ÝAŞ ŞAHYRLARYŇ DÖREDIJILIGINDEN - 4
Geljegine umyt bildirilýän ýaş şahyr MEKAN HÜMMEDOW 2000-nji ýylyň 22-nji iýulynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Egrigüzer obasynda doguldy. 2018-nji ýylda etrabyň 25-nji orta mekdebini tamamlady. 2018-2020-nji ýyllarda Watan öňündäki gulluk borjuny ýerne ýetirdi. Gulluk ýyllarynda harby bölümiň adyndan birnäçe medeni-dynç alyş çärelerini gurnady we çykyş edip öňdäki orunlary eýelemegi başardy.
Mekan Hümmedow çeper döredijilik bilen mekdep okuwçysy döwründe gyzyklanyp başlaýar. Ol halypa-şägirtlik döredijilik mekdebine işjeň gatnaşýar.
ÝÜREK ÝARASY
Ýaraly ýüregmiň ötýär ýarasy,
Yşk ajysam goýar ýerde goýmady.
Çagalykdan bäri göwün berenim
Özgä gitdi, söýşüm ýaly söýmedi.
“Nesibedir, durmuş uzak” diýerdi,
A men bolsa umyt bilen garaşdym.
Geljegime böwet bolmasyn diýip,
Tümlük basan geçmiş bilen ýaraşdym.
Ýol ugrunda gabat geldi arada,
Beden doňup galdy, ýüregim lagşap.
Salam berip, baş atdy-da çalaja,
Geçip gitdi, akja bäbegin ogşap.
Unudaryn öýtdüm harlanan yşkym,
Ýok, ýok, unutmadym, bilemok undup.
Ters gelen täleýim, ýüzüme çalan
Söýgi şarpygyňy dadyrma gaýdyp.
AŞYK ÝIGIDIŇ OÝLANMASY
Durun aýna garap, saçymy darap,
Birdenem, seň keşbiň göründi göze.
Bu bolýan zatlara ynanyp bilmän,
Esli wagtdan soň girişdim söze.
Salam berdim, “Salam” diýdiň baş atyp,
Göreçleriň gara ýerden aýyrman,
Dostlarma gygyrdym uly ses bilen:
“Haýyş edýän, düýşüm bolsa oýarmaň!”
Birdenem tisginip, galsam ýerimden,
Güneş batan eken, iňrik garalyp.
Seň bilen şol söhbet edip durşuma
Maňlaý saçym tas dynypdy daralyp.
ÝALŇYZ GOÝMA
Çagyr meni, ýa bolmasa, özüň gel,
Garaşaýyn öz-özüme erk edip.
Az pursatlyk gelip-gitseňem razy,
Müdimilik gitmäweri terk edip.
Göwnüme deg, islegiňçe şarpyk çal,
Çekerin men, çykarmaryn sesimi.
Tüm otagda gapyl galmaga razy,
Käte eşitdirseň bolýar sesiňi.
Bilseň, sensiz karar tapyp bilemok,
Sensizlige çäre ýog-a elimde.
Men saňa şeýle bir imrigipdirin,
Gursagym boş, ýüregim seň eliňde.
GEL, YLHAMYM!
Depderimi ýyrtdym, döwdüm galamym,
Hiç erkim ýetenok sämän kelläme.
Ýüregmiň sesinem bilemok eşdip,
Ýa geläýdimmikäm soňky pelläme.
Ýok, beýle bir bolmawersin, ylhamym
Döwülmesin aýna jama öwrülip.
Ýaşamaga umyt berýän setirlem
Gitmäwersin gursagymdan sowrulyp.
Gel, ylhamym, ýok, çekinme, gizlenme,
Sensiz oňmajagym bileňokmy sen?!
Bir jenan ýerine özüňi goýup,
Öýlenipsiň diýip geleňokmy sen?!
SENI SÖÝÜP BILMERIN
Ýok, men indi seni söýüp bilmerin,
Söýmek ezýet berer, söýmesem gowy.
Öňem-ä az ýanmadym yşk oduna,
Ýel ugruna köräp köýmesem gowy.
Peýdasy ýok indi ýalbarmagyňam,
Ölen gaýdyp gelýär diýip eştmändim.
Özüň aýtdyň: “Meň üçin öldüň” diýip,
“Razy bol!” diýen sözümi eştmänsiň.
Zyýany ýok, gaýtalaýan ýene-de,
Hijem kyn göremok, däl-ä men gyzma.
Rahatlyk ber, arkaýyn bir ýataýyn,
Öz gömen gabryňy dörjeläp gazma!
GIZLIN SYRYM
Aralyk uzagam-a däl,
Mähriňi küýsärim ýaly.
Bilemok, näme sebäpden,
Seň ugruňda boldum däli.
Gel, biraz golaýlaşsana,
Teşne göreçlerim gansyn.
Saňa maýyl bolan göwnüm
Müdimilik sende galsyn.
Bagryma basasym gelýär,
Ýöne maý berenok haýam.
Mähriňi küýsänem bolsam,
Özüňe etmerin aýan.
GYZ TÄLEÝI
Ykbalymyň çatak düşen ýolunda
Ýykylamda söýeg boldy dyzlarym.
Eje, bu gün gyzym boldy, ýöne ol
Basmawersin çapraz aýak yzlarym.
Eden etmişlerim kakýar aýnamy,
Tebigaty synlan wagtym içerden
Toba geldim, boýun boldum täleýe,
Giç hem bolsa men-menlikden geçerden.
Ähli zady sygdyrybam bilmedim
Birin-birin aglap ýazlan setirme.
Ahyry öläýsem sekizinji gün,
Diýmäý, eje: “Öýüme ýas getirmäň”
GÖWÜN BÖLEN GEÇMIŞIM
Ine güýz, saralan ýapraklar tänýär,
Soňsuz aýralykda özümi gördüm.
Üç ýyl mundan ozal sada gursagma
Yşkyň taşlap giden közüni gördüm.
Köşeşmekçi bolup elendim ençe,
Dostum, syrdaşym ýok isläre haraý.
Ah... çem gelen zady taşlaýar ýaly,
Däl-ä bu gursagym könelen saraý.
Sada bol diýdiler, menem eýerdim
Berilen terbiýä, ündelen öwde.
Pursady ulanyp, ýara sepilen
Duzlar aýrylanok, eränok suwda.
Ýogsa, menem köp oklapdym özümi
Umytlarmyň döredenje kölüne.
Her gezek ýadyma düşse geçmişim,
Göwnüm bedenimden gidýär bölüne.
Bu gün ýene öz göwnümi dagladym,
Gam-gussa bogulan güýzümi gördüm.
Üç ýyl mundan ozal sada gursagma
Yşkyň taşlap giden közüni gördim.
SENI ÝATLAP
Mahal-mahal seni ýatlap,
Gözüm bir nokada dikýän.
Ýyrtan ýüregiňi sepläp,
Seretsene, özüm tikýän.
Ind-ä halys öwrüldimem
Ökdeden ökde tikinçä.
Bekleme meň öwrümlerim,
Garaşyp kalbym tikinçäm.
Kynam bolsa sowaşaly,
Ýollarymyz bölünsin-le.
Diýme maňa: “Gowuşaly”,
Umytlarym bölensiň-le.
Seni kowsamam dünýämden,
Ýoklugyňda gussa çekýän.
Mahal-mahal seni ýatlap,
Gözüm bir nokada dikýän.
Mekan Hümmedow çeper döredijilik bilen mekdep okuwçysy döwründe gyzyklanyp başlaýar. Ol halypa-şägirtlik döredijilik mekdebine işjeň gatnaşýar.
ÝÜREK ÝARASY
Ýaraly ýüregmiň ötýär ýarasy,
Yşk ajysam goýar ýerde goýmady.
Çagalykdan bäri göwün berenim
Özgä gitdi, söýşüm ýaly söýmedi.
“Nesibedir, durmuş uzak” diýerdi,
A men bolsa umyt bilen garaşdym.
Geljegime böwet bolmasyn diýip,
Tümlük basan geçmiş bilen ýaraşdym.
Ýol ugrunda gabat geldi arada,
Beden doňup galdy, ýüregim lagşap.
Salam berip, baş atdy-da çalaja,
Geçip gitdi, akja bäbegin ogşap.
Unudaryn öýtdüm harlanan yşkym,
Ýok, ýok, unutmadym, bilemok undup.
Ters gelen täleýim, ýüzüme çalan
Söýgi şarpygyňy dadyrma gaýdyp.
AŞYK ÝIGIDIŇ OÝLANMASY
Durun aýna garap, saçymy darap,
Birdenem, seň keşbiň göründi göze.
Bu bolýan zatlara ynanyp bilmän,
Esli wagtdan soň girişdim söze.
Salam berdim, “Salam” diýdiň baş atyp,
Göreçleriň gara ýerden aýyrman,
Dostlarma gygyrdym uly ses bilen:
“Haýyş edýän, düýşüm bolsa oýarmaň!”
Birdenem tisginip, galsam ýerimden,
Güneş batan eken, iňrik garalyp.
Seň bilen şol söhbet edip durşuma
Maňlaý saçym tas dynypdy daralyp.
ÝALŇYZ GOÝMA
Çagyr meni, ýa bolmasa, özüň gel,
Garaşaýyn öz-özüme erk edip.
Az pursatlyk gelip-gitseňem razy,
Müdimilik gitmäweri terk edip.
Göwnüme deg, islegiňçe şarpyk çal,
Çekerin men, çykarmaryn sesimi.
Tüm otagda gapyl galmaga razy,
Käte eşitdirseň bolýar sesiňi.
Bilseň, sensiz karar tapyp bilemok,
Sensizlige çäre ýog-a elimde.
Men saňa şeýle bir imrigipdirin,
Gursagym boş, ýüregim seň eliňde.
GEL, YLHAMYM!
Depderimi ýyrtdym, döwdüm galamym,
Hiç erkim ýetenok sämän kelläme.
Ýüregmiň sesinem bilemok eşdip,
Ýa geläýdimmikäm soňky pelläme.
Ýok, beýle bir bolmawersin, ylhamym
Döwülmesin aýna jama öwrülip.
Ýaşamaga umyt berýän setirlem
Gitmäwersin gursagymdan sowrulyp.
Gel, ylhamym, ýok, çekinme, gizlenme,
Sensiz oňmajagym bileňokmy sen?!
Bir jenan ýerine özüňi goýup,
Öýlenipsiň diýip geleňokmy sen?!
SENI SÖÝÜP BILMERIN
Ýok, men indi seni söýüp bilmerin,
Söýmek ezýet berer, söýmesem gowy.
Öňem-ä az ýanmadym yşk oduna,
Ýel ugruna köräp köýmesem gowy.
Peýdasy ýok indi ýalbarmagyňam,
Ölen gaýdyp gelýär diýip eştmändim.
Özüň aýtdyň: “Meň üçin öldüň” diýip,
“Razy bol!” diýen sözümi eştmänsiň.
Zyýany ýok, gaýtalaýan ýene-de,
Hijem kyn göremok, däl-ä men gyzma.
Rahatlyk ber, arkaýyn bir ýataýyn,
Öz gömen gabryňy dörjeläp gazma!
GIZLIN SYRYM
Aralyk uzagam-a däl,
Mähriňi küýsärim ýaly.
Bilemok, näme sebäpden,
Seň ugruňda boldum däli.
Gel, biraz golaýlaşsana,
Teşne göreçlerim gansyn.
Saňa maýyl bolan göwnüm
Müdimilik sende galsyn.
Bagryma basasym gelýär,
Ýöne maý berenok haýam.
Mähriňi küýsänem bolsam,
Özüňe etmerin aýan.
GYZ TÄLEÝI
Ykbalymyň çatak düşen ýolunda
Ýykylamda söýeg boldy dyzlarym.
Eje, bu gün gyzym boldy, ýöne ol
Basmawersin çapraz aýak yzlarym.
Eden etmişlerim kakýar aýnamy,
Tebigaty synlan wagtym içerden
Toba geldim, boýun boldum täleýe,
Giç hem bolsa men-menlikden geçerden.
Ähli zady sygdyrybam bilmedim
Birin-birin aglap ýazlan setirme.
Ahyry öläýsem sekizinji gün,
Diýmäý, eje: “Öýüme ýas getirmäň”
GÖWÜN BÖLEN GEÇMIŞIM
Ine güýz, saralan ýapraklar tänýär,
Soňsuz aýralykda özümi gördüm.
Üç ýyl mundan ozal sada gursagma
Yşkyň taşlap giden közüni gördüm.
Köşeşmekçi bolup elendim ençe,
Dostum, syrdaşym ýok isläre haraý.
Ah... çem gelen zady taşlaýar ýaly,
Däl-ä bu gursagym könelen saraý.
Sada bol diýdiler, menem eýerdim
Berilen terbiýä, ündelen öwde.
Pursady ulanyp, ýara sepilen
Duzlar aýrylanok, eränok suwda.
Ýogsa, menem köp oklapdym özümi
Umytlarmyň döredenje kölüne.
Her gezek ýadyma düşse geçmişim,
Göwnüm bedenimden gidýär bölüne.
Bu gün ýene öz göwnümi dagladym,
Gam-gussa bogulan güýzümi gördüm.
Üç ýyl mundan ozal sada gursagma
Yşkyň taşlap giden közüni gördim.
SENI ÝATLAP
Mahal-mahal seni ýatlap,
Gözüm bir nokada dikýän.
Ýyrtan ýüregiňi sepläp,
Seretsene, özüm tikýän.
Ind-ä halys öwrüldimem
Ökdeden ökde tikinçä.
Bekleme meň öwrümlerim,
Garaşyp kalbym tikinçäm.
Kynam bolsa sowaşaly,
Ýollarymyz bölünsin-le.
Diýme maňa: “Gowuşaly”,
Umytlarym bölensiň-le.
Seni kowsamam dünýämden,
Ýoklugyňda gussa çekýän.
Mahal-mahal seni ýatlap,
Gözüm bir nokada dikýän.
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.