Gyş goşgusy

Ýagty bolýar garly gije,
Ýeňen çagy ak garany.
Garlar päklik bu zemine,
Dünýä gar bolup garaly.

Özi sowuk, kalby ýyly
Dana hem dogumly gyşym.
Ýylgyryp gar ýagan ýyly,
Men täzeden dogulmyşam.

Günler kyrk tüýsli bolsa-da,
Däldir bu dünýä geň gylyk.
Seleň, senem sähralarym,
Misli unly ak kendirik.

Daglaň gary ýaldyraplar,
Baglara lak atar sowuk.
Doňsa-da, bu ýollar, ýaplar
Galmasyn ýürekler doňup.

Sowuk diýmäň bu garlara,
Aýazyň ýylysyn duýuň.
Ýyly:ň gadryn bilmek üçin,
Käte biraz üşäp duruň.

Galkynyp gar ýagan çagy,
Gaýgym ýalňyz, şatlyk goşa.
Möwjäp duýgyň ýanardagy,
Ýürek şygra sesin goşar.

...Bu günler töwerek-daşa
Aklyk, aýdyňlyk ýörelge.
Şirin şygyr bolup gyşda
Ýyljak gar ýagar ýüregme.

Nury SAKÇYÝEW
6 лайков 199 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Yuaupahmet25
25 дек 2022, 12:10
Gowy goshgy
Yuaupahmet25
25 дек 2022, 14:13
Gyzyhyp okadym
Belki
25 дек 2022, 14:24
Dogumly gyşym bilen dogulmyşam gowja, delje kapyýa bolupdyr.
Nury
Автор 25 дек 2022, 18:57
Yusupahmet25,
Belki,
Köp sag boluň!