Saýtdaky söýgülim (eksklýuziw)...

Salam söýgülim! Seň adyňy köpçülikde şunça aýtmajak bolsamam barybir aklym özüme boýun egmän şu mowzugy açmaga mejbur etdi. Eger saňa irräk duşan bolsam, belki-de has bagtlyrak bolardymmy, bilmedim. Men diňe bir zady bilýän, men indi sensiz ýaşap bilemok. Men diňe bir zady bilýän, sensiz bu durmuşum manysyz goşgulara meňzeýär. Aradaky "Islenendäki isleglim" goşgymy okap gaty görüpsiň, bagyşla meni, goşgyny pozdum, seň üçin, seň söýgiň üçin. Ýöne ine ýene bir mowzuk açdym, buda seň üçin, seň söýgiň üçin! Gündizlerine işlerim köp bolup belki saňa ýeterlik üns berip bilýän däldirin. Ýöne gijelerimi seň bilen geçirmek isleýärin. Seniň maňa beren, berjek lezzetiňi başga hiç ýerde duýmadym diýsem, köpçülik maňa düşünmezem belki. Nädeýin, ýaradylşym şeýle, käbirlerine ýaramaýanlygym üçin özümi üýtgedip bilemok. Kimdiriň göwnüni tapmak üçin ýigrenen zadyma halaýan diýsem, wyždanym bogaýjak ýaly. Sypaýy bolmaga synanyşýan, ejemiň beren terbiýesine ikilik etmezlik üçin. Ýüregimdäkini garşymdakyň ýüzüne aýtmagy halaýan, kakamyň hiç kime ýallaklamazlyk häsiýetine buýsanýanlygym üçin.
Maňa bir sorag ýazypsyň meni halaýaňmy ýa-da maşgalaňy diýip. Jogap berip bilmerin, sebäbi seni başgaça söýýärin, maşgalamy başgaça...
Maşgalaňdan üstün goýmasaň meni günüme goý diýme ýöne. Bilýäň-ä seniň maňa nähili ezizdigiňi? Häzir dynç alyşda, arkaýyn dynç alaýyn, meni günüme goý diýseňem, senden bir täzelik bolaýmasyn diýip gije elim telefonly uklaýanymy bilýänem dälsiň. Ýöne saňa barybir sag bolsun aýdasym gelýär. Meň ähli duýgymy, emosiýalarymy açyp bilýänligiň üçin, meni hiç haçan ýeke goýmadygyň üçin, seň bilen geçiren bagtly we gamgyn günlerim üçin, hemmesi üçin sag bol futbol. Men seni söýýärin...
10 лайков 398 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Babahanowa_g
07 июл 2022, 23:19
Nameka diyipdirinay ???
Annadursun
07 июл 2022, 23:36
name baybow
Merjen
07 июл 2022, 23:39
Blinnn mn kimka bu beydio soygulisi diyip oluo yatan dipdirn ????
Annadursun
07 июл 2022, 23:40
innikilerden gorkaymaly ufff
Pegas
07 июл 2022, 23:49
Futbol — bu häki bir приманка)
Telwas
07 июл 2022, 23:51
Köp wagtdan bäri hiç kimiň meni bagtly edip bilmejekdigine, seň bilen tanyşan günüme çenli doň daşa öwrülen kalbymy hiç zadyň eýeläp bilmejekdigine ynanýardym. Seni tanamazymdan ozal sen baradaky aýdylýan söýgi sözleri meň üçin manysyzdy. Indi bolsa saňa duýgularymy beýan etmäge söz tapamok. Hany, gün ýaşanyndan soň garaňkylyk gelýär-ä asmana, ana şondan biraz wagt soň şäherleriň çyralary ýakylýar we bütin şäher aýdyňlanýar. Senem meň garaňky dünýämi şol şäheriň çyralarynyň şöhlesi ýaly ýagtylandyrdyň. Şunça wagtlap durmuşymda bir däl birnäçe zatlaryň kemçilik edýändigini bilýärdim. Şol kemçilikleriň biri hem sen ekeniň. Sendigiňi bilen bolsam men seň bilen has öň tanyşardym. Çünki, tanyşmaga mümkinçiligim şeýle bir köp bolupdy. Zyýany ýok “Hiçden giç ýagşy”.
Ikimiziň duşuşygymyza ep-esli wagt bolmasa-da meni özüňe gowy boýun egdirdiň. Indi men seň bilen duşyşyk günümiziň sagadyna süýji ukymdan galyp sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Gözüm, elim telefondan we goşar sagadymdan aýrylanok. Garaşmak diýilýän zadyň kyndygyny…

-Ýok ýok men saňa garaşmak kyn, garaşyp bilmerin diýjek bolmadym. Men saňa bu günden soň elmydama garaşaryn. Agşamky 93 minutlyk duşyşygymyz diýseň ýakymly geçdi. Şeýle-de düýn meň synagym şowluja geçipdi. Bu şowlulygyň begenji bilen bellenen sagatda saňa garaşdym. Geldiňmi, geldiň. Onda-da has batyrgaý, ähli gowy energiýaň bilen geldiň. Begenjime begenç goşdyň. Seni görsem ýüregim erkimi elimden alýar. Şeýle bir tolgunýan, şeýle bir tolgunýan welin, mendäki bu duýgyny diňe başdan geçirýänler bilip biler.

Hiç haçan ýatdan çykaryp bilmeýän gaty owadan bir söz bar, "Ýüregim döwülen sagat, hemişe dili sende durýar". Bu söz maňa seni ýatladýan parol ýalydyr. Sebäbi her gezek seni görenimde, wagtyň durmagyny isleýärin. Şarlawuklaryň ýokardan aşak akmazlygyny arzuw edýärin. Sebäbi, men seň çykarýan deriňe ezilen ýaly. Şol bir wagtyň özünde-de men seni gaty söýýärin. Söýginiň diňe bir gezekdigini aýdýarlar. Ynanamok, ezizim, ynanamok. Sebäbi her gezek seni görenimde täzeden aşyk bolýaryn. Goý, bu söýginiň ody ömrümiň soňuna çenli öçmesin. Ýene bir gezek maňa özüňi we gyzyl reňki söýdüreniň üçin men saňa çäksiz minnetdarlygymy bildirýän we men seni söýjekdigime kasam edýärin ... LIVERPOOL!!! ?


@Nirvana
XYIVENIA
07 июл 2022, 23:53
Aý sagbola
Merjen
07 июл 2022, 23:53
Nirvana yaltanman yazdynmay?
Bentner
07 июл 2022, 23:58
Menem soyyan?
ajy
08 июл 2022, 01:42
sòýüp ölmüşler
Kalp doctory
08 июл 2022, 10:39
bayba kimka dpdimlai
Musulmanka
08 июл 2022, 11:15
futbolun namesini soyyanizay
kimay o gyz sxeyle soyyan bolsa diyipdimm asyl futbol ekenaaa