Diýdi: “Habar ýok sizden”

Diýdi: “Habar ýok sizden”


Diýdim: “Pelek, sowal bar”. Diýdi: “Adalat bizden”.
Diýdim: “Dünýä giň olar”. Diýdi: “Habar ýok bizden”.
Diýdim: “Ol ne don erer?”. Diýdi: “Köpendir biýzden”
Diýdim: “Tende ýaram bar”. Diýdi: “Gizläp gez gözden”
Diýdim: “Yşka diwana”.
Diýdi: “Ýüz tut permana”.
Diýdim ki: “Ne permandyr?”. Diýdi: “Geldi Tebrizden”.

Diýdim: “Ne çarh aýlanýar?” Diýdi: “Dünýä ýelidir”.
Diýdim: “Adam ne gülmez?” Diýdi: “Janly ölüdir”.
Diýdim: “Ol ne egrelmez?” Diýdi: “Yslam ýoludyr”
Diýdim: “Aldym permany”.
Diýdi: “Ýüz tut Kurana”.
Diýdim: “Ol ne gapysyz?” Diýdi: “Şeýtan pälidir”

Diýdim: “Ol ne şäherdir?” Diýdi ki: “Ýalan jahan”
Diýdim: “Kimler şa erur?” Diýdi: “Gury jeset, jan”
Diýdim: “Ol kim aglaýyr?” Diýdi: “Ulug Süleýman”
Diýdim: “Hak ne isteýir?” Diýdi: “Bagda gül-reýhan”
Diýdim: “Bagban aglaýyr”
Diýdi: “Bagryn daglaýyr”
Diýdim ki: “Alaç eýle!” Diýdi: “Lukman ezizden”.

Diýdim: “Bir gözel gördüm” Diýdi: “Mahy-tabyndyr”
Diýdim: “Kimse jan bermez?” Diýdi: “Bir hak amandyr”
Diýdim: “Kim sürer jahan” Diýdi: “Şa hökmi-rowan”
Diýdim: “Perzent öledir” Diýdi: “Haka rowadyr”
Diýdim: “Bizge ýetirgil”
Diýdi: “Hak diýp otyrgyl!”
Diýdim: “Kimde ýok uýat?” Diýdi: “Juwanda-gyzda”

Diýdim: “Pyragy ismim” Diýdi: “Pyrkat çeke sen”
Diýdim: “Gol-aýak ysmaz” Diýdi: “Daglar çyka sen”
Diýdim: “Namart ozadyr” Diýdi: “Mar, sen çyka sen”
Diýdim: “Gitdi agmalym” Diýdi: “Garryp çöke sen”
Diýdim: “Haka arzym bar”
Diýdi: “ Oldur saňa ýar”
Diýdim: “Gyşym geçedir” Diýdi: “Habar al güýzden”.

Magtymguly Pyragy
3 лайков 140 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Zyr_dalije_gyzjagazym
07 сен 2021, 17:41
Mogzuk achylanok oshipka dp dura sn nadip achdyn
Halima_Oraztaganova
07 сен 2021, 17:45
Like yetirip dur Magtymgulyñ manyly gosgularyny?
Zyr_dalije_gyzjagazym
07 сен 2021, 17:50
Oraztaganova_,
Blok doranoklay