Men
“Men”
Bu gün üýtgeşik gün. Töwerek-daş, ähli zatlar, olaryň manylary diýip-aýdar ýaly däl.
Munuň sebäbini aýtmak üçin, men çeper sözüň ussady däl. Birem men, gereginden artyk peýzaž we janly-jansyz, umuman, ähli zatlary suratlandyrmany halamok, suratlandyrsalar hem halamok. Şoň üçin gysgaça. Hälki, köp kişiň arzuw edýän bir peýzažy bolmaly (men-ä kän bir halap baramokdym ony) – adam aýagyny sekmedik bir owadan, ir-iýmişli ada (meň halaýanym tokaýlyklar, Täze Zelandiýaň baýyrlyklary we ş.m.). Şu gün men şol ada gitdim. Has dogrusy, meň aňym gitdi. Ol ada hem hiç neneň ýer däl eken. Hatda, şaglawuk hem bar eken. Men oňa golaý baryp, elimi ýetirip bildim.
(Edil şu ýerinde ýalňyş düşündiňiz, men şizofrenik däl. Size hoş habarym, men biraz wagtlyk tussaglykdan erkinlige çykdym. Soň yzyma. Bolany.)
Iş hem gülýaly ýöräp dur. Menem edil täze doglan çaga ýaly (ýöne olaram özüni beýle ýeňil duýýandyr öýdemok. Sebäbi, bu ýeri gelmek üçin, beýle-de bir begenerlikli ýer dälmikä diýýän). Munuň sebäbi geçen günleriň birinde şeýleräk “waka” boldy:
4-5 ýaşlaryndaky bir çagajygy gördüm. Ol maňa kimdir birini ýatladýar. Maňa şeýlebir naýynjar seredýär welin, meň gözlerimiň owasy doldy we duran ýerimde doňup galdym...
...Ýok, men aglamadym. Bize aglamak bolanok. Gözýaş diýen söz ýöne ýere gelip çykan, biziň biologiki gurluşymyzda beýle zat ýok. Ol diňe adamlarda bar ahyry. Biz bolsa, adam däl. Bize gözden damja damdyrmak bolanok. Ýeri gelende aýdylsa, biz duýgusyzlykda aýyplanýas. “Aýyplaýjylar” üçin gereginden artyk duýguçyl bolmaly we hiç hili damjasyz.
Asyl-a, damja adamlaryň hemmesinde hem bar. Bar zadyňyzy näme üçin inkär edýäňiz?
– Neme-dä, dost jan. Bii...
– Bolýa, düşündim. Siz güýçli adamlar. Şoň üçin. Ol ýaňky çagany gören wagtym gözüm doldy diýenim bilen, ondan hiç zat gaýtmady. Özüm bilen bile ol hem doň, arkaýyn bol. Şoň üçin meni ejizlikde aýyplap bilmersiň. Aýyplap geç. Dogrusy, maňa seň pikiriň barybir. Bolýa, häzirlikçe umumadamzat barada pelsepe otarmamy besedeýin. Ýaňkyň yzy...
Çaga hiç zat geplemese-de, men bir zatlar eşitdim. Nädip, bilemok. Ol çaganyň maňa sözsüz, gözleri bilen aýdan zatlary şeýleräk:
“Birje gezek, meniň başymy syparmyň? Senden haýyş edýän. Biraz wagtlyk maňa ýakymly bir zatlary edip bilmezmiň? Bu ýerde meni hemme kişi urýar, dil bilen, el bilen. Men olara maňa düşüniň diýip ýalbaramok ahyry. Iň bolmanda, näme üçin meni günüme goýup bilenoklarka. Olar meň bilen bäsleşer ýa urşar ýaly, men olardan kiçijik ahyry. Näme üçin ýekejesi hem başyma ellerini ýumşagrak goýanoklar ýa olaryň elleri şeýle gatymyka? Belki sypalaýandyrlar, men bilýän däldirin. Meni gereginden artyk jögilikde aýyplaýarlar. Hemmesem ullakan adamlar. Olaryň akyllary hem meňkiden ullakan ahyry. Beýle bolsa, näme üçin olar meň “jögiligimiň” sebäbini bilenoklarka. Akyl we beden taýdan özlerinden 6-7 esse kiçini nädip üýşüp günäkärläp bilýälerkä. Şol günäkärlemäge sarp edýän energiýalaryny azajyk düşünmäge sarp etmek mümkin däl bolmaly. Bolmasa olar akylly-başly uly adamlar ahyry.
Sen meni gördüň. Ine. Ömrüňde birinji gezek we diňe sen maňa düşünip bilersiň. Sebäbi, eger şu duýgularym arkaly aýdyp duran zatlarym saňa barýan bolsa, düşnükli bolsa, onda, hökman meniň “jögiligim” hem düşnükli bolaýmaly. Şu wagta çenli men damak ýyrtyp gygyryp geldim, emma ýüzlerine bakyp aňňyryp dursamam, olar meni eşitmedi, hatda, senem meni eşitmediň, görmek barada-ha gürrüň ýok. Niçikmi, eşitdirjek, eşitdirjek bolan wagtym hem, sen gulaklaryňy ýapyp, allaowarra menden gaçdyň. Men edil şol wagt bilýäňmi senden nähili öýkeledim, ýöne uzak däl. Sebäbi seň ol hereketleriň ählisine özüň günäkär däldiň. Hiç kimem günäkär däl. Şonuň üçinem, tä meni görýänçäň, beýlekiler bilen birlikde seniňem ýüzüňe gygyryp gezdim, emma hiçiňiz meni görmediňiz. Men ol ýerde ýokdum. Hemmeler üçin.
Dertleriň köpüsiniň dermany bar. Iň esasy zat oňa dogry diagnoz goýmagy başarmaly. Meniň “jögilik” keselime dogry diagnozy diňe sen goýup bilersiň. Sebäbi sen meniň ähli synama we duýgularyma, olaryň sebäplerine belet. Diýmek, diagnozdan soňky dermanym hem keselden saplanmagym seniň eliňde. Haýyş edýän, meniň “keselimi” bejeräýdä. Birje gezek, meniň başymy sen bir sypaý ahyry.”
Soňra çaga gaýyp boldy, ýöne nirededir bir ýerlerden onuň nalasy gelip dur, gelip dur. Aklymdan azaşandyryn öýdüp gorkdum. Emma bu mümkin däl.
Ertesi irden, aýnaň öňüne baranymda, depämden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Aýnaň öňünde sowgat berlen, kiçiräk çarçuwalyja meň suratym bardy. Çagalygymyň suraty. Düýnki gelen çaga mendim. Eý Hudaý, ol men ahyry.
Anna DARAKDIŞ
kitapçy

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.