Aşyk oýnaýan gelin(HEKAÝA)
Asmandaky dolan Aý dünýäni ýagtyldyp dursa-da, on-onki ýaşly Aşyrgeldi golaý-goltumda gymyldy görmedi. Onuň elindäki düwünçege zordan güýji ýetýärdi. Mawy gözler ýaltaklap, oglany ogurlyga barýamyka diýdirýär. Ogurlyk nirden, Aşyrgeldi indi iki aý bäri düşeginden galyp bilmän ýatan ejesiniň eşiklerini Berkeliň ýabynda ýuwmaga alyp barýar. Aýal adamyň etmeli işini erkek oglan halyna edýänini hiç kim görmese-de Ýere giräýsem diýýär. Häzir-ä gijäň ýary, aýbam bolsa, gülüşselerem, ejesi gutulsa bolýa, Aşyrgeldi oň kirini gündiziň günortanam ýuwar. Onda-da oglan görülmänini kem görenok. Pylanyň ogly çylkasyzyny atsa, öljekmi? Aşyrgeldiň gaşlary ýazylyp gitdi “Aý olaň dokuzsynyňam paçagyny pytradýan.”
Aşyrgeldileň gapysynda horja alaşalary bar. Ony doýurmagam oglanyň boýnunda. “Atan otuňy ýuwudyp ýatan” alaşany aňsatmy doýuraýma. Onsoň Aşyrgeldi şol “pylanylar” diýýäniniň ýorunjaly pellerinden, ýarygije gidip, atyna borlyk ýygýardy. Ýorunja-da obaň günortasyndaky köne harabaň, Arman gala diýilýän ýeriň düýbünde. Olar garaňky düşensoň Arman galaň golaýyna baryp bilýämi, Aşyrgeldiň çakgyň çüýi ýaly mawy gözlerinde welin, gorky-ürki ýok. Gije it-guş ýatansoň, oragyny alýa-da, alaşanam münüp barýa Armangala. Atyny otlagrak ýerde örkläge-de girýä ýorunjaly peliň gyrasyndan. “Deňlänem bolupdyrlar. Menem deňläp ýygarynda, bir ýerini oýulyp alynan ýaly etmen-ä.” Bir günem, süýrgünortan ýaňky ýorunja eýesiniň uly ogly, Aşyrgeldiden has daýaw biri geldi.
- Eý, sen indi biziň ýorunjamyza girmäňi goýjakmy ýa?
- Ýorunjaňyzda näme işim bar? Nä girenimi gördüňmi?
Oňa çenli Aşyrgeldiň dulugyna şarpyk degdi. Gözünden ot çykan oglan, beýleräkde ýatan tommaýly taýaga elini ýetirdi. Aýlap salanam ýaňkyň çür depesi. “Elbet, beýigräkde durandyryn-da, depesinden gan çüwdürliberdi. Gan görenindenem jany çykdy. Waýkyryp ylgady öýlerine. Salym geçmänem dokuz dogan tirkeşip geldiler. Baýyň ogullary zaňňarlar. Düýt-müýt edäýjekler. Näme-de bolsa gaçyp gitjek ýeriň ýok, elimde hälki taýak, haşlap duryn. Oňa çenli gaýradan Öwezgeldi pahyryň sesi geläýdi. Bolýan zatlary görüp duran eken-dä. “Köpläp barmarsyňyz, ýeke-ýekeden haýsyň gaýratly bolsaň bar” diýip gygyrdy. Öwezgeldiler biziň bilen gaty öňden goňşy oturardylar. Indi dokuz doganyň birem gelip bilenok. Onsoň Öwezgeldi aga jübüsinden pul çykardy-da depesi ýarylana uzatdy. “Bar kelläňi tebibe daňdyr”. Puly alyp, sögünşen bolup, ýok bolaýdylar.”
Aşyrgeldi soň-soňlaram muny hezil edip gürrüň bererdi. Häzirem näçe keýpsizem bolsa, ýüzi ýagtyldy. “Güljegem şolar dälmi?” diýip, kirli eşikleri Berkeliň ýabynyň buz ýaly suwuna dökdi. Derrewem çyrpyşdyryp bir gyra üşürdi-de, ýeke-ýeke sabynlap ýuwmaga oturdy. Kir ýuwmany gelnejesiniň ýanynda ondan-mundan gürrüň eden bolup, synlap öwrenipdi. Gijäň howasy çigregrägem bolsa, Aşyrgeldi gowy derledi. Aýaklary sowuk suwdan üşedimi, birdenem gaty sesi bilen asgyryp goýberdi. Şol wagtam edil depesinde diýen ýaly gygyran baýguşyň çakyr sesine tas “Waý, eje” diýip gygyrypdy. Ol gürsüldäp urýan ýüregi agzyndan çykaýjak bolýa. Hernä kirini ýuwup bolupdy. Olary hasyr-husur düwünçege ýygnan oglan, öýlerine tarap haýdap gaýtdy. Aşyrgeldi gapylaryna gelensoň, ýuwan eşiklerini täzeden silkişdirip, sykyp, serişdirdi. Ahyry boldum edip, uludan dem alyp, içerik girenden ony ejesi çagyrdy.
- How eje. Men, men.
- Näme ýataňokmy?
- Ýatjak. Ukym tutmady-da daşaryk çykaýdym.
- Hany, gel, ýanjagazymda otur. Elleňem buz ýaly. Suwa girdiňmi?
- Ýok-laý eje. Men ýataýyn, ýadadym-laý.
Oguljemal hyklap zordan gapdalyna agdaryldy.
- Oglum men seni öýerjek. Ertir Meret daýyňlara gudaçylyga gitjek.
Oglan serpmeden gaýdan ýaly boldy, soňаm düşekden turubilmeýän ejesiniň göwün ýüwürtmesine ýüregi gyýyldy.
- Senem ýatan ýeriňden...
Ýeke oglunyň uly adam ýaly gürlemesine belet bolansoň, bende çala ýylgyrdy.
- Bor, oglum bar ýat. Men ýöne saňa aýdaýaýyn diýdim.
“Seň öýleneniňi görmän ölübilmeýän” bu sözleri welin, hassa görgüli diline almady.
“Alla kerim!” diýilýändir, şo boldy. Oguljemal gününi sanap gowlanyberdi. Edil ertesi bolmasa-da bir hepde, on gün soň ysgynsyz egri aýaklaryny süýräp, doganlarynyň, doganoglanlarynyň öýüne gelinlik soramaga gitdi. Ilki açan gapysam Meretler. Onuň ogly bilen ýaşytja, uludan kiçeldilen ýaljak gyzyna, Oguljemal öňräkden höwes ederdi.
- A gyz, Hurmagül entek kiç-ä. Ogluňam ýaş...
- Bilýän Tuwak, olaň ýaşyny bilýän...
- Goýaweri, il-gün näme diýer...
- Il-gün diýmesene. Il nä bilýä meň halymy?!
Tuwak näme diýjegini bilmedi. Meredem beýleräkde ýer dyrmap, içini hümledip otyr. Oguljemal gözüne ýaş aýlamady. Tarsa turdy-da çykyp gidiberdi. Tuwak oňa “Oturmaly ekeniň-dä” diýibem ýetişmedi. Aslynda, oň diýesem gelip baranokdy.
Meretlerden çykyp, başga bir doganlarynyň gapysyndan barasy gelmedik Oguljemal görgüli, göni öýüüne tutdurdy. Käriz bilen Köşüň arasy gaty daşam bolmasa, hassa görgüli üçin giden menzildi. Ýöne onuň üçin öýden köçe kän hossardy. Aglap içiňi boşadýançaň köçe seni gizleýär, adama görünmese bolýar. Emma bu gezek onuň göni üstüne Ulugberidi baý geldi. Ol pele ýaplanyp çugutdyryp, ýüzüni tutup oturan Oguljemal keseliniň ejirinden çökendir öýtdi. Emma Oguljemalyň gözünden dökülýän ýaşy görüp, baý hasam elini ýitirdi. Hernä Oguljemal ýaşmagyň aşagyndan dillendi, ýagdaýyny adamsynyň dogan oglan agasyna gürrüň berdi, aglady, içini boşatdy.
- Hmm... Atyň syrtynda oturmaga halyň barmy? Gel, mün hany. Sen öýüüňde otur, Meret sopy seni garybyrak görendir. Özümem bir baraýyn. Berýämi şol, tüňçe ýaly gyzyny ýa berenokmmy...
Ulugberdi gapysynda mäleýän-molaýan bir jandary bar bolsa baryny öňüüne saldyrdy. Golaýrakdaky sürüsindenem ýene on-onki sany işşek getirtdi. Köşekli düýemi, bir bugurçynam tirkedi-de, baryberdi Meret sopyň öýüne. Köşi ilaty ýene haýran, köçä çykyp, tozan turuzyp barýan mallary goýun-geçi görmedik ýaly synlaýar. Ulugberdä-de geregi şol, “Meret sopular bilen garyndaşlyk açmakçy” diýip töweregine jar edýär. Şol iki arada bir ýeňil oglana-da “Bar, Meret sopa aýt. Ulugberdi baý, mallaryny sürüp gelýä diý. Agyl-zat dikişdirsin bulara” diýip ylgatdy. Meret bolýan zatlardan şeýle-de habarlydy. Ulugberdi baý diýilýän iki obada sanaýmaly baýlaň biri, oň sözi ýerde ýatjakmy?! Haly düşek düşeldi, çaý gaýnadyldy. Nabadam tapyldy, saçagam atyldy, gowurdagam goýuldy. “Edýäniň näme?” diýip bilýän ýok. Ulugberdi baýam hamala owal mesele çözülip goýlan ýaly “Toýuň sähedinem uzaklaşdyrmaň. Haýyr işi jäht tut diýlendir” diýdi-de, çaýdan keýpini kökläp turup gaýtdy. Bir aýa ýetirmänem toýuň sähedini berdiler. Soň-soňlar Hurmagül ogullaryna “Gelin bolup gelemde, kürtäm ýere degip durardy. Kakaňyz bilen üçem aşyk oýnaýardyk” diýip gülüşdirerdi.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.