Seniň ýoklugyňda

Sen özgä ýar bolup giden çagyňda,
Bilbil sesin kesdi güllerem soldy.
Ykbal ýowuz darap ýigit başyma,
Sensiz soňsuz jebri jepany saldy.

Şol gün meniň üçin agyr gün boldy,
Sen gidip arzuwlaň jaýlanan güni.
Gara gözlerime ganly ýaş doldy,
Toýuň çakylygy paýlanan güni.

Dogry şeýdip elden giderdim seni,
Sen gitdiň ýumruldy meniň bagt köşgüm.
Ýokdy saňa söýgiň hiç çaky çeni,
Ýüwrük şemal sowrup gitdile yşgym.

Bagyşla söýgülim bagyşla meni,
Özüňden özgäni söýmänim üçin.
Seň ala gözlerňe seredip göni,
Men seni söýýärin diýmänim üçin.

Belki sen günäli duýmanyň üçin,
Saňa syrly bakan aşyk gözlerden.
Diňe seň göwnüňi awlamak üçin,
Aýdylanja baldan süýji sözlerden.

Ne peýda bar bu zatlary gizlärden,
Indi sen özgäňki arman däl meňki.
Ýüregimde seň galdyran yzlaňdan,
Sen hakda goşgymy okarsyň belki.

Bu ýürek başarmaz özgäni söýüp,
Aýypdyr aýtmasy göresim gelýär.
Meni şahyr oglan söýüpdi diýip,
Günleriň bir güni ýatlasaň bolýar.

Süleýman Tekäýew
2 лайков 110 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.