"BIWEPA SAÝDYLAR WEPADARYMY..."


“BIWEPA SAÝDYLAR WEPADARYMY...”

Eý, dertli doganym!
Eý, gamly dostum!
Seň ähli derdiňi sen bolup çekdim.
Gursagyma ýerleşmedik duýgymy
Ajy syýa bilen kagyza dökdüm.

Syryny paýlaşdy eziz syrdaşym,
Biwepaň derdinden ýüregi dagly.
Ýene-de men özüm däl-de, sen boldum,
Hamana men il derdine adagly.

Ýadyňdamy, joram, haýyş edeniň
Galam bilen paýlaşmagy syryňy?!
Şonda saňa ýazan şygrymy okap,
Biwepa saýdylar wepadarymy.
Derdini ýeňleden eý eziz joram,
Sen bir meň şygryma düşün ahyry!

GYZYLGÜL ANNAGYLYJOWA
8 лайков 191 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Apples
28 июн 2022, 22:41
Gowy yazylypdyr
Ötegçi
28 июн 2022, 23:17
Bizem düşindik :)
Гость
28 июн 2022, 23:28
Gowy eken?
OrazMuhammet Aşyrow
29 июн 2022, 02:00
Dertli dilden, dertli ýürege gelen dertlije goşgy. Minnetdar awtor gelneje!
Milana
29 июн 2022, 11:09
Dert cekmeli bir etmesin, Uyam. Sag bol,ajayyp gosgularyn ucin!