Degismeler...
Geliň biraz gülşeliň. Size çaga gürrüňlerinden degişmeleri hödürleýärin.
Mugallym tebigaty öwreniş dersinde okuwçylardan sapak soraýar:
-Serdarow, hany sen aýt: şemal diýmek näme?
Serdarow şeýle jogap berýär:
-Ol howlugyp barýan howa bolaýmasa, mugallym.
******
Matematika dersinden öý-işine taýýarlanýan Kerimjikden kakasy:
-Şu wagt sag jübiňden 5 manat, çep jübiňden 20 manat çyksa, jemi näçe manadyň bolar?-diýip soraýar.
-Wiý, kaka, onda men başga biriniň eşigini geýen bolaýmaýyn...
******
Körpeje Selbijik näme üçin henizem turmandygynyň sebäbini ejesine düşündirýär:
-Eje, meniň gözlerim oýansa-da, aýaklarym entek ukuda...
******
Ädigini geýip daşary çykmakçy bolýan garagolja Serdarjyga ejesi ýüzlenýär:
-Oglum, daşary guraksy, suw, palçyk ýok ahyryn.
Serdarjyk:
-Men olary hökman taparyn, eje...
******
Batyrjyk kakasyna:
-Kaka, näme üçin şetdalyň içine şänik salypdyrlar? Salmaly däl ekenler-dä...
-Näme üçin, köşek?
-Öňi soňy oň maňzy iýileno-ga.
******
Atasy garagolja agtyjagyna diýenini etdirjek bolup:
-Köşek, goýnumyz diýenimizi etmänsoň, ony möjek iýäýipdir.
Merdanjyk:
-Ol diýen eden bolsa, özümiz iýerdik, hä ata?!

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.