Söýenleriň kagyz pula tapylmaz!

Çaga bolup dünýä inen mahalyň,
Dakylan at,ýöne ýere dakylmaz.
Dünýede,her zadyň sebäbi bardyr,
Wezipäň bolmasa, gapyň kakylmaz.

Hökümdar bolsa-da beýikler,begler,
Ölümiň öňünde boýny egiler.
Duşman ýoluň ýapjak bolsa-da näler,
Allah saňa açan ýoly ýapylmaz.

Kösenen ýeriňde doganyň gelse,
Dost diýen ynsanyň dogan dek bilse.
Maşgalaň arkaňda dik duran bolsa,
Kynçylykdan arkaň ýere ýykylmaz.

Agzy birdir duşmanlary ýykanlaň,
Az däl aýralykdan ömrün ýakanlar,
Wagt barka gadryny bil ýakynlaň,
Soň söýenleň kagyz pula tapylmaz.

Kuwwat Ýazmuhammedow-861346989
0 лайков 211 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
03 июл 2022, 17:11
Soň söýenleň kagyz pula tapylmaz

Diýmek, teňňä tapdyrjak eken)
Ötegçi
03 июл 2022, 18:33
Kerim Hallymyka oytdum. Dwoynigi bolup çykdy :D
Aksary
03 июл 2022, 20:21
Ol ýerdäki belgi nämekä ? :)
Ötegçi,
yio Kerim Hallaa dal :D
Aksary,
Kuwwadyn nomeri hihi