Arzuw

Umytly günlere nazarmy salyp,
Seretmän maňlaýmyň şordur, pesine
Hyýal mellegimde arzuw ekerin,
Äwmän ykbalymyň "bolmaz" sesine

Ýöne arzuwlaram bolsa-da soňsuz,
Bolmaly olarňam öňi-ahyry.
Guş kimin arzuwlaň uçanda näme!?
Guşlaram birgüni ölýär ahyry...!

Meniňem arzuwym guş kimin uçar,
Duýdansyz günde-de berer amanat
"Armanymdy" diýe başym sallaryn,
Ol ne hakykatdyr, ne-de bir galat

Soňra ýas bolar...
...Bolar ol, aý-ýyllap.
Ykbal ýagdaýyma hyrçyny dişlär
Emma, bu kiçijik ynamly gursak
Ölse-de täzesin döreder gursak,
...Arzuwsyz ýaşamak gelişmez güýçlä!


Ylham GURBANALYÝEW
5 лайков 160 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
08 июл 2022, 18:01
"Hyýal mellegimde arzuw ekerin,
Äwmän ykbalymyň "bolmaz" sesine"

Haladym, gowy goşgy eken.
Aksary
08 июл 2022, 18:20
Şu awtoryñ"soñlandyrmasy bar" dìyen ýaly gowja goşgusy bolmalymy?
wordless
08 июл 2022, 18:31
Aksary, şu awtoryň ozi şu)
Aksary
08 июл 2022, 18:48
Onda şol goşgyny paýlaşsañyzlañ.kitapçy açyk wagty zametkama alyp ýetişmedim.
Venus
Автор 08 июл 2022, 18:59
Aksary,
Salam. Başgarak bolaýmasyn. Edil olar ýaly ýok.
Aksary
08 июл 2022, 20:21
Venus23,
Onda men awtory çalyşýandyryn.
Aksary
08 июл 2022, 20:21
Venus23,
Salam!
kesirkelle
05 фев 2023, 10:07
Guşlaram birgüni ölýär ahyry...! 

Şu setiri has haladym.