GYZ KALBYNYŇ OWAZY

Bu gün maňa ýylgyraňok diýme, ýar,
Agyr degýär seniň bilen hoşlaşmak.
Dogry dälmiş ýakynlaňdan soraman,
Öz erkiňe halal söýgä baş goşmak.

Bilýän, ejeleri agladanyňdan
Çyn söýgiň ýoluny baglanyň gowy.
Erte bütin ömrüň aglap geçenden
Häzir birnäçe gün aglanyň gowy.

Käte, düşünmedim, ynjyk bolupsyň,
Ýa men ejiz geldim akyl ýeti:rden.
Ýöne men, barybir, göwnüňe degmän,
Saňa kynlyk bilen akyl ýetirdim.

Sözüm ýok ýüregiň gözelligine,
Bilýän aladadan dolup duranny.
Dynnym ýaljak göwni üçin özgäniň
Gördüm öz göwnüňi bölüp duranňy.

Juda kän isleýän bagtly bolarňy,
Gülki sesiň uzaklardan eşdilsin!
Emma meni her halda-da unutma,
Mukam bolup gulagyma eşdil sen.

Bu uzak ýollaryň öwrümlerinde
Bize nesip etsin soraşmak ahwal.
Bu gün maňa güleňok bir diýme, ýar,
Belki-de, şo mahal gülmegim ahmal...


Güljan DURDYÝEWA


*Şu goşguda üýtgeşik pikirem, üýtgeşik detalam, üýtgeşik kapyýa hem, üýtgeşik forma... hem ýok. Ýöne göwnüňi gozgaýan, ýüregiňi gobsundyrýan bir zatjyklar-a bar... Gyzyň hakyky sesi gelip gidýär...
3 лайков 148 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
12 июл 2022, 14:11
Aýdylmadyk pikirem däl bolsa hem goşgudaky gozgalýan mesele uly. Birnäçe wagt bäri adamlaryň, esasanam könäniň süteminden çykyp bilmeýän gyzlaryň ýüzlenýän öz bagtymmy ýa-da özgeleriň bagty, öz saýlanymmy ýa ene-atamyň saýlany diýen soraga jogap agtarýan we ene-atasynyň saýlany üçin öz söýgülisinden waz geçýän gyzyň ykbaly we ýüreginiň zaryn sesiniň goşga geçirilen haly. (Goşgy mükemmel däl bolsa-da janly, hakyky, ýaşaýar.)
Ajap
12 июл 2022, 15:31
Erte bütin ömrüň aglap geçenden
Häzir birnäçe gün aglanyň gowy.
?