşler görkezer maňa

Nesibede bolsa duşuşarysam...
Ýollar saňa duşyr.
Duşyr ol, hökman!
Iýäýjek bolsa-da göreçlerimiz,
Görmedik bolarys, gözlere bakman

Belki, soň ýene-de duşuşarys biz
Bakaryn öýmeli başyňa ýarym
Öňler otagymda açylmaly gül,
Bezär şonda, özge ýeriň güldanyn...

Hakyda hoşlaşyk gününde galar,
Gulakda ýaňlanar aýralyk sözi
Ýüzläp düýş, onlap ýol, bir şäher,
emma...
Ykbal bir ýassykda duşurmaz bizi


Ylham GURBANALYÝEW
2 лайков 99 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
09 июл 2022, 08:30
Gramatikadan nos-nol welin dyngy belgiler gerekläý okamaga