Köýen söýgi hakda şygry okap...

Galamdan çekilen gyzgyn perdäni
Syryp, göwne ýazdym setirdir bendi.
Bu niçiksi şygyr?
Aýtsana,şahyr.
Maña agyr geldi çekerden derdi.

Ýyllaryñ böwründen geçipdir parran,
Gülle deýin çümüp, galdyryp yzyn.
Bir gyzyñ ýüregne ýetmedik duýgyñ
Kalbyn paralady özge bir gyzyñ.

Ýer bagyrtlap galanyña gyýylma,
Howlukma,pursat ber dañyñ atarna.
Wysal alawyna çoýmadyk yşkyñ
Goşdy adyñ beýikleriñ hatarna.

Dünýäñde kök urup,ösüp,ulalyp,
Daragta dönüpdir müddet gelende.
Uç-gyraksyz şahasyndan aslyşyp,
Aklyñ onyñ bilen çykdy belende.

Ýazgarma ýar saýyp ýada ýazanyñ
Näwagt boldy yşgyñ ýoly bol-telki?!
Gözýaşyñ görmedik gedem dildara
Duşsañ minnetdarlyk aýdarsyñ belki.

Myradyna gowuşmadyk yhlasyñ
Talant kepderiñi göge ýetirýär.
Duýup ruhuñ şahyr eýlän elemiñ
Ornuñda däldigme begenýän çensiz,
Hemem kemsinýän.


Mahym Nurgeldiýewa
4 лайков 112 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
09 июл 2022, 12:37
Oňat goşgy, berekella! Biraz jemleme (göwnüme) ejizräk bolan ýaly bolup dur. Birhili goşgunyň her soňky bendi, soňky nokada ýakynlaşdyrmaly ýaly bolsa-da, siz birden kesip göýberýäňiz.
Öwreniji
10 июл 2022, 00:39
Gowy bolupdyr, berekella