Tapawudymyz...

Öziň aýralyga ymtylyp barýaň,
Bagtly günleň bardygyna ynanman
Deňje tutsak umyt bilen söýgini,
Ýupiterde ýaşajagma ynam bar

Gülýärsiň "Dünýäni gezeris diýsem"
Hem diýýärsiň: "Oňarmarsyň bir işem"
(Wah, ezizim, düşünsene, sen maňa
söýgüňi, ynamy kemeltmän dursaň,
Gujak açar bize, gözel Parižem)

Bile bolsak her aýazly gyşda-da,
Gülälekler güllär, çykar - ýaz düze
Bolmaz söýgümiziň hetdi-hasaby,
San-sajaksyz ýyldyzlaram az bize

Bir goşmak biriň üýtgedip hasylyn,
Nesip etse, goşarys iki, üç, täk
Her bir işe göreşeris çynlakaý,
Kynçylyklaň depesinden çekiçläp

Ýöne birden aýralyga el bersek,
Bil şuny!
Mydama gorkýaryn şundan
Bile umman bolarys, emma ýeke
Tapawudymyz ýok - akwariumdan...


Ylham GURBANALYÝEW
2 лайков 97 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.