BAŞLAN-A MEN...

Başlan-a men, gutaranam özüňdiň
Oň üçin bolmasyn gussadyr, kinäň
"Oskaryny" alanyňa bagtlymyň,
Süýji ýalanlardan düşürlen kinoň

Ol kino arzuwym hem-de durmuşym
Ýatlap ony her gün, oturlar görlip
Sen şugla saçarsyň göwherden beter,
Men poslan demir deý ýataryn gömlip

Dünýä baky bahar bolanda näme?
Gussa bolsa kalba garlar ýagarmyş
Belki bir gün deňleşerin dünýäme
Bahar güneş bolar, garlar ýagar gyş

Bugdaý ekilmänkä iýip çöregin,
Düýşde eken "bagtym" diýip eşdenim
Menem bir gün ykbalma gulak goýup,
"Sen ýalňyz däl" sözlerini eşderin

Ylham GURBANALYÝEW 2021
2 лайков 84 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.