Goşgy_!

Şu günler üýtgeşik duýga sepleşdim,
Düýn düýşümde ýylan bilen gepleşdim.

Diýdim "Zäher neçüýn saňa berildi,
Çakan zadyň sagat geçmän serildi.

Aýaksyzam bolsaň batly ýörediň,
Adamzada gorky bolup dörediň.

Bize berlen bolsa köp bordy derman,
Sagdyn borduk,beýle kösenip ýörmän.

Ýylan seretdi-de "pikir et..." diýdi
"Hemem sen bir zada şükür et" diýdi.

Diýdi "Zäher berlen bolsa adama,
Garaşmak gerek däl asla ýardama.

Dünýäni adamsyz soldurardyňyz,
Bir-biriňi çakyp öldürerdiňiz..."
3 лайков 136 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
03 июл 2022, 19:04
gowy gosgy
Rigel,
awtoryny bilemok imodan alpdym)
nurmuhammet,
minnetdar!
Mahremcynar
03 июл 2022, 22:18
Gowy ?
Milaýa
09 июл 2022, 21:03
KerimHally awtory